Mariýa Watutina

1968-nji ýylda Moskwa şäherinde dogulýar. Moskwanyň ýuridik institutyny we A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlaýar. Ýurist, adwokat, žurnalist, ýuridik žurnalyň baş we goýberiji redaktory bolup işleýär, M. Gorkiý adyndaky MHAT-yň edebiýat bölümine ýolbaşçylyk edýär. Otuz sany goşgular kitabynyň, şol sanda “Dördünji Rim” (2000), “Döwürleriň üýtgeýşi” (2006), “Biziň gyzjagazymyz” (2008), “Şol çäkde’ (2010), “Hadysalar zynjyry” (2013), “Göwherli asman” (2015), “Gyzlaryň oturylyşygy” (2015), “Sen ýatyrkaň’ (2018), “Gözegçilik meýdançasy” (2019) atly kitaplaryň awtory. “Anthologia” Şahyrana baýragynyň, “Moskwa hasaby” baýragynyň, Halkara Woloşin baýragynyň, Bunin baýragynyň, “Parabola” baýragynyň (2017) we beýlekileriň eýesi. “Krasnaýa ploşad. Şahyrlaryň döwri” atly Birinji Bütinrossiýa ýaryşynyň ýeňijisi we “Biziň döwrümiziň sesi” diýen derejäniň eýesi. Moskwada ýaşaýar.
Edebiýatçy alym we tankytçy Igor Wolginiň pikirine görä, “Mariýa Watutinanyň goşgulary — biziň başymyzdan geçýän zatlaryň juda rehimsiz we hakyky şaýatnamasy. Biz liriki hakydanyň we medeniýetiň miras goýan ýükünden erkin bolmadyk, örän dörebap şahyr bilen iş salyşýarys (hakykatdan hem iş, hökman ýerine ýetirmeli iş)”.