Odisseý üçin hüwdi
Ol diýýär: meň gyzjagazym, görgülim Penelopa,
men heniz akmaklyk edip ýörkäm, sen erbet garrapsyň,
örtülen Amerika buza, gyýçyga Ýewropa,
bärde diri asyrlar urunýar astynda dabanyň.
Ezizim, enteýärkäň, bar ýeri basypdyr ýorunja,
gülgüne şepbişik ýorunja, iýýän ýürek ýaprakly,
çitilipdir erkin wagt, keşdelenen ownuk ýorunja bilen,
saňa demlärin bakylyk içgini ajy ýorunjaly.
Iç, itýär kenara azaşan gämileri zýud şemaly,
iç, gyryldy öýlenjek ýigitler, deňiz örän dynç,
iç, ýetişdi ogullaň, olar — ýapmaly Amerikany,
iç, solupdyr asmanlar, iç, Odisseý, iç!
Ukuly tolkunlar sypalaýar, ýapyşýar gülýaprak weýerler,
ýorunja jamynda ýygnanýar akan gyrasy watanyň —
süýji, wepa hakdaky rowaýat dek, ýorunjaň ruhy düşelýär,
iç, gysganma, iç, meň guwanjym, öňküje guwanjym meň.




