Guzel Ýahina
Ýahina Guzel Şamilýewna (1977-nji ýylda doglan) — ýazyjy, ssenariýaçy. RF-iň Hökümet baýragynyň (2019), “Uly kitap” (2019) we “Ýasnaýa Polýana” (2015) baýraklarynyň eýesi.
Kazan şäherinde lukman bilen inženeriň maşgalasynda eneden dogulýar. Kazan mugallymçylyk institutynyň daşary ýurt dilleri fakultetini we Moskwanyň kino mekdebiniň ssenariýa fakultetini tamamlaýar. Reklama ulgamynda işledi.
Awtoryň edebiýatdaky debýuty ― 2014-nji ýylda “Newa” žurnalynda çap edilen “Kebelek” hekaýasy. Ondan soňky ýylda tatar daýhanlarynyň 1930-njy ýyllardaky tragediýalaryna bagyşlanan “Züleýha gözüni açýar” atly taryhy romany çap edilýär. Roman bestsellere öwrüldi, kän neşir edildi, ekranlaşdyryldy. Ýahinanyň beýleki romanlary — “Meniň çagalarym” (Powolže nemesleriniň ykballary hakynda), “Eşelon Samarkanda barýar” (Powolžedäki 1920-nji ýylyň açlygy barada) atly romanlary hem uly seslenme döretdi.
Ýahina — XX asyryň arhiw barlaglaryny talap edýän, çylşyrymly taryhy maglumatly eposy bilen işleýän häzirki zamanyň az sanly awtorlarynyň biri. Onuň kyssasy kinematografik we içki uly dinamika eýedir.