Ýuriý Kublanowskiý

1947-nji ýylda Rybinskide dogulýar. Moskwa döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň sungaty öwreniş bölümini tamamlaýar. Muranowda F. I. Týutçewiň muzeýinde, Solowesk­de, Kirillo-Belozýorskda we Ferapontowskda muzeýlerde ekskursowod bolup işleýär “SMOG” atly formal däl şahyrana topara girýär, “Metropol” atly senzura degişli bolmadyk almanaha gatnaşýar. 1982-nji ýylda emigraýa gitmäge mejbur bolýar, “Ruskaýa mysl” atly Parižde çykýan gazetde işleýär, 1990-njy ýylda ýurduna gaýdyp gelýär. Rossiýada, ABŞ-da we Fransiýada neşir edilen ýigrimi üç şahyrana ýygyndyyň, şol sanda “Ýat ýurtdaky” (1993), “San” (1994), “Senenamadan uzagrak” (2001), “Ýagtylyk ýylynda” (2003), “Gaýdyşyn ýolda” (2006), “Saýlanan” (2006), “Atma-at barlag” (2010, 2012), “Wolga bagyşlanýar” (2010), “Golýazma ýygyndysy” (2011), “Ygally howada kitap okamak” (2012), “Bozuk döwürler” (2015), “Uzak geçirme” (2017) atly kitaplaryň awtory. Goşgulary Ýewropa we Aziýa dillerine terjime edilýär. Örän köp baýraklaryň, şol sanda Moskwa hökümetiniň baýragynyň, Aleksandr Solženisynyň edebiýat baýragynyň, “Anthologia’ Şahyrana baýragynyň, Täze Puşkin baýragynyň, RF-iň Hökümetiniň medeniýet pudagyndaky baýragynyň, Sarskoselskiý çeperçilik baýragynyň, Patriarşeý edebiýat baýragynyň eýesi. Moskwada ýaşaýar.
Nobel baýarygynyň eýesi Aleksandr Solženisyn şeýle ýazýar: “Ýuriý Kublanowskiniň şyg­ryýeti — rus şygyr döretme däplerine wepadarlygy bilen, irizmeýän, täzelenen metaforaçylygyň çäginiň uly duýgusy bilen tapawutlanýar — hiç haçan ekssentrik däl, elmydama öňden belli maksady boýunça, goşgynyň tebigy maýyşgaklygy bolsa, köplenç, gaýtadan okamaga we ýat tutmaga çagyrýar”.