Leonid Borodin

Borodin Leonid Iwanowiç (1938—2011) ― kyssaçy, publisist, jemgyýetçilik işgäri. “Ýasnaýa polýana” (2007), Aleksandr Solženisin adyndaky (2002) we Rossiýanyň we Ýewropa­nyň birnäçe baýragynyň eýesi.
Ol Baýkalda mugallymlaryň maşgalasynda dogulýar. Kakasy tiz repressiýa edilýär. Ýaşlykda Kruglobaýkalsk demir ýolunyň ýol brigadasynda, Bratsk GES-niň gurluşygynda, Norilskiniň magdan käninde işleýär. Ulan-Ude mugallymçylyk institutyny tamamlaýar, oba mekdebiniň direktory bolup işleýär.
Dissident gurnagyna gatnaşandygy sebäpli, alty ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Borodin tussag döwründe goşgy we proza ýazmaga girişýär. Samizdatyň üsti bilen ýazjynyň eserleri (“Täsinligiň we gamgynlygyň ýyly”, “Üçünji hakykat” we başgalar) daşary ýurtlarda belli bolýar. Üýtgedip gurmadan soň publisistika bilen meşgullanýar, Mosk­wa žurnalynyň baş redaktory bolup işleýär. A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institu­tynda okadýar.
Borodin ― rus nusgawy edebiýatynyň ruhy-ahlak ugruny dowam etdiriji. Onuň kyssasynda hakyky durmuş ýiti sýužetlilik, ertekiçillik we taryhylyk bilen utgaşýar. Borodiniň kitaplarynda onuň mähriban Sibiri aýratyn orny eýeleýär.