Zahar Prilepin
Prilepin Zahar (Ýewgeniý Nikolaýewiç; 1975-nji ýylda doglan) — ýazyjy, filolog, publisist, jemgyýetçilik işgäri, redaktor, teleýaýlymda alyp baryjy, aktýor. “Milli bestseller” baýragynyň (2007), RF-iň Hökümet baýragynyň (2016), “Uly kitap” baýragynyň (2014), “Ýasnaýa Polýana” (2006) baýragynyň we başga-da köp baýraklaryň eýesi.
Rýazansk oblastynda taryh mugallymy bilen şepagat uýasynyň maşgalasynda dogulýar. OMON-da gulluk edýär, Çeçnýadaky söweş hereketlerine gatnaşýar. N. I. Lobaçewskiý adyndaky Nižegorodsk döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini tamamlaýar. Žurnalistika bilen meşgullanýar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde baş redaktor bolup işleýär, telewideniýede awtorlyk gepleşiklerini we aýdym-sazly şouny alyp barýar, kinoda surata düşýär, M. Gorkiý adyndaky MHAT-da edebiýat bölüminiň müdiri bolýar.
Prilepiniň kitaplarynda (“Patologiýa”, “Gyzgyn arakdan doly köwüşler”, “Hanaka” we beýlekilerde) tankytçylar we okyjylar “gündelik rus durmuşynyň hakykatyny” we “güýçli rus gahrymançylykly maksimalizminiň” wagzyny, ajaýyp şekilleri, taryhylygy, sosial we romantik joşguny tapýar.