Alekseý Kudrýakow
1988-nji ýylda Swerdlowskiýde (häzirki Ýekaterinburg) eneden dogulýar. Ural döwlet tokaýtehniki uniwersitetini we onuň ýanyndaky aspiranturany tamamlaýar. Köçe süpüriji, bagban, garawul, sahna maşinisti bolup işleýär. “Goşgular” (2012) we “Kör çakyrym” (2016) atly şahyrana kitaplaryň awtory. Goşgulary grek, italýan, fransuz we beýleki dillere terjime edilýär. Täze Puşkin baýragynyň, “Bella” atly Rossiýa-italýan baýragynyň eýesi. Ýekaterinburgda ýaşaýar.
“Alekseý Kudrýakowyň şygryýeti bidereklikden göz-görtele sap. Onuň liriki gahrymany hiç bir kinaýasyz akyl satýar. Ol özüne çuň ynanýar we durmuşy zatlar bilen az gyzyklanýar. Kudrýakow çyndan dine uýýar, onuň nukdaýnazarlary goşgularynda dekleratiw däl-de, gaýtam ― söz bilen tebigatyň, logos bilen kosmosyň baglanyşygyny hakyky duýmak arkaly ― hakyky şahyrana beýan edilýär”, ― diýip, onuň şygryýetini edebiýatçy alym we tankytçy Artýom Skworsow kesgitleýär.