Irina Ýermakowa

1951-nji ýylda Kerç bogazynda katerde eneden dogulýar. Çerkassyda (Ukraina) ösüp-ulal­ýar. Moskwanyň inženerler ulagy institutyny “köprüler we ýerasty geçelgeler” hünäri boýunça tamamlaýar. Köprüleriň taslamasy boýunça inžener-konstruktor bolup işleýär. Sekiz kitabyň, şol sanda “Odisseý üçin hüwdi” (2002), “Bal ary öýjügi” (2007), “Baýramçylyga garaşyp” (2009), “Gara ýüpek matanyň üstünden gyzyl tuş bilen” (2012), “Ýedinji” (2014), “Mis aýna” goşgular ýygyndysy, italýan diline terjime edilen “Ninna-nanna per Odisseo e altre poesie’ (2008) atly kitabyň we iň meşhury XII asyr ýapon zenan şahyry Ýoko Irinatä bagyşlanan birnäçe edebi mistifikasiýalaryň awtory. Goşgulary iňlis, arap, bolgar, italýan, katalon, hytaý, latyş, makedon, nemes, polýak, portugal, rumyn, serb-­horwat, fransuz we beýleki dillere terjime edildi. “Arion” we ‘Oktýabr” žurnallarynyň baýraklarynyň, “Anthologia” Şahyrana baýragynyň, “LericiPea Mosca” atly Italýan-Rossiýa baýragynyň, “Moskwa hasaby” Uly baýragyň, Halkara Woloşin baýragynyň, “Täç” baýragynyň eýesi. Moskwada ýaşaýar.
Irina Ýermakowa deň derejede iki, nusgawy we awangard däpleriniň mirasdüşeri bolup, rus goşgy formalarynyň dürli galyplaryny, dört stoply ýambdan başlap, werlibre çenli ussatlarça, olary täzeläp we kämilleşdirip, özüniň liriki “menine” boýun egýän täsiri bilen ulanýar.