Sergeý Kruglow
1966-njy ýylda Krasnoýarsk şäherinde dogulýar. Krasnoýarsk uniwersitetiniň žurnalistika bölüminde okaýar. 1999-njy ýylda Minusinsk şäheriniň Spassk soborynda ruhany derejesini kabul edýär, Moskwada Uspensk Wražkadaky Woskreseniýa Slowuşego hramynda gulluk edýär. Häzirki zaman rus şygryýeti barada “Şygryýet. Sözüň hereketi” atly hepdelik gepleşigi “Medeniýet radiosynda” alyp bardy. Birnäçe prawoslaw internet neşirleriň kolumnisti. On üç sany goşgular ýygyndysynyň, şol sanda “Ýylany haçdan düşürmek” (2003), “Gözgüjik” (2007), “Sowgat” (2008), “Göçüriji’ (2008), “Halk aýdymlary” (2010), “Lazerewiň bahary” (2010), “Şenbe şa aýaly” (2016), “Lirika” (2022) atly kitaplaryň awtory. Kyssa ýazýar. Goşgulary birnäçe Ýewropa we Aziýa dillerine, şol sanda iňlis, arap, italýan, ispan, hytaý we beýleki dillere terjime edildi. Ol Adreý Belyýnyň baýragynyň (2008), “Moskwa hasaby” baýragynyň, “Anthologia” şahyrana baýragynyň (2016) we beýlekileriň eýesi. Minusinskide ýaşaýar.
Edebiýatçy we tankytçy Boris Dubin şeýle belleýär: “Kruglow adatça kiçiniň adyndan gepleýär, diýmek, — adaty ierarhiýada — örän gowşak, ujypsyz. Onuň nukdaýnazary aşakda, hatda gözüň derejesinden hem has aşakda (bu ýerden şeýle ulaldylan, daş-töwerekdäkä we adata ýakynlaşdyrylan görüş)”.