Sergeý Zawýalow

1958-nji ýylda Puşkin şäherinde (Leningrad oblasty) dogulýar. Leningrad uniwersitetini nusgawy filologiýa kafedrasy boýunça tamamlaýar. Nusgawy dilleri we antik edebiýatdan Daşary ýurt dilleri institutynda we Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde sapak berýär. Gadymy grek, latyn, fin we litow şygryýetiniň terjimeçisi. Bäş goşgy ýygyndyla­rynyň awtory: “Odalar we epodlar” (1994), “Melike” (1998), “Sözleýişler’ (2009), “Sowet kantatlary” (2015), “Goşgular we poemalar” (2018). Goşgulary on iki dile terjime edilen, kitaplary iňlis, italýan, fin, şwed we eston dillerine terjime edilip çapdan çykdy. Andreý Belyý baýragynyň, “Premio Ceppo Internazionale Pistoia” atly Italýan şahyrana baýragyň we beýleki baýraklaryň eýesi. Helsinskiý şäheriniň (Finlýandiýa) çagyrylan ýazyjysy boldy. Rus we fin PEN-merkezleriniň agzasy. Wintertur şäherinde (Şweýsariýa) ýaşaýar.
Zawýalow — şahyr-eksperimentator, antikligiň çuň bilimine eýe bolup, elmydama şygryýetiň hakyky mazmuny bolan formany gözleýär. Şahyryň “rusçadan terjimeleriniň” batyr­gaýlygyna baha bermek kyn.