Alekseý Iwanow
Iwanow Alekseý Wiktorowiç (1969-njy ýylda doglan) — ýazyjy, ssenariýaçy. “Uly kitap” (2006), “Ýasnaýa Polýana” (2006) baýraklarynyň, RF-iň Hökümet baýragynyň (2017) we başga-da birnäçe baýragyň eýesi.
Gorkiýde (häzir Nižniý Nowgorod) gämi gurujylaryň maşgalasynda eneden bolýar, Permde mekdebi tamamlaýar. Ural döwlet uniwersitetiniň žurnalistika we sungatyň taryhy fakultetlerinde okaýar. Mugallym, garawul, gid bolup işleýär.
Birinji kitaby — “Parmanyň kalby” (2003) atly taryhy romany tankytçylaryň Iwanow hakynda özüniň ýiti dili we özboluşly temasy bolan awtor hökmünde gürrüň etmegine esas berýär. “Ganyň üstündäki umumy ýaşaýyş jaý”, “Geograf globusy satyp içdi”, “Topalaňyň altyny”, “Bulutly howa” we beýleki romanlary okyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanýar. Ural hakynda medeniýetine degişli ylmy barlag žanrynda birnäçe kitap: “Rossiýanyň dag gerşi”, “Dag-magdan senagatynyň ösüşi”, “Ýoburg”, “Çarşaklar” we beýlekileri hem ýazdy.
Iwanow rus nusgawy kyssasynyň däplerini halk medeniýetiniň tärleri bilen utgaşdyrýar. Onuň tekstlerinde hakykat hyýalylyk bilen, wakalaryň joşgunlylygy we gödekligi bolsa nepis tebigat gözellikleriniň we adam keşpleriniň beýany bilen biri-biri bilen garyşdyrylyp baglanyşdyrylýar.