Alekseý Warlamow
Warlamow Alekseý Nikolaýewiç (1963-nji ýylda doglan) — ýazyjy, edebiýatçy, publisist. “Uly kitap” (2007; 2022) baýragynyň, Aleksand Solženisyn (2006) baýragynyň we beýlekileriň eýesi.
Moskwada dogulýar. M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň uçurymy, ХХ asyr rus edebiýaty öwreniji. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň rektory, RF-iň Prezidentiniň ýanyndaky medeniýet we sungat boýunça Sowetiniň agzasy.
Çagalykdan ýazyp başlapdyr, ilknji gezek galyň žurnallarda hekaýalarynyň awtory hökmünde çap edilýär. Kiçi kyssanyň ilkinji ýygyndysy — “Ostežýedäki jaý”.
Warlamowyň “Molodaýa gwardiýa” neşirýatynyň “Ajaýyp adamlaryň durmuşy” atly seriýada M. M. Prişwin, A. S. Grin, G. Ý. Rasputin, M. A. Bulgakow, A. N. Tolstoý, A. P. Platonow, W. M. Şukşin, W. W. Rozanow baradaky kitaplary çapdan çykdy.
“Warlamowyň ähli eserlerinde onuň biraz “sypaýy köneçillik” astynda stilleşen (Leskow we Turgenewe seredeniňde, Şmelýowa we Zaýsewe ýakyn) ýumşak hekaýa stili, ýygra we açyk göwünli “kiçijik adama” duýgudaşlygy, irizmeýän, emma duýulýan simwolikasy (köplenç, dini) üýtgewsiz galýar...” (Andreý Nemzer).