Ilýa Boýaşow
Boýaşow Ilýa Wladimirowiç (1961-nji ýylda doglan) — ýazyjy, taryhçy, terjimeçi. “Milli bestseller” baýragynyň eýesi (2007).
Leningradda dogulýar. A. I. Gersen adyndaky Leningrad döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlaýar. Ekskursiýaçy, poçtalýon, kinomehanik, garawul bolup işleýär. Nahimow harby-deňiz uçilişesinde taryhdan ders berýär. Neşirýatda redaktor, “Awrora” žurnalynda jogapkär kätip bolup işleýär. 1988-nji ýyldan döwürleýin neşirde çap bolýar. “Muriniň ýoly” atly romanyndan soň, Boýaşowy “Prozadaky Kusturisa” diýip atlandyrýarlar. Onuň “Tankçy ýa-da „Ak gaplaň“” romany, “Erem bagy”, “Pile” hem beýleki powestleri okyjylaryň arasynda meşhurdyr.
Tankytçylaryň pikirine görä, “Boýaşowyň tekstleri sada estetika, hormat goýulýan sosial gymmatlyklary inwersiýa sezewar edýän rus kelpeňliginiň wäşi-degişmeli, gülküli däp-dessurlaryna ugrukdyrýar...” (Dmitriý Golynko-Wolfson).