Sergeý Birýukow

1950-nji ýylda Torbeýewka obasynda (Tambow oblasty) eneden bolýar. Tambow mugal­lymçylyk institutynyň filologiýa fakultetini tamamlaýar, şol ýerde uniwersitetiň edebiýat studiýasynda okadýar we ýolbaşçylyk edýär. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty, kultorologiýanyň doktory. Halkara Zaumi Akademiýasyny dörediji, taryhçy we şahyrana awangardyň hem rus şygrynyň adaty däl formalarynyň teoretigi, “wizual” we “sonor” şygryýetiniň teoretigi, XVII—XXI asyr rus şygryýetini öwreniji. Russiýada, Germaniýada, Ispaniýada, ABŞ-da neşir edilen ýigrimi kitabyň, şol sanda “Kesilen adam” (2010), “Dinozawryň uçuşy” (2011), “Seslenmeklik” (2013), “Uniwersum” (2022) ýaly goşgular ýygyndysynyň we üç teoretiki kitabyň awtory. Goşgulary köp dillere, şol sanda iňlis, belorus, bolgar, italýan, hytaý, nemes, polýak, rumyn, fransuz, ýapon we beýleki dillere terjime edildi. “Zaumi Akademiýasynyň Almanahynyň” baş redaktory, edebi we çeper awangardyň «Beýleki ýarym şar» atly žurnalynyň redaktordaşy. A. Ý. Kruçýonyh, Halkara edebiýat baýragynyň, F. I. Týutçew adyndaky Bütinrossiýa baýragynyň we beýlekileriň eýesi. “Rus futurizminiň atasy Dawid Burlýukowyň adynyň halkara nyşany” atly baýragy esaslandyryjy. Köpsanly rus we halkara edebiýat festiwallaryna gatnaşyjy. Halle şäherinde (Germaniýa) ýaşaýar.
Şahyr we tankytçy Denis Beznosow Birýukowyň şygryýetiniň aýratynlygyny şeýle häsiýetlendirýär: «Birýukowyň şygryýetiniň giňişligi şeýle — biz hiç haçan öňünden bilmeýäris, ol ýa-da beýleki söz mana eýemi ýa-da ony adaty ähli funksiýasyndan mahrum edipdirlermi, ýa-da birnäçesinden mahrum edip, käbirini goýupdyrlarmy. Biz labirintiň içinde durus, onda her öwrüm ikirjeňlenmäniň aşagynda, sebäbiçynlakaý bolman biler».