Lew Danilkin

Danilkin Lew Aleksandrowiç (1974-nji ýylda doglan, Winnisa) — ýazyjy, edebi tankytçy. “Uly kitap” baýragynyň eýesi (2017).
Winnisada dil-edebiýat mugallymlarynyň maşgalasynda dünýä inýär. M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini we aspirantura­syny tamamlaýar. Pleýboý žurnalynyň şef-redaktory, “Wedomosti” gazetiniň edebi syn­çysy, “Afişa” žurnalynyň kitap synçysy we “Rossiýskaýa gazetanyň” medeni bölüminiň redaktory bolup işleýar. Onuň häzirki zaman rus edebiýatyna tankydy synlary “Parfiýa oky”, “Garybyň içegeleri boýunça töwerleýin aýlanmalar” we “Yzdan öňe tertip san goýma. Rus edebiýaty boýunça ýol görkeziji” atly ýygyndylarynda çap edildi. “Ýumurtgaly adam” (Aleksandr Prohanow hakda), “Çagaly ýolagçy” (Ýuriý Gagarin hakda) we “Gün tozanjyklarynyň pantokraty” (Lenin hakda) ýaly aýdyň, çuňňur we özboluşly terjimehal gözlegleriniň awtory.