Mihail Anişşenko
1950-nji ýylda Kuýbyşew (häzirki Samara) şäherinde dogulýar. A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyny tamamlaýar. Ol frezerçi, slesar, santehnik, garawul, meriň kömekçisi, žurnalist bolup işleýär. Onuň ilkinji goşgular kitaby 1979-njy ýylda neşir edilýär. Birnäçe şahyrana ýygyndylaryň, şol sanda «Tumar» (2008) we «Kör ýagşyň aýdymlary» (2011) atly kitaplaryň, romanlaryň we U. Şekspiriň ömrüne bagyşlanan «Ýyldyzlar ummany doly açyldy» atly biografik ylmy-barlagyň awtory. «Kümüş mergen» atly baýragyň, S. W. Mihalkowyň baýragynyň, “Halk şahyry” diýen Sanly edebiýat baýragynyň we beýlekileriň eýesi. Soňky ýyllarda Samara oblastynyň Şelehmet obasynda ýaşady. Rossiýanyň ýazyjylar birleşiginiň agzasy boldy. 2012-nji ýylda aradan çykýar.
Samarada her ýyl şahyryň adyny göterýän Bütinrossiýa ýaşlaryň edebiýat festiwaly geçirilýär. Ýewgeniý Ýewtuşenko Anişşenko bilen tanyşdyranda, ol barada: “özüniň akylly çaga açyklygy bilen owadan, şahyr ikiýüzlülik nukdaýnazaryndan has derisiz, dereksiz, emma watana, zenanlara we tebigata gezek gelende welin, mylaýym bolan Sergeý Ýesenin, Nikolaý Rubsow, Weniçka Ýerofeýew ýaly adamlaryň arasynda tötänleýin däldir” diýip ýazýar.