Taslama barada

Biziň portalymyz — häzirki zaman rus awtorlarynyň eserleriniň originaly we GDA halklarynyň dillerine terjimesi bilen tanyşmaga unikal mümkinçilik.

Soňky onýyllyklarda häzirki zaman rus awtorlarynyň eserleri Arkadaşlygyň ýurtlarynda örän seýrek we ulgamsyz terjime edilýärdi. GDA ýurtlarynyň on bir diline terjime edilen “Häzirki zaman rus edebiýaty” atly düýpli antologiýanyň iki tomunyň çapdan çykmagy (2023) geljege ädilen batly ädim boldy.

Biziň portalymyz GDA-nyň okyjylaryny täze rus edebiýaty bilen tanyşdyrmagy dowam edýär. Portalda neşir edilen onlarça eserler, goý doly bolmasa-da, häzirki zaman rus edebiýatynyň žanrlaryny, temalaryny we ideýalaryny ýeterlik derejede suratlandyrýar. Awtorlaryň sanawynyň üsti yzygiderli doldurylar.

Biz öz taslamamyz diňe bir çeper terjime mekdebiniň ösüşini goldamak we bu asylly işe täze zehinli edebiýatçylary çekmek bilen çäklenmän, eýsem medeniýetleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna hem goldaw berer diýip ynam edýäris.