Wladimir Makanin
Makanin Wladimir Semýonowiç (1937—2017) — ýazyjy, ssenariýaçy. RF-iň Döwlet baýragynyň (1999), “Russkiý buker” baýragyny 1993), “Uly kitap” (2008), “Ýasnaýa Polýana” (2016) we başga-da köp baýraklaryň eýesi.
Orenburg oblastynyň Orsk şäherinde, inžener-gurluşykçynyň we mugallymyň maşgalasynda dogulýar. M. W. Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň mehanika-matematiki fakultetini tamamlaýar, matematikadan ders berýär. Makanin Ýokary ssenariýa kurslaryny tamamlaýar, “Sowetskiý pisatel” neşirýatynda redaktor bolup işleýär, A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda kyssa boýunça seminar alyp barýar.
Makaniniň “Göni çyzyk” atly ilkinji romany 1965-nji ýylda çap edilýär. Makaniniň “Portret we töwerekde”, “Bir erkek we bir aýal”, “Öňbaşy”, “Asmanyň depeler bilen birleşýän ýerinde”, “Andegraund ýa-da biziň zamanamyzyň Gahrymany”, “Gorky”, “Asan” we başga-da köp sanly romanlary we powestleri ony biziň döwrümiziň iň abraýly ýazyjylarynyň biri etdi.
Makaniniň güýçli, çylşyrymly, kinematografik taýdan täsirli kyssasy psihologizm, zatlara we hadysalara itellektual garaýyş we aýratyn hem jemgyýetiň islegini hem ýagdaýyny ýiti beýan etmek bilen tapawutlanýar. Makanine “adamy ýaşaýyş taýdan öwrenmegiň” we “ýaşaýyş diagnostikasynyň” ussady diýip at berdiler. Ol, esasan, orta, “aralyk adamy”, şäher eteginiň ýa-da “baragyň” ýaşaýjysyny öwrendi, şahsyýetiň özboluşlylygynyň, erkinliginiň, döredijiliginiň, saýlap bilemginiň meseleleri barada gürrüň etdi.