Inna Lisnýanskaýa
1928-nji ýylda Bakuda dogulýar. Maşyngurluşyk tehnukumynda we Baku uniwersitetinde okaýar. Azerbaýjan şgyryýetini terjime edýär. 1979-njy ýylda senzura edilmeýän «Metropol» diýen almanaha gatnaşýar, adamsy Semýon Lipkin we Wasiliý Aksýonow bilen SSSR-iň Ýazyjylar birleşiginden çykýar. Otuz sany goşgular kitabynyň, şol sanda “Saz we kenar” (2000), “Bile” (2000; S. Lipkin bilen bilelikde), “Sodomyň töwereginde” (2002), “Ýalňyz ukyp” (2003), “Ierusalim depderi” (2004), “Sensiz” (2004), “Ýaň” (2005), “Garry Ýewanyň düýşi’ (2007), “Guş hukuklar’ (2008), “Ýeri üýtgedilen aýnalar’ (2011), “Reňkli görnüşler” (2011), “Gök gürrüldisi we ýyldyrym” (2013), “Özüňden uzakda” (2013) atly kitaplaryň we üç sany kyssa kitabynyň awtory. Goşgulary köp dillere, şol sanda iňlis, belorus, ispan, hytaý, nemes we beýleki dillere terjime edilýär. “Arion”, “Družba narodow”, “Znamýa”, “Nowyý mir” žurnallarynyň baýraklarynyň eýesi. Aleksandr Solženisynyň Edebiýat baýragynyň, RF-iň Döwlet baýragynyň, “Ýylyň kitaby” Milli bäsleşigiň, “Moskwa hasaby” Ýörite baýragyň, “Anthologia” Şahyrana baýragyň, Bunin baýragynyň, “Şahyr” Milli baýragynyň eýesi. 2014-nji ýylda ýogalýar.
Giçki kitaplarynda Lisnýanskaýa aýal garrylygynyň temasyny açdy we işledi, hyjuwyň ýagtylygy bilen däl-dr, parasatlylyk bilen ýyladylan giçki söýgi barada ýazdy. Häzirki döwür bilen bilelikde onuň goşgularynda ýygy-ýygydan injiliň syrlary ýagty saçýar.