Fazil Iskander
Iskander Fazil Abdulowiç (1929—2016) — kyssaçy, şahyr. SSSR-iň Döwlet baýragynyň (1989), RF-iň Döwlet baýragynyň (1994, 2014), RF-iň Hökümet baýragynyň (2011) eýesi.
Suhumida asly eýranly bolan maşgalada eneden dogulýar. Abhaziýanyň Çegem obasynda terbiýelenýär. A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlaýar. Žurnalist, redaktor bolup işleýär. Goşgy ýazýar.
1960-njy ýyllaryň başyndan başlap “Ýunost” žurnalynda neşir edilýär. “Nowyý mir” žurnalynda çapdan çykan “Dag deçisi ýyldyzlar toplumy” atly satitiki powesti meşhurlyk getirýär. Okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan belli eserleri — “Çegemli Sandro”, “Çikiň çagalygy”, “Towşanlar we gömülgenler”.
Iskanderiň prozasy kinaýaly we filosofik pikirli, nesihatly hekaýalar bilen beýan etmäge we aforizm häsiýetlilige ýykgyn edýär.