Timur Kibirow

1955-nji ýylda Hmelniskiý oblastynyň Şepetowka şäherinde (Ukraina SSR) eneden dogulýar. Moskwa oblast mugallymçylyk institutynyň taryhy-filologiýa fakultetini tamamlaýar. Samizdatda çap bolýar. Ýigrimi ýedi şahyrana kitaplaryň, şol sanda: “Adalylaryň köçesi” (2000), “Liriki gahrymanyň ýubileýi” (2000), “Amor, exil” (2000), “Her kim bir ýere, men bolsa — Rossiýa” (2001), “Bidereklikler” (2002), “Goşgular” (2005), “Kara-baras” (2006), “Üç poema” (2008), “Söýgi hakynda goşgular” (2009), “Ýokardaka seret” (2014), “Saz­dramteatr” (2014), “Güneşli säher” (2020), “Kiçi galyplar. 1978—2015” (2020) atly kitaplaryň we iki kyssanyň awtory. Goşgulary köp ýewropa we aziýa dillerine terjime edildi. Köp baýraklaryň, şol sanda Alfred Týopfer gaznasynyň (Germaniýa) Puşkin baýragy­nyň, “Antibuker” Garaşsyz baýragynyň, “Demirgazyk Palmira” baýragynyň, “Stansionnyý smotritel” baýragynyň, Bunin baýragynyň, “Anthologia” şahyrana baýragynyň, “Şahyr” Milli baýragynyň, RF-iň Hökümetiniň medeniýet pudagyndaky baýragynyň, Demirgazyk Osetiýa Respublikasynyň Döwlet — K. L. Hetagurow adyndaky Alaniýa baýragynyň we beýlekileriň eýesi. Moskwada ýaşaýar.
Edebiýatçy alym we tankytçy Andreý Nemzer: “Kibirowyň poeziýasynyň esasy onuň elmydama daşky gurşawda "baky nusgalary" kesgitlemegi başarmagyndadyr. Raýatlyk bulagaýlyklary we öýdäki bezeg, söýgi we ýigrenç, ýagyş we ýaprak düşme, moda bolan intellektual doktrinalar we dälişge kazarma, "umumy ýerler" we uzakdaky ýyldyz pully meseleler we absolýutyň töledilmegi, tebigat, taryh, Russiýa, Biribaryň dünýäsi diňe Kibirow bilen (onuň üsti bilen — biz bilen) bir dilde — ýiti we erkin, gazaply we näzik, paýyş we suwjuk, aýdym we suhangöýlük, gara we açyk reňkli, samsygrak manysyz we örän anyk rus şygryýetiniň dilinde gepleşýärler” diýip ýazýar.