Alekseý Swetkow
1947-nji ýylda Iwano-Frankowsk oblastynyň Stanislawynda (Ukraina SSR) dogulýar. Odessa döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetinde, M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň taryh we žurmalistika fakultetlerinde okaýar. 1975-nji ýyldan başlap daşary ýurtda (ABŞ, Germaniýa, Çehiýa, Izraýyl) ýaşaýar. 2004-nji ýylda on ýedi ýyllyk dymyşlykdan soň, şygryýete gelýär. Ol: “Solo ýaşaýyş üçin pýesalaryň ýygyndysy” (1978), “Uky ýagdaýy” (1981), “Edem” (1985), “Goşgular” (1996), “Täsin sözlemek” (2001), “Şekspir dynç alýar” (2006), “Edem we beýleki” (2007), “Söýgiň atlary” (2007), “Endigan şemal” (2008), “Manynyň detoktory” (2010), “Gijeki erteki” (2010), “Aýdymlar we balladalar” (2014), “Soňky konwoý” (2020) we beýlekiler, şeýle-de kyssadaky poema “Ýöne ses” (2002) we birnäçe esseistik kitaplaryň, ýygyndylaryň awtory. Rus diline iňlis-amerikan we polýak şahyrlaryny terjime edýär. Andreý Belyý baýragynyň (2007), “Anthologia” Şygryýet baýragynyň (2010), “Moskowa hasaby” baýragynyň (2011), “Rus baýragynyň” (2011) eýesi. Ol 2022-nji ýylda ýogalýar.
Tankytçylar 2004-nji ýyldan başlap, Swetkowyň “täze şygryýeti”, onuň şygryýet matasynyň çylşyrymlylygy, çeperçilik mümkinçilikleri giňeltmegiň hatyrasyna dil anomaliýalara ymtylyşy, özboluşly çeper dili bilen tanalýandygy hakynda gürrüň açyp başladylar.