Ýewgeniý Karasýow
1937-nji ýylda Kalininde (häzirki Twer) dogulýar. Agyr ykbally adam: uruşda ýetim galýar, jübikesen bolýar, çagalar koloniýasyna düşýär, ondan soň umuman alanyňda 20 ýyly tussaglykda geçirýär, ýedi gezek jenaýata çekilýär, kazyýet tarapyndan aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilýär. Ol tussaglykda wagty orta mekdebi tamamlaýar we şol ýerde ýazmaga başlaýar. Tokaý çapylýan ýerlerde we ýurduň çetlerindäki demir ýollaryň gurluşygynda işleýär. 1986-njy ýylda jenaýat dünýäsinden gaýdýar, komission dükanynyň müdiri, antikwariata baha kesiji bolýar. “Taňryň ýollary” atly ilkinji ýygyndysy diňe 1992-nji ýylda çapdan çykýar. Ýedi sany goşgular we poemalar ýygyndysynyň, şol sanda “Hudaýsyzlygyň ýüki” (1998), “Günä şaýatlary” (2000), “Ýoluny urduran ogluň aýdymy” (2003), “Maddy deliller” (2014) atly kitaplaryň awtorydyr. Birnäçe hekaýalaryň we powestleriň kitaplaryny, şeýle hem, “Parallel dünýä” (2007) atly tussaglyk ýyllary baradaky ýatlamalar kitabyny çapdan çykarýar. Ol “Nowyý mir” we “Arion” žurnallarynyň baýraklarynyň, “Anthologia” şygryýet baýragynyň, N. S. Gumilýow adyndaky baýragyň eýesidir. Rossiýanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzasy bolýar. 2019-njy ýylda aradan çykýar.
Karasýow barada şahyrlar Oleg Çuhonsew, Ýuriý Kublanowskiý, Tatýana Bek, Maksim Amelin ýazýarlar. Tankytçy Lew Danilkin “ol täsin, bu ýerdäki adamlaryň hiç birine meňzemeýän şahyr — diňe bir şahyr bolan bolsady...” diýip belleýär.