Ber dekonstruksiýa! Berdiler...
* * *
Ber dekonstruksiýa! Berdiler.
Ondan soň näme? — Hiç zat.
Üýşüp dur biderek detallar
otyrys boş älemde ýok zat.
Ýigrenilýän bu birýulkalar,
goýulýar bir eýle, bir beýle,
tüm garaňkylyk berýär jogap
düşnüksiz we güýçli ýaň bile.
Ýelmenenok bu zatlar eýýäm,
toplananok eýýäm taýaklar.
Dowam edýäs ýürege düşýän
zatlary söküp we bölekläp.
Kim göz edýär, kim çyny bilen
hiç bir düşünmeýär, samsyjak,
bu degişmeler bermez şatlyk
bu akyl hem peýdasyz boljak.
Mümkin, dünýäň esaslary hem
durupdyr entek eýdip-beýdip,
manysyz dogruçyl sözde hem
sadalykdan sümügin çekip.
Ber dekonstruksiýa! Berdiler.
Ondan soň näme? — Hiç zat.
Üýşüp dur biderek detallar
otyrys boş älemde ýok zat.
Ýigrenilýän bu birýulkalar,
goýulýar bir eýle, bir beýle,
tüm garaňkylyk berýär jogap
düşnüksiz we güýçli ýaň bile.
Ýelmenenok bu zatlar eýýäm,
toplananok eýýäm taýaklar.
Dowam edýäs ýürege düşýän
zatlary söküp we bölekläp.
Kim göz edýär, kim çyny bilen
hiç bir düşünmeýär, samsyjak,
bu degişmeler bermez şatlyk
bu akyl hem peýdasyz boljak.
Mümkin, dünýäň esaslary hem
durupdyr entek eýdip-beýdip,
manysyz dogruçyl sözde hem
sadalykdan sümügin çekip.




