Roman Sençin

Sençin Roman Walerýewiç (1971-nji ýylda doglan) — kyssaçy, edebiýat tankytçysy. RF-iň Hökümet baýragynyň (2012), “Uly Kitap” baýragynyň (2015) eýesi.
Gyzylda (Tuwa ASSR) dogulýar. Leningradda gurluşyk uçilişesinde okaýar. Minusinskde teatrda montirleýji, garawul, sakçy, köçe süpürýän we ýük daşaýan bolup işleýär. Gyzyl, Abakan, Minusinsk gazetlerinde hekaýalaryny çap etdirýär. A. M. Gorkiý adyndaky edebiýat institutyny tamamlaýar.
Moskwada birinji neşir edilen eseri — “Senesiz gün” atly hekaýalar toplumy (“Znamýa” žurnaly, 1997). Sençin ― “Nubuk”, “Gara basgançakda”, “Aýak aşagyndaky buz”, “Maglumat”, “Parižde ýagyş”, “Suw alan ýer”, “Ýeltyşewler” atly romanlaryň, köp hekaýalaryň we powestleriň, publisistik oçerkleriň we tankydy makalalaryň awtory.
Tankytçylar Sençini “tukat realistlere” goşýarlar. Oňa “ýokary rus edebi däpleriniň aň-düşünjelerine çatylan fatal joşgun” häsiýetlidir (Lew Pirogow). Sençiniň “edebi hakykata”, “fakta baýlyga” gönükdirilen ýörelgeleri, köplenç onuň kyssasyny häzirki zaman Possiýa baradaky göni delil hökmünde kabul etmäge mejbur edýär.

Awtoryň eserleri

1 iş