Mihail Popow

Popow Mihail Mihaýlowiç (1957-nji ýylda doglan) — kyssaçy, şahyr, publisist, tankytçy, kinossenariýaçy. Moskwanyň Hökümet baýragynyň (2002), Andreý Platonow adyndaky baýragyň (2000), Gonçarow baýragynyň (2009) we başgalaryň eýesidir.
Harkowda nakgaşyň maşgalasynda eneden dogulýar, çagalygyny Gazagystanda geçirýär. Oba hojalyk tehnikumyny, soňra A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlaýar. “Literaturnaýa uçýoba” žurnalynda işleýär, “Moskowskiý westnik” žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary bolýar. 2004-nji ýyldan bäri Rossiýanyň Ýazyjylar birleşmesiniň kyssa boýunça Geňeşine ýolbaşçylyk edýär.
Mihail Popowyň “Toý” atly birinji romany 1986-njy ýylda çap edilýär. Popow — goşgular ýygyndylarynyň (“Belgi” we “Ertirki bulutlar”), arasynda psihologik we hadysaly romanlar (“Mejbury daş ussalary”, “Pleroma” we başg.) bolan 20-den gowrak kyssaly kitaplaryň awtory. Ol özüni taryhy romançy hökmünde hem gowy äşgär etdi (“Sulla”, “Teýmirleň”, “Barbarossa”, “Olonne” atly roman-terjimehallar).
Popowyň kyssasy — sýužetli, köplenç geň, oýna we toslama, söz ekwilibristikasyna ýykgyn edýär, ýöne şunuň bilen bilelikde üýtgewsiz nusgawy däpleriniň akymynda galýar.

Awtoryň eserleri

1 iş