Wladimir Stroçkow

1946-njy ýylda Moswkada dogulýar. Moskwanyň polat we magdan institutyny tamamlaýar. Goşunda serkerde bolup gulluk edýär, Kantemirow diwiziýasynyň dabaraly ýöriş polkunyň orta tanklar toparynyň ýolbaşysy bolupdyr. Ýarym geçiriji tehnologiýalar we gara metallurgiýa pudagynda zähmet çekipdir. 1990-njy ýyllarda neşirýat işi bilen meşgullanypdyr. Samizdatda çap edilipdir. Ilkinji goşgular kitaby 1994-nji ýylda neşir edilýär. Dokuz sany goşgular kitabynyň, şol sanda “Hallar we ahwalatlar” (2006), “Puşkin ýer sürýär” (2010), “Goşmak bukolikler” (2010), “Çägi ýok” (2012), “Indi wagt ýok” (2018) atly kitaplaryň awtorydyr. Goşgulary iňlis, wenger, iwrit, ispan, italýan, nemes we fransuz dillerine terjime edilipdir. Ol Iosif Brodskiniň Ýagty ýadyrgärliginiň Fondunyň baýrak-stipediýasynyň (2000), Bolýasko fondunyň baýrak-stipendiýasynyň (Italiýa, 2001), “Moskwa hasaby” baýragynyň (2007) we başgalaryň eýesi. Moskwada ýaşaýar.
“Stroçkowy diňe şahyr hökmünde kabul etmek göz-görtele ýeterlikli däldir. Onuň rus edebiýatynda eden we edýän zatlary şygryýet/şygryýet däl düşünjeleriň çägini giňeldýär. Onuň tekst kosmosy diňe bir "şygryýeti" öz içine almaýar. Mahal-mahal Stroçkowyň eserlerini belli bir toparlara bölmek kyn” — diýip, tankytçy Artýom Skworsow belleýär.