Andreý Gelasimow
Gelasimow Andreý Walerýewiç (1966-njy ýyldan doglan) — ýazyjy, neşirýatçy, ssenariýaçy, pedagog. “Milli bestseller” (2009) baýragynyň, Apollon Grigorýew adyndaky baýragyň we beýlekileriň eýesi.<br>
Irkutskda dogulýar. 1987-nji ýylda Ýakutsk döwlet uniwersitetinde filologyň diplomyny alýar. Teatr sungatynyň döwlet institutynyň režissýorlyk fakultetinde okaýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty. A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynyň dosenti.<br>
Ilkinji söýgi hakyndaky “Doňza meňzeş Foks Malder” atly powesti bilen edebiýat älemine goşulýar. Demirgazyk Kawkazdaky söweş hereketleri baradaky “Teşnelik” powesti, “Aldaw ýyly” we “Rahil” atly romanlary ony häzirki zamanyň iň meşhur ýazyjylarynyň birine öwürdi. Onuň XIX asyryň ortalarynda “Şemallaryň bägüller” (Uzak Gündogary özleşdirmek barada) we “Arassa keýp” (rus repi barada) atly romanlary hem jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edildi. Beýik Watançylyk urşy baradaky “Sähra hudaýlary” atly romany üçin “Milli bestseller” baýragyny aldy.<br>
Tankytçylaryň pikiriçe, Gelasimowyň kyssasy “ssenariýlik”, şeýle-de çuň psihologizm, ussatlarça guralan gepleşikler we döwrüň ruhuna aýratyn üns berýändigi bilen tapawutlanýar.<br>