Sergeý Stratanowskiý
1944-nji ýylda Leningradda eneden bolýar. Leningrad döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar. A. S. Puşkiniň muzeýinde, Döwlet Ermitažynda ekskursowod, Rossiýa milli kitaphanasynda (Sankt-Peterburg) bibliograf bolup işleýär. On bir sany şahyrana kitabyň, şol sanda: “Gündizki tümlük” (2000), “Bulanyk derýada” (2005), “Depregi janlandyrma” (2009), “Injir agajy” (2010), “Graffiti” (2011), “Iow we arap” (2013), “Sazlanmadyk köp seslilik” (2016), “Golýazma ýygyndysy” (2019) atly kitaplaryň awtory. Onuň goşgulary köp dillere terjime edilýär, kitaplary iňlis, bolgar, golland, iwrit, italýan, litow, nemes, polýak, fin, fransuz, çeçen, şwed we eston dillerinde neşir edilýär. I. A. Brodskiý adyndaky Fonduň stipendianty. Köp sanly Rossiýa we halkara baýraklaryň, şol sanda Sarskoselskiý çeper baýragyň, Boris Pasternak adyndaky Edebiýat baýragynyň, N. W. Gogol baýragynyň, Andreý Belyýnyň baýragynyň, “Anthologia” Şahyrana baýragynyň, J. Karduççi (Italiýa) baýragynyň, “Parabola” baýragynyň eýesi. Sankt-Peterburgda ýaşaýar.
Edebiýatçy alym we tankytçy Andreý Arýewiň belleýşi ýaly: “Medeniýet hadysasy hökmünde, Stratanowskiýniň şygryýeti biziň akyl ýetirmämizi köpçülikleýin medeniýetiň çalt üýtgeýän ownuk önümlerine bolan höwesden, bazar reýtinglerine bolan ynamdan, bilim çeşmelerini hapalaýan, "bütindünýä kerebini" hyryn-dykyn eden maglumat tozanyndan arassalaýar. Esasy zat, şahyr dünýäni ýaşaýşyň bitewüligini taryh bilen şertlendirilen hökmünde kabul edýär, munuň bilen häzirki zaman aňynyň üzňe-üzňeligine, onuň öz daşky gurşawyň tertibe salynmadyk şertini garşy goýýar”.