Maksim Zamşew
1972-nji ýylda Moskwada dogulýar. Gnesinler adyndaky Sazçylyk uçilişesini we A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlaýar. Ýedi sany şahyrana kitabyň, şol sanda “Hakyky nostalgiýa” (1999), “Aýadaky wagt” (2003), “Patriarşihden Arbata çenli” (2014), “Towa pursady” (2019) atly kitaplaryň, bäş romanyň awtory. Häzirki zaman şahyrlarynyň eserlerini belorus, rumyn we serb dillerinden terjime etdi. Goşgulary köp dillere terjime edildi, aýratyn kitap bolup azerbaýjan, bolgar, grek, makedon, rumyn we serb dillerinde çap edildi. Ol “Täsin galdyrýan jahankeşde” baýragynyň, Lermontow baýragynyň, F. Iskander adyndaky baýragyň, “Arassa kitap” baýragynyň we beýlekileriň eýesi. Rossiýanyň ýazyjylar soýuzynyň Moskwa şäher guramasynyň Dolandyryşynyň başlygy, Rossiýanyň žurnalistler Soýuzynyň agzasy. RF-iň Prezidentiniň ýanyndaky raýat jemgyýetiniň ösüşi we adam hukuklary boýunça Sowetiň (SPÇ) agzasy. Çeçen Respublikasynyň medeniýetde at gazanan işgäri. “Watan öňünde bitiren hyzmatlary” ordeniň II derejesiniň medaly, “Metbugaty we maglumaty ösdürmekdäki hyzmaty üçin” diýen hormatly nyşan bilen sylaglanýar. “Literaturnaýa gazetanyň” baş redaktory. Moskwada ýaşaýar.
Edebiýatçy alym we tankytçy Ýakow Gordiniň belleýşi ýaly, Zamşewiň “goşgularyny okap "liriki gahryman" diýen örän gowy tanyş adalgany ýada salmak gerek. Awtory we gahrymany tapawutlandyrmagyň gerekdigi birinjiniň açyk göwünliligine ikirjeňlenme döretmeýär. Bu şahyrana aňyň aýratynlygy, şonda awtoryň dünýä göz ýetirmeginiň we özüne göz ýetirmeginiň hakyky alamatlary hökmany suratda ýitileşýär”.