Mihail Tarkowskiý

Tarkowskiý Mihail Aleksandrowiç (1958-nji ýylda doglan) — kyssaçy, şahyr, esseçi. “Ýasnaýa Polýana” baýragynyň (2010), Patriarhşeý edebiýat baýragynyň (2012) we ençeme beýleki baýraklaryň eýesi.
Moskwada dogulýar. Şahyr Arseniý Tarkowskiniň gyzyndan bolan agtygy, režisýor Andreý Tarkowskiniň ýegeni. 1981-nji ýylda W. I. Lenin adyndaky Moskwanyň döwlet mugal­lymçylyk uniwersitetini “geografiýa we biologiýa” hünäri boýunça tamamlaýar. Bäş ýyl Ýeniseý biostansiýasynda işleýär. Bu işdäki tejribesi “Meniňkini ber” (2003) atly powestinde beýanyny tapdy. Köp ýyl şol Krasoýarsk ülkesiniň Turuhansk raýonynda Bahta obasynda ýaşaýar, taýga awçylygy bilen meşgullanýar. “Ýeniseý” atly Krasnoýarsk edebiýat almanahynyň baş redaktory.
1991-nji ýylda Tarkowskiniň birinji kitaby — goşgular ýygyndysy neşir edilýär. Tarkowskiniň hekaýalary, powestleri we oçerkleri edebiýat žurnallarynda neşir edilýär. “Bagtdan bäş ýyl öň”, “Doňan wagt”, “Taýota-kresta”, “Ýeniseý, goýber!”, “Baýguşuň uçuşy” we beýleki kitaplaryň awtory.
Tankytçylaryň pikirine görä, Tarkowskini “däp-dessur saklaýanlaryň täze nesline”, ýa-da “neorealistlere” (Oleg Pawlow, Alekseý Warlamow we beýlekiler bilen bilelikde), täze “obalylara” hem degişli etmek bolar. Tarkowskiýniň inçe we ruhy taýdan doldurylan “taýga kyssasy” ýaşaýşyň manysy, rus taryhy, adam gatnaşyklary, tebigat we wagt ha­kyndaky meseleleri orta atýar.