Walentin Rasputin
Rasputin Walentin Grigorýewiç (1937—2015) — ýazyjy, oçerkçi, publisist, jemgyýetçilik işgäri. SSSR-iň Döwlet baýragynyň (1977, 1987) we RF-iň Döwlet baýragynyň (2012), RF-iň Prezidentiniň baýragynyň (2003), RF-iň Hökümet baýragynyň (2010) we başga köp baýragyň eýesi.
Irkutsk oblastynyň Ust-Uda obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. Irkutsk döwlet uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetini tamamlanyndan soňra, Irkutsk we Krasnoýarsk şäherleriniň gazetlerinde işleýär. Birinji hekaýalar ýygyndysy 1967-nji ýylda çapdan çykýar — Rasputin barada bolsa dessine “hakyky zehin” hökmünde gürrüň edip başladylar.
Rasputini “oba kyssasynyň” iň abraýly wekilleriniň biri hasap etdiler, ýöne ol bu kesgitlemeden has uludy. Onuň “Mariýa üçin pul”, “Soňky tagzym”, “Ýaşa we ýatda sakla”, “Külbe”, “Matýora bilen hoşlaşyk”, “Ýangyn”, “Iwanyň gyzy, Iwanyň ejesi” atly powestleri, hekaýalary, esseleri diňe bir çeper däl, eýsem, jemgyýetçilik hadysasy bolupdyr. Rasputin ahlagyň, wyždanyň, söýgä we duýgudaşlyga ukybyň, halk hakydasynyň meselelerini orta goýupdyr.
Rasputiniň döredijiligi filosofiýany, inçe psihologizmi we publisistik pafosy utgaşdyryp, asyrlaryň sepgidinde milli aňyýetde bolup geçýän iň çylşyrymly, çuňňur hadysalaryň beýanyna öwrüldi. Rasputini “özüni tutuşlygyna rus medeni däplerini gorap saklamaga bagyş eden wyždanyň, rus işiniň adamy” diýip atlandyrdylar (Sergeý Perewezensew).