Tatýana Tolstaýa

Tatýana Nikitoçna Tolstaýa (1951-nji ýylda doglan) — ýazyjy, esseçi, publisist, edebiýat tankytçysy. “Triumf” (2001), “Ýylyň ýazyjysy” (2019) baýraklrynyň eýesi.
Leningradda fizigiň maşgalasynda eneden dogulýar. Leningrad döwlet uniwersitetiniň nusgawy filologiýa bölümini tamamlaýar. Neşirýatda işleýär. ABŞ-da mugallymçylyk edýär. Köp ýyllap teleýaýlymda öz gepleşigini alyp bardy, HBS-de oçerkçi we kolumbist bolýar.
Birinji “Altyn girelgede otyrdyk...” diýen hekaýasy 1983-nji ýylda “Awrora” žurnalynda neşir edilýär. 1987-nji ýylda Moskwada hekaýalar ýygyndysy çapdan çykýar, derrew ýazyjy zenan hakynda häzirki zaman kyssasyndaky örän täsirli hadysa hakynda gürrüň etmäge mümkinçilik berýär. “Okkerwil derýasy”, “Gündiz”, “Gije”, “Ýeňil dünýäler”, “Görünmeýän gyz”, “Kişmiş”, “Keçe asyr”, “Uýalar” we beýleki köp ýygyndylary Tolstaýa iň gowy häzirki zaman hekaýaçy diýen şöhraty getirýär. Tatýana Tolstaýanyň 2000-nji ýylda çykan birinji romany—antiutopiýa “Pişt” bestsellere öwrülýär.
Tataýana Tolstaýa artistik kyssasy we esseistikasy täsin obrazlylyk, plastik dili, refleksiwlik, çylşyrymlu psihologik surat bilen tapawutlanýar. Tolstaýa pikirleriň garaşsyzlygy, emosionallyk, intellektual gödeklik häsiýetlidir. Dürli stilistika we däp-dessurlar bilen postmonernistik taýdan oýun edip, Tolstaýa rus nusgawy kyssasynyň tarapdary bolup galýar.