Aleksandr Prohanow
Prohanow Aleksandr Andreýewiç (1938-nji ýylda doglan) — kyssaçy, žurnalist, publisist, ssenariýaçy, jemgyýetçilik işgäri. “Milli bestseller” baýragynyň (2002), Bunin baýragynyň (2009), “Altyn Delwig” baýragynyň (2013) we başga-da köp baýragyň eýesi.
Tbiliside dogulýar. Moskwanyň awiasiýa institutyny tamamlaýar, ylmy-barlag institutda inžener, Kareliýada tokaýçy bolup işleýär, Tuwada geologiýa-gözlege gatnaşýar. “Literaturnaýa gazetanyň” žurnalisti hökmünde tutuş SSSR-e aýlanyp çykýar. Arktikada we raketa poligonlarynda, dünýäniň köp gyzgyn nokatlarynyň köpüsinde bolýar. “Zawtra” gazetiniň baş redaktory. Rossiýanyň Ýazyjylar soýuzynyň sekretary.
1980-nji ýylyň başyndan harby-syýasy roman žanrynda işleýär. Owganystandaky urşa bagyşlanan “Ýanýan baglyklar” atly tetralogiýany döretdi. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda Aleksandr Prohanowyň “Kabul hakda düýş”, “Ine şemal hem bolar”, “Adalarda awçy” we beýleki romanlaryny özüne birleşdirýän “Ýedi kitaby” peýda bolýar. Prohanowyň: “Jenap Geksogen”, “„Iosif Brodskiý“ teplohody”, “Çeçen blýuzy”, “Gündogarşynas” we beýleki romanlary ― birsyhly jemgyýetçilik seslenmesini döredýärdi.
Prohanowyň baş temalary — şahsyýet we uruş, rus we dünýä ösüşiniň ykballary, sowet döwletiniň synmagy, geosyýasy betbagtçylyklar. Onuň metaforalardan doly, allegorik, “aýlawly” kyssasy köp babatda rus kosmizminiň we ýewraziýligiň pikirlerini özüne siňdirýär.