Wiktor Lihonosow

Lihonosow Wiktor Iwanowiç (1936—2021) — kyssaçy, publisist. RSFSR-iň Döwlet baýragynyň (1988), Rossiýanyň Uly edebiýat baýragynyň (2010), Bunin baýragynyň (2013) we ençeme beýleki baýraklaryň eýesi.
Kemerowo oblastynda dogulýar, Nowosibirskide önüp-ösýär. Kakasy frontda wepat bolýar. Krasnodaryň mugallymçylyk institutyny tamamlanyndan soň, oba mugallymy bolup işleýär. Lihonosowyň “Brýanskiýliler” atly ilkinji hekaýasy “Nowyý mir” žurnalynda 1963-nji ýylda çap edilýär.
Lirika-filosofik kyssanyň awtory hökmünde ykrar edildi: “Seni çyndan söýýärin”, “Tamandaky güýz”, “Elegiýa” we beýleki powestleri. Lihonosowyň rus kazaklaryň ykbaly ha­kynda ýazan “Ýazylmadyk ýatlamalar. Biziň kiçijek Parižimiz” (1986) atly uly göwrümli, köp planly romany oňa ýewropa şöhratyny getirdi. “Ahmyr” we “Ukynyň öňüsyra­syndaky ýazgylar” atly esseler ýygyndylary, “Gaýgy-gam” atly publisistik kitaby eýýäm üýtgedip gurmadan soň, waka öwrüldi.
Lihonosowyň kyssasy — Rossiýany we dünýäni şahyrana hem-de taryhy taýdan görmegiň ergini. Tankytçylar ony rus edebiýatynyň “soňky mukamçysy” diýip atlandyrypdyrlar. A. T. Twardowskiý: “Onuň kyssasy, edil Buninyňky ýaly, şöhle saçýar” diýipdir.