Alekseý Parşikow

1954-nji ýylda Primorsk ülkesiniň Olga posýologynda dogulýar. Çagalykda Kiýewde, Donesk­de ýaşaýar. Kiýewiň Oba hojalyk akademiýasynda we A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda okaýar. 1980-nji ýyllaryň formal däl şahyrlarynyň hataryna degişli bolup­dyr, onuň döredijiligi soňra “metarealizm” diýip atlandyrylyp başlanýar. 1991-nji ýylda San-Fransisko şäherine (ABŞ) göçýär, Stenford uniwersitetiniň slawistika bölüminde magistr derejesini alýar. 1995-nji ýyldan Kýolnda (Germaniýa) ýaşaýar. “Duýgurlygyň şekilleri” (1989), “Cyrillic Light” (1995), “Saýlanan” (1996), “Angarlar” (2006) we beýleki kitaplaryň awtory. Goşgulary iňlis, daniýalylaryň, idiş, hytaý, nemes, niderland, serb, özbek, fin, fransuz, ýapon we beýleki dillere terjime edildi. Ýewropanyň we Demirga­zyk Amerikanyň köp şahyrana festiwallaryna gatnaşyjy. Andreý Belyý baýragynyň, Moskwa Biýennalynyň baýragynyň eýesi. 2009-njy ýylda aradan çykýar.
Filosof, lingwist we şygryýetçi Mihail Epşteýn: “Parşikow rus şygryýetine keşpleriň-metamorfozlaryň üznüksiz bitewüligini, girlýanlygyny, kosmiki dowamlylygy girizdi. Emma ol diňe bir metarealist bolman, eýsem prezentalistdi hem we şygryýetde: zatlary haky­ky ýaly göz öňüne getirmek, şu ýerde we häzir berlen ýaly, köp burçlary, ýagdaýlaryň proýeksiýalary, emma takyk we aýdyň simwolik bulaşyklyksyz we abstraktlyksyz ýaly şeýle bellenilen aýratynlygy gowy görüpdir” diýip belleýär.