Ýuriý Mamleýew

Mamleýew Ýuriý Witalýewiç (1931—2015) — ýazyjy, filosof, dramaturg. RF-iň Hökümet baýragynyň (2012), Andreý Belyý adyndaky baýragyň (1991) we ençeme beýleki baýraklaryň eýesi.
Moskwa şäherinde dogulýar. Onuň kakasy belli psihiator, repressiýa edilýär. Moskwanyň tokaý-tehniki institutyny tamamlaýar. Agşamky mekdeplerde matematikadan sapak berýär. Mamleýewiň eserleri samizdatyň üsti bilen ýaýrapdyr. Mamleýew ýazyjy-konseptuallaryň öý gurnagynyň (“Ýužinskiý kružok”) merkezinde bolýar. 1974-nji ýylda emigrasiýa gidýär. ABŞ-da, soňra Fransiýada ýaşaýar. Onuň kitaplary Günbatarda ykrar edilýär. 1990-njy ýyllaryň başynda Rossiýa gaýdyp gelýär. Moskwanyň döwlet uniwersitetinde okadýar, jemgyýetçilik işi bilen meşgullanýar, köp neşir edilýär. Öz çeperçilik usulyny “metafiziki realizm” diýip atlandyrýar.
Onuň fantasmagorik, infernal kyssasynda aňyň iň bir garaňky, heläkçilikli taraplary beýan edilýar. “Enteýänler”, “Moskowa gambiti”, “Dünýä we gülki”, “Ruhuň imperiýasy” atly kitaplaryň, hekaýalar ýygyndylarynyň, filosofik işleriň awtorydyr. “Baky Rossiýa” atly kitabynda, özüniň aýdyşyna görä, rus ruhunyň “ikinji hakykaty döretmäge” mümkinçilik berýän çuňluklaryny öwrenýär.