Wasiliý Aksýonow

Aksýonow Wasiliý Pawlowiç (1932—2009) — ýazyjy, dramaturg, esseçi. “Rus Bukeri” (2004) “Triumf” (2003), “Ýylyň kitaby” (2005) baýraklarynyň eýesi.
Kazanda şäher häkiminiň başlygynyň maşgalasynda dünýä inýär. 1937-nji ýylda ene-atasy sürgün edilýär. Ýetimler öýünde, soňra garyndaşlarynda, uruşdan soň ejesi bilen Magadanda ýaşaýar. Aksenowyň ejesi Yewgeniýa Ginzburg soňlugy bilen GULAG barada ilkinji ýatlamalaryň biriniň — “Kötel ýol” atly eseriň awtory boldy. Leningradyň lukmançylyk institutyny gutarýar, lukman bolup işleýär. Aksýonowyň “Ýunost” žurnalynda çap edilen ilkinji powestleri — “Kärdeşler”, “Ýyldyz bileti”, “Marokkodan getirilen apelsinler”, “Harytdan doldurylan boş boçkalar” — ony 1960-njy ýyllaryň “şäher ýaşlar prozasynyň” liderleriniň birine öwürdi we ýaşlaryň arasynda uly abraýa eýe etdi. Aksýonow özüni gözleýän, jaza, gezelenje, erkinlige bolan söýgini päk watançylyk duýgusy bilen özünde birleşdirýän hyýalbent sowet gahrymanynyň täze keşbini rus edebiýatyna girizdi.
Ýazyjynyň eserleri samizdatda çap edildi. 1980-nji ýylda ABŞ-a gidýär we uniwersitetleriň birnäçesinde rus edebiýatyndan sapak berýär. Onuň “Biziň altyn Demirjigimiz”, “Ýa­nyk”, “Krym adasy”, “Moskwa sagasy” trilogiýasy, “Täze ýakymly tär”, “Kesaryň şöhlesi” romanlary daşary ýurtlarda çap edildi. 2004-nji ýylda ýazyjy Russiýa gaýdyp gelýär. Onuň bu ýerde ýazan “Wolterýanslar we wolterýankalar” we “Gizlin hyjuw” romanlary okyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe boldy.
Aksýonow sosial grotesk, alternatiw taryh, maşgala eposy žanrlarynda işledi. Tankytçylar onuň prozasynyň ritmiki köpdürlüligini, “stilde jazyň hökman dälligi’, açyk we ýiti keşpliligini, “gysga hemingueý jümlesini” belleýärler.