Wladislaw Otroşenko

Otroşenko Wladislaw Olegowiç (1959-njy ýylda doglan) — kyssaçy, esseçi. RF-iň Hökümet baýragynyň (2014), “Ýasnaýa Polýana” baýragynyň (2003) we başga-da ençeme Rossiýa we Ýewropa baýraklarynyň eýesi.
Rostow oblastynyň Nowoçerkassk şäherinde eneden dogulýar. M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlaýar. Radioda işleýär, mugallymçylyk edýär. Ýewropa uniwersitetlerinde rus edebiýatyndan leksiýalary we dokladlary okaýar. “Pasha hokkysy. Üçleme»” atly birinji kitaby 1991-nji ­ýylda neşir edilýär. “Maňa ýol görkez, kör”, “Hakykatyň daşyndaky şahsyýet”, “Eserleriň gizlin taryhy”, “Surat albomyna goşundy” atly we beýleki romanlary diňe rossiýa­nyň däl, eýsem, halkara hormatyna eýe boldy. “Gogoliana we beýleki hekaýalar” atly esse kitaby we “Suhowo-Kobylin. Rus dramaturgynyň ykbaly we jenaýat işi baradaky roman-derňew” atly dokumental romany intellektual bestseller boldy.
Ýewropaly tankytçylar Otroşenkony “Hyýaly dünýäleri we duýgurlygyň ýagdaýyny şahyranalyk bilen döredýän Günorta adamy” diýip atlandyrýarlar; ony Milorad Pawiç we Markes bilen deňeşdirýärler. Ýazyjynyň baş temalarynyň biri — kazaklaryň durmuşy. Tan­kytçynyň pikirine görä, Otroşenkonyň döredijiliginde kazaklaryň keşbi “Şolohowyň kazaklary göz öňüne getirişiniň antipody bolup durýar. Otroşenkonyň kazaklary — bu özleriniň aýratyn estetikasy bolan rus samuraýlary” (Pawel Basinskiý).