Olga Slawnikowa
Slawnikowa Olga Aleksandrowna (1957-nji ýylda doglan) — kyssaçy, esseçi, edebiýat tankytçysy. “Rus Bukeri” (2006) we “Ýasnaýa Polýana” (2018) baýraklarynyň eýesi.
Swerdlowskide goranmak-inženerleriniň maşgalasynda dogulýar. Ural döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetinde okaýar. Neşirýatlarda we birinji çap edilen ýeri bolan “Ural” žurnalynyň redaksiýasynda işleýär.
Slawnikowanyň “Birinji ýylyň talyp gyzy” atly debýut powesti 1988-nji ýylda çap bolýar. Ýazyjynyň birinji magik realizmiň däplerinde ýazylan “Itiň göwresi ýaly ulaldylan teneçir” atly uly romany tankytçylara, okyjylar köpçüligine uly täsir etdi. “Gözgüde ýeke özi”, “Baky diri”, “Ýeňil kelle”, “Uzynlygyna bökmek” atly romanlary, “2017” atly antiutopiýasy, hekaýalar ýygyndylary oňa kyssanyň birinji derejeli ussadynyň söhratyny getirdi.
Slawnikowanyň prozasynda filosofik we ýiti sosial meseleler diliň konsentrirlenen metaforikligi, stil nepisligi bilen utgaşýar. Tankytçylaryň pikiriçe, “onuň her kitaby — bu el işiniň ýeke-ýeke harydy” (Sergeý Sirotin).