Sergeý Lukýanenko
Lukýanenko Sergeý Wasilýewiç (1968-nji ýylda doglan) — ýazyjy-fantast. “Aelita”, “EuroCon” baýraklarynyň, Aleksandr Griniň we köp sanly beýleki baýraklaryň eýesi.
Ol Karatau şäherinde (Gazagystan) lukmanlaryň maşgalasynda dogulýar. Alma-Atanyň Lukmançylyk institutyny tamamlandan soň psihiator bolup işleýär. Ilkinji hekaýalary 1988-nji ýylda çap edilýär. “Kyrk adanyň rysarlary” we “Atom düýşi” hekaýalary oňa meşhurlyk getirýär. Ol “filosofiýa-kosmiki operanyň” (“Arzuwlaryň çägi” — “Hyýallaryň imperatory” — “Düýşleriň kölegesi” atly trilogiýanyň), “Şu gün, eje!” we “Ýer planetasynyň lordy” trigologiýalaryň we “Şekilleriň labirinti” romanyň we ençeme beýleki eserleriň awtory. “Garawul”, “Ylalaşyk” we beýleki toplumlary ony häzirki zaman belli fantastlaryň birine öwürdi.
Ol öz usulyny “berk hereketiň fantastikasy” diýip kesgitleýär. Kosmiki triller, kosmiki boýewik, “rus kiberpank” žanrlarynda işleýär. Lukýanenko kiberpank problematikasy üçin däp bolan (adam vs emeli aň) meseläni ahlak soraglary goýmak bilen urgaşdyrýar.