Pawel Basinskiý
Basinskiý Pawel Wakerýewiç (1961-nji ýylda doglan) — ýazyjy, edebiýatçy alym we edebiýat tankytçysy. “Uly kitap” baýragynyň (2010), RF-iň Hökümet baýragynyň (2014), RF-iň Döwlet baýragynyň (2018) we A. I. Gersen adyndaky baýragyň (2020) eýesi.
Wolgograd oblastynyň Frolowo şäherinde eneden dogulýar. A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny (1986) we onuň ýanyndaky aspiranturany tamamlaýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty. 1981-nji ýyldan başlap “Edebiýat gazetinde” we galyň edebiýat žurnallarynda gowy tankytçy hökmünde özüni görkezip başlaýar. Rus nusgawy edebiýatyny we häzirki zaman edebiýatyny öwrenmek bilen meşgullanýar. Birinji kitaby — “Sýužetler we şahslar” (1993) atly makalalaryň we synlaryň ýygyndysy. ŽZL seriýasynda Maksim Gorkiý (2005) we Lew Tolstoý (2016) hakyndaky kitaplaryň awtory.
Basinskiniň iň meşhur kitaplary — “Lew Tolstoý: jennetden gaçyş”, “Keramatly Lewiň garşysyna. Ioann Kronştadtskiý we Lew Tolstoý: bir duşmançylygyň taryhy”, “Lew Lewiň saýasynda”, “Lew Tolstoý — erkin adam”, “Serediň maňa: Liza Dýakonowanyň gizlin taryhy”, “Sonýa, çekil! Sofýa Tolstaýa: erkegiň we zenanyň garaýşy. Roman–gepleşik”, “Anna Kareninanyň hakyky taryhy”.
Basinskiniň dokumental eserleri ylmy barlagyň çuňlugy we rus nusgawy prozasynyň ruhunda gyzykly beýan edişi bilen tapawutlanýar.