Andreý Wolos

Wolos Andreý Germanowiç (1955-nji ýylda doglan) — ýazyjy, şahyr, terjimeçi. RF-iň Döwlet baýragynyň (2000), “Rus Bukeri” (2013) we “Antibuker” (2000) we başga-da birnäçe baýraklaryň eýesi.
Stalinabadda (häzir Duşenbe, Täjigistan) geologyň maşgalasynda dünýä inýär. Moskwa­nyň I. M. Gubkin adyndaky Nebit-himiýa we gaz senagaty institutyny “geofizika” hünäri boýunça tamamlaýar. Rieltor, programmist bolup işleýär. Täjik şygryýetini terjime etmek bilen meşgullanýar. 80-nji ýyllaryň ahyryndan bäri edebiýatda. A. M. Gorkiy adyn­daky Edebiyat institutynyň professory.
Ol “Hurramabad”, “Gozgalmaýan emläk”, “Maskawa Mekkesi”, “Animator”, “Ýeňiji”, “Dönük”, “Panjruda gaýdyp gelme” we beýleki romanlarynyň awtory. Taryhy roman, antiutopiya zanrynda işleýär. Wolosyň baş temalarynyň biri — Merkezi Aziýa, onuň ruhy taryhy we häzirki döwri.
Tankytçylaryň pikirine görä, “Wolosyň prozasynda realizm özüniň adaty görnüşlerinde çykyş edýär — we özüniň ýaşaýşa egsilmeýän ukyplylygyny subut edýär” (Mariýa Remizowa).

Awtoryň eserleri

1 iş