Imperiýa boýunça syýahatlar kitaby
Bir ýurt
Ýaş adamyň syýahaty
Aziýanyň derwezesi. Başy
Çagalykdan meniň bar küýüm Aziýa boldy. Semýonowlar, Týan-Şanskiýler, Pržewalskiýler we ýene-de... Grum-Gržimaýlo — olar öz düýelerinde gidipdirler, öz ýaklaryny atypdyrlar, öz samumlaryna düşüpdirler we özleriniň beýik geografik açyşlaryny edipdirler. Men özüme mynasyp lakam gözledim (Meni ne adym, ne-de meniň familiýam kanagatlandyrýardy — olaryň şöhraty kanagatlandyrýardy...). Sergeý Karamyşew. Bu eýýäm erbet däl. Grum-Gržimaýlo we Karamyşew. Pžewalskiý bir elini meniň egnime goýýar, beýlekisini uzak giňişlige aýlaýar. Ol ýerde Sergeý Karamyşowyň dag gerşi. Beýik syýahatçy Karamyşow— Mongolskiý özüniň açan ýabany düýesiniň ýanynda. “Ajaýyp adamlaryň ömri” atly seriýadan kitapjyk — suratlar: syýahatçynyň ejesi, syýahatçynyň kakasy, beýik syýahatçy çagalykda.
Men kitapjagaz bilen ejemiň ýanyna ylgap bardym.
— Ine, Pržewalskiý ýazýar... Nädip beýik syýahatçy bolmaly, häsiýetleriň nähili bolmaly... Mende bularyň hemmesi bar: men syýahatçy bolup doguldym, uly arzuw bilen gyzyklandym. Ylmy taýdan men taýýarlyk görerin, häsiýetimi terbiýelärin, işeňňirligimi artdyraryn, güýç bolsa goşular... — diýip, men barmaklarymy egdim.
Ine, men — Dag institutynyň talyby. Men eýýäm ylymda öwrenilmän galan zadyň ýokdugyny bilýärin. Iň soňkusynyň Grum-Gržimaýle (Ol ýöne bir familiýa däl, gudrat!) nesip eden bolmagy-da ahmal. Munuň çagalyk düşünjesi bolmagy-da ahmal. Emma men başga bir zady bilemok. Çagalyk, mümkin, bu şol ýüzüňi gyzartmajak az zatlaryň biridir.
Men Ýaponiýa hakda — kemsiz-kössüz kämilleşen däbiň we müňlerçe ýyllap sünnälenen hereketiň ýurdy hakynda pikir ýüwürdýärin... Ine, men şeýle owadan ýapon eşiginde çommalyp otyryn. Durna çekilen gapylaryň gabsalary süýşürilip açylýar. Bu meniň arkamda, emma men yzyma seredemok, sebäbi men gapynyň näme üçin açylandygyny we ol ýerde kimiň bardygyny bilýärin. Men onuň nädip ýanyma geljegini, meniň öňümde käsäni nähili goýjagyny we ýene egiljekdigini, nädip yza götinjekläp, baş atyp çykyp gitjegini we edil diwara siňen ýalyp bolup gapyny ýapjagyny öňünden bilýärdim. Men ne oturyşymy, ne-de ýüzümi üýtgedýärin: men munuň hemmesini bilýärin. Munuň hemmelere mälimdigi müň ýyl bäri belli. Bu otag we onda nämäniň durandygy hem belli. Bu zenan hem. Bu zatlaryň hemmesini men hem bilýärin ...
Ýaponiýa... Bu näme bilen gutarýar. Men jaýty burun we çypar, gelşiksiz, ýöne şeýle bir ajaýyp gyza öýlenýärin. Indi Ýaponiýa-da meniň ýanyma has seýrek gelýär. Açyşlar näme? Meniň hünärim — ýer dörjelemek, men ýigrimi üç ýaşymda eýýäm bilýärin, bu — iş.
Ine-de, praktika. Men tutuş tomusda Orta Aziýada bolmaly. Işlemäge gidip barýaryn. Emma özümiň ewakuasion çagalygymdan bäri baglanyşygym bolan Aziýa gidýärin.
Ýene-de bir derweze
— Bu ýerde işgärler bölümi nirede?
— Göni we çepe.
Göni we çepe. Garaňky koridor. Koridorda açyk gapy görünýär. Ondan pola ýagtylyk düşýär. Gapyny çala ýapyp okaýaryn: “Işgärler bölümi”. Ine, gerek zat. Ýene gapyny açýaryn, girýärin. Şkafjyklar. Polda demir sandyjak dur. Stoluň başynda agymtyl sary saçly, dogumly ýüzli pil ýaly adam. Gaýçy bilen bir zady ünsli kesýär. Ýakyn barýaryn, seredýärin. Gyzyl listden äpet Ş harpy kesilýär. Bu birnäçe wagtdan soň belli bolýar. Pil ýaly adam ünsüni sowanok. Ahyryn örän uludan dem alyp, harpyň iň soňky guýrugyny tamamlaýar. Elini aýryp, gözlerini süzüp seredýär.
— Şeýle... — diýip, ol seslenýär. — Ýeri, nähili?
— Meniň pikirimçe, gowy, — diýip, men jogap berýärin.
Pil ýaly adam titräp gidýär, geň galyp maňa seredýär, gyzarýar.
— Siz näme, okap bilýäňizmi? — diýip, ol heňkirýär.
— Bilýärin, şa — diýip, men jogap gaýtarýaryn.
— Ýeri bolýar, otagdan çykyň we okaň, gapyda näme ýazylgy? — Ol, indi öňkä görä biraz rahat we mähirli görünýär. Çykýaryn, okaýaryn. Yzyma dolanýaryn.
— Ýeri, näme onsoň? — diýip, pil ýaly äpet adam ýylgyrýar.
— “Işgärler bölümi” diýip ýazylgy.
— Aşagrakda? Aşakda! — Ol öňküden hem has çyny bilen ýylgyrýar. Çykýaryn, okaýaryn.Yzyma gaýdyp gelýärin.
— “Kesekilere girmek gadagan”, — diýýärin.
— Ine, görýäňizmi, — diýip, ol gülýär, — şol äpişgejige baryň.
Hakykatdan hem, diwarda ikiçijik demir gözenekli äpişgejik bardy. Men äpişgejik tarapyndan barýaryn.
— Ine, — diýýärin.
— Ýeri, näme? — diýip, pil ýaly äpet adam wakyrdap gülýär.
— Maňa işgärler bölüminiň başlygy gerekdi...
— Bu — men. Ýeri näme?
— Ine, geldim...
— Çepe we göni. Arzaňa başlyga gol çekdir.
— Siz näme üçin demir gözenegiň aňyrsynda?
— Akmak, — diýip, ol gülýär, — resminamalar... Çepe we göni. Gapyny kakýaryn. Girýärin.
Stoluň başynda çal saçly adam otyr. Men dogumlylyk bilen onuň stolunyň has ýakynyna barýaryn. Çişik maňa seredýär. Men özümiň kimdigimi, näme bilen meşgullanýandygymy, näme sebäpli gelendigimiň maksadyny uzak gürläp düşündirýärin. Meni gaýdyp oýnamazlar ýaly, hertaraplaýyn düşündirmekçi boldum. Ol ünsli diňleýär we özüniň gök gözleri bilen meni synlaýar. Ony men haladym. Ine, men hemmesini aýdyp boldum.
— Şeýle... — diýip, ol seslenýär. — Şeýle, siz başlygyň ýanyna barmaly — diýip, goňşy stoluň başyndaky kiçijik, garaja, edil oglanjyk ýaly adamy görkezýär.
Men derledim. Ikinji stoluň ýanyna bardym. Başlyk kellesini galdyrman, bir kagyzy okaýardy. Men ýollama hatyny çykaryp, kagyzyň üstünde goýdum. Ol okamagyny dowam etdi.
— Hiç zada düşünemok, — diýip, ol birden maňa gözlerini dikdi.
— Eh, bu siziňkimi? — Onuň gözleri ýadawdy, aladalydy.
— Meniňki.
— Bir hepdeden bärde iş ýerini berip biljek däl.
Telefon jyrlady.
— Şeýle, bir hepdeden geliň, ýerleşdireris, — diýdi-de, ol trubkany galdyrdy: — Hawa, men. Hawa, başlyk. Ýeri, size näçe gezek aýtmaly, o nähili häzir başaramok! Uklasym gelýär, düşünýäňizmi? Bar... ýok bolsanyzlaň... — diýdi-de, ol trubkany taşlady. Ýeri, oglan bolanda näme! Ol maňa gözlerini aýlady.
— Siz, henizem bärdemi? Bir hepdeden. — Men sagyndym.
— Hä-ä-ä... düşündim. Siziň puluňyz ýokmy?
— Ýok, siz näme! Bar! — diýip, men näme üçindir aýtdym.
— Hä, onda siziň, belki, ýatar ýaly ýeriňiz ýokdur?!
— Gülkünç, — diýdim. — Aziýanyň ýarysy meniň garyndaşlarym!
— Hm, şeýlemi, onda bir hepdeden. — Men çykdym. Nirä gitmeli?
— Eý! — diýip, meni çagyrdylar. Bu agymtyl sary saçly äpet, pil ýaly adamdy. — Siz, belki, bu ýerde hiç zady bilýän hem dälsiňiz?! Ýör, bile gideli. Ýogsa-da, men size bu ýerde iň gowy piwonyň nirededigini görkezeýin...
Ol maňa myhmanhanany hem-de piwony görkezdi. Üç günden soň, meniň pulum-da gutardy.
Horan adamyň ýazgylary
Men nädip garnymy doýurdym
Men öz kitapçajygymdan tapan bir salgyma gidip barýardym. Bu bir tanyş rus adamsydy. Biz onuň bilen otluda, şu ýere gelýärkäk tanyşdyk.
“Onuň öýünde iýip içerin” — diýip, pikir etdim. Onuň ýaşaýan köçesi düýbünden başga köçe eken, oňa nädip barmalydygyny hiç kim düşündirip bilmedi. Biri düşündiren ýaly etdi, men hem köne şäher bilen uzak wagtlap ýöredim...
Bir metr inlilikdäki köçäniň iki tarapynda iki metr beýiklikdäki jaýlar ýerleşýärdi. Men eginlerimi duwallara degiräýjek-degiräýjek ýaly bolup barýardym. Köçejiklerdäki jaýlaryň tekiz ýerleri kä ýerlerde deşilipdir we gapy dakylypdyr. Gapylaryň öňünde aýaklary ýalaňaç, reňkli köýnekli, kyrk örüm saçly, gulakhalkaly, elleriniň we aýaklarynyň dyrnaklary reňklenen gyzjagazlar otyrdylar we özleriniň pökgüje oglan jigileri bilen başagaýdylar; ýa-da gapylarda hiç kim oturanokdy. Gapy açykdy, ondan hem iki duwalyň arasyndaky dälizjigi görüp bolýardy. Olar has darajyk köçe ýalydylar. Ol ýerde başga-da açyk gapy bardy, onuň aňyrsynda bagjagaz göze ilýärdi. Ol ýerde hem öňki ýaly gyzjagaz öz jigisini oýnadýardy. Gazanda bir zat gaýnaýardy, agaç gözenekden üzümler sallanyşyp durdular. Tagta seki baga çykarylypdyr we üstüne haly ýazylypdyr. Bir hütdüjek burçdan motosikl görünýärdi...
Men köne şäher bilen gidip barýaryn, ýöne öz gözleýän köçäme ýetemok. Men ýene sorap başladym. Görüp otursam, men başga tarapa gidip barýan bolsam nätjek. Men özüme ýalňyş ýoly salgy beren nätanyş adamy ýatlap, oňa içimden we eşitdirip sögünip yzyma öwrüldim. Ýatlamlarymda ol adam has semiz we özüne göwni ýetýän bolup göründi. Men oňa doklugy we özüne göwni ýetýändigi üçin sögündim. Men tä köşeşýänçäm we ondan täze-täze ýetmezçilik we betnyşanlyk tapyp, bu ýöne bir ädimiň ritmine görä edilýän oýna öwrülýänçä sögündim. Garnym bolsa, açlykdan ýaňa eljuk diýýärdi... Dartylyp duran damarlar, göwnüme bolmasa, ybadathananyň gümmez ýaly çişipdi. Hamala, ol ýerde apy-tupan gopýan ýalydy. Agzym bolsa ajap durdy.
Men magistrala çykdym. Gapdalymdan bolsa awtobuslar geçip durdy. Men örän ýadandygym üçin olaryň islendigine münüp gidip biljekdim, ýöne bilet almaga ýekeje teňňäm-de ýokdy. Howa tüp-yssydy. Näme üçindir günortanky yssy çydamaz ýaly däldi, emma öýleden soňky, sagat dörtlerdäki yssa welin çydap bolmaýardy. Men kwasyň, doňdurmanyň, gazly suwuň gapdalyndan geçýärdim, ýöne olara seretmezlige çalyşýardym. Hemme zadyň soňunyň bolşy ýaly, ine, men hem maksadyma golaýlaşdym.
Men köçäni hem, jaýy hem gözläp tapdym.
Bu ýerde meni naharlarlar we suwdan gandyrarlar.
Men ony howludan gözläp tapdym. Ol maşyn bilen güýmenip ýördi. Meniň geljegime garaşman eken. Ol meniň bilen örän şähdaçyk we keýpihon salamlaşdy. Bu meni geň galdyrmanam durmady. Bu meniň göwnüme däl. Onuň ýag filtri akyp durdy, ýüzi bolsa gaýgylydy. Ol eýýäm işe girişendigini, indi goýsa, bu işiň başyna haçan geçjeginiň belli däldigini aýdyp, ötünç sorady we meniň biraz garaşmagymy haýyş etdi. Ol kellesini kapotyň aşagyna sokýardy we güýmenip oturyşyna meni ýadyndan çykarýardy. Kapotdan kellesini galdyranda, meni gördi, duýdansyz ýadyna düşürdi. Onuň ýüzi üýtgäp gitdi we bildirmejek bolup, meni güýmäp başlady. Onuň soraglary we sözleri meni has-da oňaýsyz ýagdaýda goýýardy. Gaýta, onuň şol öňki üns bermän, ýadyndan çykaryşy-da mundan gowudy, sebäbi men hem ümsüm wagtym iýmit, aç garny doýurmak hakda pikir edip, dünýäni unudýardym.
Men ötünç sorap, ýene bir gezekde gelerin diýip, eýýäm bu ýerden turup gitmelidim we soň hem hiç wagt bu ýere gelmeli däldim, ýöne günortanlyk edinmek niýetim bilen bu pikirimden el çekdim. Onsoň hem turup gidäýmelidim welin, men maşynyň ýanynda uzak oturdym. Şonuň üçin-de turup gidäýmegiň ebeteýini tapmadym we özümi oňaýsyz duýdum. Ol bolsa, edil meniň maksadymy bilýän ýaly, şeýle gödeklik bilen eýýäm meniň üstümden gülýän ýaly, hondan bäri bolup gürleýärdi. Ol eýýäm utananok we menden ötünç hem soranok. Garyp garyndaşyň ýagdaýy meniň has hem gaharymy getirýärdi we ganymy gyzdyrýardy.
Ol nähilidir bir düýbünden manysyz işi ýerine ýetirýärdi: gaýkajyklary süpürişdirýärdi, olary ýagda ýuwýardy, towlap açýardy, yzyna towlaýardy, tozanyny üfleýärdi. Umuman, öz maşynyndan we dynç gününden lezzet alýardy we göz-görtele maňa üns bermeýärdi.
Haçan-da ol käwagt menden ötünç soraýanda-da, bu eýýäm göz-görtele kiçi dilden bärde aýdylýardy, bu bir hili aýratyn göwne degme, üstüňden gülme bolup eşidilýärdi. Men oturgyçda berk ornaşyp otyrdym. Gidemokdym, keýpine oturan ýaly bolmagy hem başaramokdym. Haýsydyr bir eşidilmedik zat hakynda gürrüň bermäge-de özümi mejbur edip bilemokdym. Men otyrdym we gazetden hiç bolmanda bir okalmadyk maglumaty gözleýärdim.
Men bir geň zat hakda pikir edip başladym. Sen kimdir birine tabyn bolup, ondan bir zat hantama bolsaň, ol şeýle bir batly ýapylyp, biperwaý we doňýürek bolýar eken. Ýeri ol sebäbini bilende näme... Eger-de men başga ýagdaýda bolan bolsadym, ol meni, belki, maşynyň ýanynda saklamakdan utanardy. Belki, stoluň üstüne bar zadyny goýardy we her hili edip öz myhmansöýerligini görkezerdi. Özüniň hiç kimden garyp däldigini, erbet ýaşamaýandygyny görkezmek üçin hem ederdi... Ýogsa garnym dok wagty maňa näçe gezek nahar iýmegi teklip etdiler. Hatda iýmit hakdaky pikiriň maňa ýaramaýan wagty-da, öý eýeleriniň göwnüne degmezlik maksady bilen, men ikinji gezek stoluň başyna geçipdim we iýip içipdim. Olar çyny bilen näçe hödür edenlerinde, meniň hem şonça ynamly boýun gaçyran halatlarym-da bolupdy. Ynamlyrak... Belki, meniň ynamsyzlygym häzir oňa meni görmezlige salmagyna mümkinçilik berýändir? Hudaý, men öz ömrümde baýramçylyklaryň, toýlaryň köpüsinde tagam iýmän isrip etdim. Olaryň hemmesini ömrüňe paýlap bolsa-dy. Hudaý, onda näme üçin hemme zatda deňlik ýok...
Bu bolsa — deýýus.
Men indi köne şäherde azaşyp ýörkäm oýnan oýnuma başladym: öý eýesiniň iň erbet taraplaryny gözlemäge girişdim, olary tosladym, oňa mahsus bolup biläýjek nejislikleri gözden geçirip çykdym. Meniň iýmäge pulum ýokdur öýdüp pikir etmesin diýen pikir bilen men özümiň geologik işim we onda meniň alýan ýeňil gazançlarym barada ýalan sözläp başladym. Men has hem paňlapdym. Heniz otludakam şol bir aýdymy aýdyp başlapdym (onda bu ýöne oglanlyk bolupdy), emma şonda men, Moskwada ummasyz köp möçberdäki pulumy ýele sowrandygymy, öz goşlarymy “bir tanyş zenanyňkyda” goýandygymy, ekspedisiýa diňe köne-küşülde gidýändigimi aýdypdym. Indi bolsa düýbünden ýerliksiz başga zatlary samahyllaýaryn (Hudaýa şükür, bu oglanlyk bilen edilýärdi). Mysal üçin, düýn plýažda nädip meniň pulumy ogurlanandygy hakda. Şonda ol maňa wagon-restoranda hödür-kerem etdi (Eý, şonda men entek dokdum we ak göwün bilen ýalan sözläpdim). Şonda ol maňa ynandy we meniň biderek gürrüňlerim üçin «hormat goýdy» we maňa haýran galdy. Indi bolsa ol maşynyny dörjeläp, öz öýüniň howlusynda durup, owçarkasyny kowup, öz ogluna gygyryp käýäp, maňa nebsagyryjylyk bilen garaýardy. “Aç adam şeýle özüniň mertebesini ýitirýärmikä, adamlar bolsa oňa üns bermän başlaýar? Bu ýerde esasy zat, näme üçin ýerimden turmaly we güm bolup gitmeli däl...”. Onuň maňa düşünýändigine düşünip, men ýene-de bolgusyz gürrüňimi dowam etdim.
Onuň mähirlije, keselbent oguljygy bolsa zol aýaga çolaşýardy, bedreleri agdarýardy, ýaglary döküşdirýärdi, itiň yzyndan gaýka açarly ylgaýardy... ol hem meni sylanok.
Bu maňa şeýle bolup göründi. Haçan-da öý eýesi kanagatlanma bilen ellerini köne esgä süpürip:
— Şeýle, onda indi garbansak hem boljak — diýende, garaňkyrapdy.
Ol aýalyny çagyrdy, buýruk berdi.
Ol nähili stol bolupdy! Pomidorly salat, lagyl reňkli, altyn öwüşginli borş. Et. Dogralyp gyzardylyp gowrulan kartoşkaly et. Stoluň merkezinde grafinjik derläp dur. Örän uly miweli gap.
Stoluň üstüne hemme zat goýlandan soň we hojaýyn meniň nähili maksadymy bilen adam hökmünde, şol bir ýüregi ýukalyk bilen, has hem maňa kemsitme bolup görnen ýylgyrma bilen meni stoluň başyna çagyrdy. Men:
— Sag bol, men dok, — diýdim. Ýok diýmedim — pikir etdim. Pikir etdim — stoluň başyna geçdim. Öý eýesi we öý bikesi, gör, nähili ýakymly we gowy adamlar!
Bazarstan
Köne şäher, täze şäher. Täze bazar — köne bazar.
Bazaryň öňündäki giň meýdan fanerden edilen dükançalardan, larýokdan, lotoklardan, palatkalardan we ýazgylardan doludy. Bazaryň özüne bolsa uzyn we beýik ýapyk ýerasty geçelge eltýärdi. Günüň düşýän ýerinden soň gireniňde, ol has garaňkydy. Ýersaty geçelgäniň diwarynyň ýanynda şol bir öňi penjireli larýoklar gysylyşyp durdular. Geçelgäniň içinden gapjyklaryny göterip we ýüzlerini ýaglyk bilen ýapyp gelýän garry aýallar; welosipedleriniň rulundan tutup hem lezzet bilen onuň jaňlaryna basýan ýaş özbekler; ýap-ýaňy bazar çaýhanasyndan çaý içip turup gaýdan donly garynlak adamlar we başga-da köp adam ýöräp barýardy.
Ýerasty geçelge gutardy, maňa ýene-de içiňden geçip barýan, gyzgyn ýagtylyk düşdi. Gawun-garpyzlardan doly, çogly güneşli, mygyldyly, haltyldaýan örän uly giňişlik; onda ýüklerini düşürýän maşynlar, arabalar; gamly we yzyny üzmän aňňyrýan ýadaw eşekler; ýitip gutaryp barýan täsin senetleri häzir hem dowam edýän täsin, garry babalar bardy. Garrylaryň öňlerinde üstünde garalan we pos atan zatlaryň nusgasy bolan ýazylgy ýaglyklar — witrinalar. Emma hiç kim garrylaryň ýanyna baranok. Olar oglanjyklaryň çaýhanadan getirip berýän çaýlaryny içýärler, biri-birine düşnüksiz sözleri aýdýarlar we baş atýarlar.
Bir garry bolsa arap kitaplaryny satýardy. Bolmasa, ol näme üçin kitaplary öz ýaglygynyň üstünde ýaýradyp goýupdyr? Kitaplar gara reňklidi, könedi we bir hili syrly görünýärdiler. Men bardym, ilkinji elime ilenini aldym we bilýän kişi bolup açyp başladym. Şol bada hem garry adamy beýle gorkuzmagyň gerek däldigine düşündim. Ol maňa edil başga dünýäden gelen gelmişegi gören ýaly seretdi. Birden oýanan ýaly bolup, daş-töweregine garanjaklap başlady. Ol, belki, ilkinji gezek, özüniň nirededigine we bazarda oturandygyna düşündi diýip, men pikir etdim.
— Boldy aksakal! — diýip, ol maňa gorky we mähir bilen seretdi. Ol gapdalynda oturan ähli garra barmagyny uzatdy, olardan bir zady tassyklamagy haýyş etdi. Garrylar baş atyp, gürleşip başladylar.
Ol maňa pasportyny görkezdi.
Men doňňara daş bolup durdum.
Şol wagt hem hapa donly bürünçden edilen täsin zat ýaly daýaw bir özbek golaýlap gelýärdi. Olar garry bilen düşünişdiler. Birden garry kükregini gaýşardyp, barmagy bilen meni görkezdi we garrylaryň ählisi maňa sakgallaryny peşşerdişip, meni barmaklary bilen görkezdiler.
Men bu ýerden gitmegi makul gördüm.
Miweli hatarlar bolsa... Olary men görmedik bolsadym! Düşnüksiz güýç meni olaryň ýanyna iteleýärdi, daňyp goýýardy. Men näme üçin bu ýerde? Men ýöne şäherde entäp ýördüm, birden maňa bazary kesip geçmek — bazaryň içinden geçmek nämä gerek boldy... Ýöne näme üçin kesip geçmek gerek boldy? Men ýöne boş entäp ýördüm we hiç ýere gyssanamokdym ahyryn? Bu ýerde men söwdanyň nähili gözel bolýandygyny gördüm. Olar miweleri nähili goýýarlar. Bu adamlaryň ýürekleri nakgaşyň ýüregi ýaly.
Men yzy üzülmeýän bassyrmalaryň gapdalyndan, gara, gyzyl, ak we altyn öwüsýän, çigitli we çigitsiz, hoz ýaly we uzyn gelin barmak üzümleriniň arasyndan ýöredim. Men almalaryň we armytlaryň, injirleriň we narlaryň, şetdalylaryň, şetdalylaryň... näzik we şiresi akyp duran şetdalylaryň gabadyndan geçdim. Bularyň hemmesine seretmek hem meniň häzirki ýagdaýymda akmaklykdy. Haçan-da men bassyrmalardan gaçyp geçenimden soň, suw ýaly akyp ýatan garpyzly deňze bardym: ýaşyl tolkun ýaly garpyz üýşmekleri. Ýa-da çöle düşdüm, ol ýerde gawunlar alaň ýaly bolup, ol altyn öwüsýärdi. Güne garalan özbekler donlarynyň öňüni açyp, bu deňizde ellerini galgadyp ýüzýärdiler, bu alaňlarda bolsa göçüp-gonup ýördüler.
Garpyzlardan gaçyp, men ýene-de bassyrmalaryň aşagyna düşýärdim. Bularyň hemmesi maňa düýş ýalydy. Haçan-da şol bir zatlar dowam etse, wagt geçmese, hemme zat gaýtalanýar, gaçasyň hem gelýär, başaraňok, gygyrasyň hem gelýär, bolanok. Men ýene-de garpyzly deňze bökýärdim. Çykalga tarap ýüzmäge çalyşýardym, çykalga tarap...
Bazaryň gutarýan ýerinde ýene bazar başlanýar. Bazarlaryň bolsa soňy ýok...
Bu eýýäm düýbünden başga bazardy. Bu ýerden hiç zat meniň derdimi gozganok. Bu ýerdäki söwda-da düýbünden başgady.
Ol ýerde aňyrsy görünmeýän hatarlar bardy, aýallar bolsa, käwagt tertipli edip bir ýere boglan, käwagt bolluk bilen üýşmek edilip dökülen dürli reňkli mata bölekleriniň üstünde wagyrdaşýardylar.
Bir erkek adam bolsa, daşyndan göräýmäge örän gyzgyn, inçe burun galoşlaryň tutuş üýşmeginiň ýanynda ornaşypdyr.
Gaharyň bolsa gelip başlaýar...
Birdenem şeýle bir erteki başlanýar — halylar. Edil uçuş meýdançalary ýaly, agaçlaryň arsynda ýüplerden sallanyp goýlan owadan, dürli reňkli halylar, edil... hiç zat bilen deňeşdirer ýaly däldi. Olaryň giden hatary dälizleri we köçeleri emele getirýärler. Bu köçeler we dälizler özara kesişýärler. Bu köçeleriň arasynda adamlar ýöreýärler we çatryklarda dumly-duşa gidýärler. Bu ýerde azaşmak hem mümkin.
Men haly satylýan ýerden çykdym we duran motosiklleriň ýanyna bardym. Bu söwdanyň has gyzgalaňly ýeridi. Söwdalaşýanlaryň gykylygy ara alyp maslahatlaşýanlaryňka, elleriniň hereketleri bolsa uruşýanlaryňka meňzeýärdi. klaşyp edýän gürrüňleri daş-töweri gaplap alypdy. Myžžyk bolan, göçgünli, hakykatdan hem hyjuwly adamlar gudoklary basýardylar, nikeli sypalaýardylar, döşlerine urýardylar.
Soňra bolsa öküz, sygyr, eşek, goýun, geçi satylýan mal bazary başlady... Goýunlar özleriniň täsin guýruklaryny ýaýkaýardylar. Daňlan towuklaryň topbagy. Bularyň hemmesi molaýardy, mäleýärdi, wakgyldaýardy. Bularyň üstesine-de ýuwaş bolsa-da, näme diýseňem, bularyň üstüni basýan, adamlaryň bogaza zor salyp edýän gürrüňleri eşidilýärdi. Meniň şol ýerde bar mahalym iki düýäni getirdiler. Olar kiçijik, özlerine göwni ýetýän kelleleriň üstünden seredip durdular. Olaryň uzyn boýunlaryny gaýşardyp duruşlary edil dabaraly ýörişdäki serkerdelere meňzeýärdi. Ahyry, öňde, nirededir bir ýerde çykylýan ýer görnen ýaly boldy.
Edil çykalganyň ýanynda saçy düşen, togalak adamjyk öz harytlary bilen ýerleşipdir. Ol daşyndan ulumsy görünýärdi we öňünde ýaýradyp goýan harytlarynyň köpdürlüligi haýran galdyrýardy. Olaryň arasynda dürli millete degişli bolan ýyrtyk eşikleriň üýşmegi, nähilidir bir hili gap-gaçlar, primus, mis legen, mozer budilnigi, sapançanyň tutawajy — bu zatlaryň hemmesi meniň üçin “Bazarystan” diýen ajaýyp ýurtda betnyşanlygyň nusgasy bolup göründi. Ol harytlaryň depesinde “Islendik zadyň bahasy 10 rubldan gymmat däl” diýen ýazgy asylgy durdy. “Bäh, görüň-ä muny. Täzelik bolaýşyny.” diýip, men pikir etdim. Bu yrgyldap duran akmajygyň has ýakynynda, çep tarapynda şaly samanyndan edilen owadan şlýapa ýatyrdy. Daşky görnüşi asylly we düýbünden täzedi. Elbetde, ol 10 rubla mynasyp däldi.
Nähilidir bir şeýtanjyk meniň içimde gozgalaň tapdy.
Men şlýapany elime aldym we boş jübüme elimi sokdum:
— Onmy?
Ol aýbogdaşyny gurup oturan ýerinden çalasynlyk bilen böküp turdy. Onuň böken aralygy ýarym metrden az däldi. Oturan ýeriňde şeýle böküşi ýerine ýetirmegiň mümkindigini men bilemokdym. Ol maňa ýigrenç bilen, dürbüniň turbasy ýaly hanasyndan çykyp barýan, guradylan garaly ýaly gözlerini aýyrman seredip durdy. Onuň edil derisiniň aşagyndan syçan ylgap geçen ýaly, tutuş ýüzi hereketlendi. Bolup durşy-da söz tapmaýan ýalydy. Ol birden meniň elimden şlýapany kakyp aldy-da gygyrdy:
— Gümüňi çek meniň dükanymdan.
Men daş çykdym... Ümsümlik, edil uka giden ýaly adamsyz köçeler, doňup galan baglar, duwallar, olaryň kölegeleri we ýoluň ortarasynda duran tapbat...
Nähili täsin.
Palaw, Leningrad
Köçede pul taparyn diýen ilkibaşda ynamsyz pikir soňlugy bilen çyna öwrüldi. Men şäheriň içinde näçe köp aýlandygymça, şonça-da işdäm has hem açylýardy (mundan köp nirä, diýsene!), şonuň bilen birlikde-de, pul hakdaky pikirim hem gitdigiçe güýjeýärdi. Ine, häzir, şu burçuň aňyrsynda, şu urnanyň ýanynda... ine, häzir. Gözüme pul bolup görnen kagyzlary näçe gezek ýerden galdyrdym!
Eýýäm agşam düşüpdi, mende bolsa agşamlygyň suwsuzlygy duýlup başlady. Men şeýle bir suwsadym welin, eýýäm açlygym ýadyma-da düşmedi. Men aýagymyň aşagyna seredip, ýuwaşlyk bilen ýöräp barýardym. Garaňkynyň düşmegi bilen, pul tapmak baradaky iň soňky ynamymy hem ýitirdim. Birden bir zat meniň ädimimi agraltdy we yza çekdi. Haýatyň ýanynda, köçe çyrasynyň ýagtylygynyň düşmeýän ýerinde bir zat ýylpyldaýan ýaly bolup gitdi. Men oňa ünsem bermändirin, sebäbi şeýle boş oýunlar ozal eýýäm bolupdy we hiç zatsyz gutarypdy. Men ýöremämi dowam etjek boldum. Emma meni nähilidir bir düşnüksiz duýgy saklady we men şol ýere gaýdyp geldim we... Bu hakyky üç rubldy. Şatlyk akyl bilen çalyşdy, bu bir kän zat hem däl. Emma bu-da...
Men çilim aldym we çaýhana sowuldym. Bir çäýnek çaý alyp, ilki bilen suwsuzlygymy gandyrdym we özümiň ajygandygymy duýdum. Çilim çykardym we otlap çekip başladym. Golaý gapdalymda oturan täjik meniň bilen gürrüň açdy. Ol çilim sorady. Men oňa bir çilim berdim. Täjik meniň bilen gepleşýärdi we wagtal-wagtal çaýhananyň aşhanasynda taýýarlaýan palawyna seretmäge ylgap gidip gelýärdi. Men onuň bilen gepleşýärdim we maňa palaw hödür etmezmikä diýip pikirlenýärdim. Garaşyp oturyşyma men ýene bir çäýnek içdim. Çaýy welin şeýle bir içesim-de gelenokdy. Men çaýa derek bir rubla çörek alaýmaly ekenim diýip pikir etdim.
Täjik tehnikumyň talyby bolup çykdy.
— Sen kim bolmaly? — diýip, men soradym.
— Jemgyýetçilik iýmiti boýunça inžener-instruktor, — diýip, ol gopbamsyrap aýtdy.
— Oh, örän gowy kär. — Men içimde çydap bolmajak sanjyny duýdum. — Talyp hakyny töleýärlermi? — diýip, men azgyrylýan ýaly gepledim.
— Talyp haky-da, pulam şundan! — diýip, ol elini bokurdagynyň ýanyndan geçirdi. Men hem ondan kem galmajak bolýan ýaly öwündim:
— Men geolog, bäş ýyl mundan ozal instituty tamamladym. Üç müň alýaryn.
— Oh-ho-ho-ho! — diýip, täjik geň galýanyny mälim etdi. Men öz-özüme bu gürrüňiň näme-how diýip, gürrüňimiň mazmunyna sypaýyçylyk çaýdym:
— Emma ýat şäherde pul tiz gutarýar — oho! Dynç güni geldim, eýýäm ýüz manat sowdum, emma aç, — diýdim.
— Hawa, ýat şäher — bu şeýle — diýip, ol ýene-de bişirýän palawyna seretmäge gitdi. Men häzirki ýagdaý barada oýlandym we ol gelende şeýle diýdim:
— Şeýle, diýmek, sen instruktor... Hä.ä.ä, belki, sen nahary-da gowy bişirýänsiň?
— Oh, hawa, hawa-la, — diýdi.
— Hakyky tagamly palawy bişiräýmek, belki, örän kyndyr?
— Oh, oh, tüwi, et, guýruk ýag, sogan, burç, pomidor, kişmiş... — Meniň gözümiň öňi garaňkyrap gitdi. Men içimdäki sanja çydap we ýuwdunyp:
— Et nämäniňki? Goýnuňkydyr, hä?.. — diýdim.
— Goýnuňky, goýnuňky, — diýip, täjik tassyklady. “Seniň özüň...”— diýip, men oýlandym. Soň yzyny dowam etdirdim:
— Bizde — demirgazykda öý bikeleri tüwini gowy bişirmek iň kyn zat diýýärler.
— Tüwi, tüwi, — diýdi-de, ol: — Ýöne Leningradda-da, çaýhana we palaw bardyr ahyryn? — diýip sorady. Men nebsi agyrar diýen tama bilen pursatdan peýdalandym:
— Ýok, — diýdim.
— Biý, ýokmy? Çaýhana ýok, palaw ýok... — diýip, täjik samyrdap başlady.
— Men diňe şu ýerde birinji gezek iýip gördüm, onda-da naharhanada.
— Be... be, bäh, — diýip, instruktor gözlerini agdardy.
— Ýöne naharhananyňky öýde bişirilen bilen deňeşdirer ýaly hem däldir diýip, men onuň hyýalyny biljek boldum.
— Oh, öý! Seniňki Leningrad, meniňki Uratýube.
— Öýde bişenini men düýbünden dadyp görmedim... — diýdim men. Instruktor bolsa palawa seretmäge gitdi. Men şondan soň çaýymyň gutaranyny bilip galdym. Hiç zada güýmenmän, ýöne otursam, ol men tamakin bolýandyr öýdüp pikir edäýmesin diýen pikir bilen ýene bir çäýnek aldym. Instruktor gaýdyp geldi we ýene çilim sorady. Men oňa çilim we çaý hödür etdim.
— Ýeri, nähili? — diýip, men soradym.
— Taýyn diýen ýaly. Men onuň gapagyny ýapdym. — Men ýagly buglaryň nähili çykýandygyny, goýalýandygyny we gapaga ýelmeşýändigini göz öňüme getirdim... Suratlandyrma şeýle bir aýdyňdy. Men doly erkimi aldyryp:
— Howa — diýdim. — Meniň öý palawyny örän iýesim gelýär...
— How, hawa... Men ýene bir çilim alaýyn. — Ol aldy.
“Men nämeler diýip otyryn we maňa näme bolýar?..” diýip, içimden pikir etdim we şeýle diýdim:
— Bizde — demirgazykda hem süýji zatlary bişirýärler, ýöne siziňkä seredeniňde başga görnüşli tagamlar. Ine, Leningrada gelersiň, men saňa hödür ederin.
— Hä, şeý diýsene, ýolum düşse, hökman bararyn. Görüp gaýdaýyn, belki, bişendir — diýdi. Men hem ýerimden turdum we aýgytlylyk bilen şeýle diýdim:
— Seniň muny nähili bişirýändigiňi göreýin...
Biz iki sany uly, adam boýly lakyrdap duran mis semewarlaryň, olaryň ýanynda hysyrdanyp ýören çaýçylaryň gapdalyndan geçdik. Kiçijik otaga girdik. Ol ýerde gawunyň daşyndan azyndan on bäş aýal otyrdy we gepleşýärdiler. Edil daş owradýan maşyn pyrlanyp işleýän ýalydy. Şol bir wagtda her biriniň dilinden onlarça nätanyş söz çykýardy.
Men görnenimden, daş owradýan maşyn togtady.
Hemmesi instruktora seretdi.
— Rafikon kolonsolon LENINGRAD — diýip, ol güldi: kanibadam huşt libos PALAW.
Hemmesi gülüşdi. Daş owradýan maşyn işläp başlady. Üstümden gülüşýärler diýip pikir etdim-de, manysyz ýylgyryp, hemmesine seretdim.
— Palaw, Leningrad — diýdim.
Biz aýnasyz gara aşhana geçdik. Plitkanyň ýanynda çala çalaryp barýan közleriň üýşmegi bardy we goňşy otaga açyk gapydan çalaja ýagtylyk düşýärdi. Garaňkylyk ýagdaýa aýratyn bir täsin öwüşgin berýärdi. Göni plitanyň üstünde äpet gazan goýlupdyr.
Instruktor gapagy galdyrdy.
Meniň burnuma haplap uran güýçli, nätanyş we çylşyrym ys, tas edil partlaýyş tolkuny ýaly, atyp urupdy.
Äpet gazan dos-doludy.
Instruktor gapagy galdyrdy. Kepgir bilen gazanda agdaryşdy we:
— Taýyn — diýdi.
Men gyzyl tüwülere, gazanyň ýagly diwarlaryna seretdim we meniň başym aýlanyp gitdi. Instruktor bolsa goňşy otagdaky aýallara bir zat diýip gygyrdy we olaryň biri äpet mejimek getirdi. Men heniz beýle mejimegi görmändim! Şeýle-de biraz kiçiräk mejimek getirdi. Ol gazandakynyň ählisini äpet mejimege guýdy we aýal ony göterip äkitdi, gawunlaryň arasynda goýdy. Ol düýbünde galanyny gazady we kiçiräk mejimege saldy. Bu bizedir diýip men pikir etdim.
— Ine, boldy — diýip, ol seslendi: — Beýle kuhnýany Leningradda görmersiň.
Biz çykdyk. Aýallar ellerini mejimege batyryp, palawy togalap şarjagaz edip, şarjagazlary agyzlaryna salýardylar. Meniň mejimegiň üstünde ýataýasym geldi. Instruktor kiçiräk mejimejigi çaýhanaça berdi.
— Ýene çäýnek alaly — diýdi-de, ol ýigrimi bäşlik puly çykardy. Men onuň ýigrimi bäşligine ýigrenç bilen seretdim we:
— Saňa iri puly bölmek nämä gerek. Meniň ownugym bar. — diýdim we soňky köpüklerimi çaýhanaça berdim. Instruktor ýigrimi bäşligi yzyna saldy. Biz çaýymyzy içip bolduk. Ol maňa bir zatlar diýdi, men hem — oňa.
— Gök çaý — gowy çaý — diýdi we çaýyň soňuny käsä guýdy-da, maňa uzatdy. Men boýun gaçyrdym, sebäbi meniň aşgazanymda iki litr gyzgyn suw gaýnap durdy, başga hiç zat ýokdy. Instruktoryň ýüzüne öýke çaýylyp gitdi.
— Hökman iç. Bizde çaýyň soňuny hiç kime berme, diňe gowy dostuňa ber diýýärler.
Biz biri-birimiziň egnimize kakyp we dogan ýaly gülşüp, ýerimizden turduk. Instruktor sagadyna seretdi.
— Oho! On ikä on bäş minut bar... Men gyssanmaly, — diýdi.
— Şeýlemi, gijäň rahat, — diýip, uludan demimi aldym-da, ýylgyrdym.
...Men şol gije seýilgähiň bir kese oturgyjyna süýndüm we eljuk diýýän aç garnymyň jugurdysyna diň salybam uka gitdim.