Andreý Bitow
Bitow Andreý Grigorýewiç (1937—2018) — kyssaçy, ssenariýaçy. RF-niň Döwlet baýragynyň (1992, 1997), RF-niň Hökümet baýragynyň (2014) eýesi.
Leningradda arhitektoryň we ýuristiň maşgalasynda eneden dogulýar. Leningradyň dag institutyny tamamlanyndan soň, burawlaýjy ussa bolup işleýär. Ssenariýaçylaryň we režissýorlaryň ýokary kurslaryny tamamlaýar, ssenariýalary ýazýar.
“Ermenistanyň sapaklary”, “Aptekar adasy”, “Adamyň günleri” we beýleki kitaplary oňa intellektual kyssaçynyň we ajaýyp stilistiň şöhratyny getirýär. Bitowyň “Puşkin jaýy” atly birinji romany 1978-nji ýylda ABŞ-da neşir edilýär, şondan soň Bitow hakynda güýçli rossiýa postmodernisti hökmünde gürrüň edip başladylar. A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda mugallymçylyk edýär. Üýtgedip gurmadan soň köp neşir edilýär. “Uçýan Monahow”, “Şerbaşylar”, “Ýazylmadyk zadyň gutulgysyzlygy”, “Dört ölçegdäki imperiýa” atly dört tomlugy hem-de beýleki kitaplary Rossiýa we halkara derejesindäki köp baýraklara eýe boldy.