Wladimir Solouhin

Solouhin Wladimir Alekseýewiç (1924—1997) — kyssaçy, şahyr, publisist. RSFSR-iň M. Gorkiý adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi (1979).
Wladimir guberniýasynyň Alepino obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Mehanika tehnikumyny tamamlaýar. Kremliň goragynda geçen belli möhletli harby gullugyndan soňra A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda okaýar. “Ogonýok” žurnalynda işleýär, ýurduň köp ýerlerine baryp görýär.
Solouhiniň edebi şöhraty 1957-nji ýylda “Nowyý mir” žurnalynda çap edilen “Wladimiriň gumak ýollary” atly liriki oçerkinden soň başlanýar.
Solouhin oba durmuşyndan ýazýan ýazyjylaryň iň ussatlaryň biridir. Onuň döredijiliginde terjimehal mazmunly kyssa — “Ene-öweý ene”, “Ajaýyp Adygene”, “Jeza” ýaly romanlarynda we “Soňky basgançak” (“Siziň döwürdeşiňiziň tobasy”) atly jemleýji kitabynda aýratyn orun tutýar.
Ol publisist hökmünde XX asyr Rossiýanyň tragiki taryhy (“Çanak”), obalaryň ykballary, sowet tejribesi, milli medeni mirasy gorap saklamagyň meseleleri (“Rus muzeýinden gelen hatlar”, “Gara tagtalar”) hakynda oýlanýardy.
Solouhiniň döredijiligine publisistiklik, taryhy ýiti duýmak, raýatlyk we ýokary şahyrana duýgynyň utgaşmasy häsiýetlidir.