Aýallaryň plýažy
Biz, otluda tanyş bolan üç sany uly leýtenant — üç sany “owganly”, üç sany sallah bolup Gara deňziň kenarynda peýda bolduk. Baý, keýp çekeris!
— Hudaýa şükür, işden çykmankam erkekleriň aýak sesini eşitdim, — diýip, lifta garaşman merdiwandan aşak düşüp gelýärkäk, nobatçy aýal ýüz-gözüni güldürdi. Megerem, ol has başgarak wagtlary hem görendir, sebäbi biz şypahananyň bosagasyndan ätlän badymyza ol bize ýylgyryp başlady.
— Biz gelen bolsak, işden çykmak näme gerek? — diýip, biz köňlümiziň alan adamyna duşanymyzy syzyp, ondan gönümel soradyk.
— Meniň sallahlyk döwrüm gutarýar, oglanlar. Adamym peýda boldy we öz ýanyna Kiýewe çagyrýar.
Adamsy baradaky gürrüň bize ýaramady we biz öz otaglarymyza garşy
löňkülledik. Emma birnäçe sagatdan soň, gelendigimizi belläp, özümiz oňa zeýrenişip başladyk:
— Içgysgynçrak bäriňiz, Nina daýza.
— Sebäbi diňe “lyžalylar” ahyryn, — diýip, ol koridorda şypbyklary bilen
şarpyldadyp ýöreýän generaliteti gözleri bilen gamly ugradyp jogap berdi. — Bularyň şatlyk-şowhun ýadyna düşýärmi, çagşamasalar bolýar.
— Siz içgysgynç däl ýeri salgy beräýiň.
— Hm, özüňiz taparsyňyz. Onuň üçin üýtgeşik akyl gerek däl. Göz bilen isleg bolsa ýetik. Soň onsoň menem çagyrarsyňyz.
Nina daýza aldaýardy: heý şol, häzire çenli gelşikli we alçak, üstesine-de şypahanada birýarym onlarça ýyldan bäri işlän, dynç alşa gelenler bilen haýsy agajyň aşagynda agşamyny geçirmäge taýýar gyzy we şol agajy salgy berip bilmejekmişinmi!
— Bolýa-la, bolýa-la, iň soňky gün däl ahyryn, — diýip, ol biziň diňe uludan dem alşymyza goşulyşmakdan gaýry, has artygrak zatlara garaşýandygymyzy aňyp, bizi köşeşdirýärdi. Emma ol biziň çeňňekde oklan aldawajymyzy alyp çykarmaga howluganokdy. — Ilki ýoldan soň özüňize bir geliň, onsoň görübereris.
Gulak asdyk. Iki günläp, hatda naharhana-da düşmän zähmet rugsadymyzy belledik. Bolsa-da, oglanlaryň arasynda hemişe hemmeden azrak içýäni tapylýar. Bizde reanimatorymyz Oleg boldy. Sowuk piwo, irden bazardan alnan hyýarjyklar, günortanlyga täze balyjak — bu ýerde ol säwlik goýberenokdy, bizi dessine aýak üstüne galdyrýardy. Jogapkärçilikli ýoldaş.
— Dynç alýaňyzmy, ýaş ýigitler? — diýip, golaýda ýatan “lyžaçylar”, haçanda duýgularymyzy has hyjuwly ýüze çykaran wagtymyzda, käwagt gözügidijilik bilen, käwagt ýazgaryjylyk bilen bizi togtatmagy ýatdan çykarmaýardylar.
— Özümize gelýäris, — diýip, biz özümizden uly derejeli serkerdeleriň öňünde gönelerdik, emma şol bada-da biziň ahlagymyz barada alada edýänleri ýeňsesinden ähli otuz üç harpa, şol sanda “y” bilen gatylyk belgisine çenli ýollap, indiki bankadaky tosta howlugardyk.
Biz şeýle zatlary etmäge öz-özümize rugsat berip bilýärdik, sebäbi Owganystanda bolup, dynç alyş rugsadyna çykan ilkinji serkerdeler bolup çykdyk. Ol entek ýaňyja başlapdy biz bolsa, heniz gahrymanam däldik, bagtyýatanam däldik: bizi diňe gizlinligiň we syrlylygyň şöhraty gurşap alýardy. Elbetde, näbelli, uzakdan gorkunç, atyşyk, hatda, aýtmyşlaryna görä, adam hem öldürilýän ýurtdan gaýdyp geldik. Üstesine-de, entek biziň hiç birimiz hiç hili ýeňillikler barada sözem açanokdy, hiç kim hiç zat talap edenokdy we hiç zatdan närazy bolanokdy. Diýmek, biz çinownik adamlar we töwerekdäkiler üçin gadyrly bolmasak-da, her näme-de bolsa, ýük bolamyzokdyk.
Ýeke-täk, öz başlangyçlary bilen alada galanlar — bu lukmanlardy. Ştablardan we müdirliklerden, diýmek ýokary serkerde düzümden şypahana berilýän ýollanmalarynyň bir bölegini aldylar we kesdiler, “owganlylaryň” öňünde ýelpewaç kimin ýaýradyp goýdular: size zerur, alyň.
Garşy bolmadyk. Owganystanda ömür birden kimdir biriniň ynamsyz ellerindäki döwlegen käse ýaly bolup göründi. Bu ýerde bolsa bize — däriniň, deriň, konserwanyň, köýügiň, toluň, ýaragyň çalgy ýagynyň, solýarkanyň ysy üstüne ornaşlara; bize — goşunlar girizilenden soň, ilkibaşda içgeçmeleri, ýaralary, bitleri başdan geçirenlere; bize zenanlary düýşde görýänlere, birden sen-men ýok! tomusda! Gara deňze! Kyrk bäş gije-gündizlik “aýy” dynç alyş rugsady döwründe! Mugt ýollanma haty!
Eýýäm güne gowy ýanan ýüzlerimizden we günorta barýan otlynyň üstünde örän köp duşýan harby derejelilere asuda garaýyşlarymyzdan, biz — “owganlylar” biri-birimizi tanadyk hem-de restoranyň dik durulýan stolunyň deňinde egin-egne berip durduk. Şeýdip biz Nina daýzanyňam öňünde peýda bolupdyk. Üç sany. Owganyň ilkinji döwürleri üçin — tutuş bir çäkli kontingent. Ine şunuň üçin hem içýärdik — özümiziň dolanyp gelendigiimiz üçin, Gindiguşuň aňyrsynda galan dostlarymyz üçin. Ýogsamam, bu biz içemizokdyk, biziň aladasyzlygymyz we ýaşlygymyz keýp çekýärdi. Biz entek yza ser salamzokdyk, emma welin bize öňde garaşýan zatlardanam asla heder edemzokdyk. Go-o-wy wagtdy.
— Oglanlar, girmek mümkinmi? — diýip, bir gün gapymyz kakyldy.
— Hä, Nina daýza! — diýip, biziň reanimatorymyz ilkinji bolup jogap berdi we nobatçy aýaly edil bosagada gujaklady.
— Wah, oglanjyklar-a, indi bes ederçe-de wagt boldumyka diýýärin, — diýip, üç günläp ýatan bulam-bujarlykly stola tarap baş atyp goýberdi.
— Ýoldaş serkerdeler, — diýip, desantçy bolany sebäpli, iň gödegimiz Wiktor bankadan “Izabellanyň” al damjalaryny syçradyp, dört sany stakany doldurdy.
— Ýoldaş serkerdeler, biziň öňümizde biziň dostumyz we gözel hanym dur. Mundan beýläk bolsa onuň sözi biz üçin kanun. Nina daýza, soňky bokal — siz üçin. Galanyny el ýuwulýana dökeris. Zaremba, — diýip, ol maňa buýruk berdi.
Men bankany alyp, şeraby el ýuwaryň içine guýdum. Biz buýsanç bilen nobatçy aýalyň öňünde dik durduk.
— Ýok, dyza çöküň, — diýip, garaşylmadyk myhman bizi goldady we burnuny ýokary galdyrdy.
Biz halyçanyň üstüne çöküp, tirseklerimizi togsan gradus derejede goýduk — burç emele getirdik, stakanlary aýalarymyzyň arka tarapynda ýerleşdirdik, ony titretmeän sakladyk, olary dodaklara ýetirdik. Ýeňillik bilen aýna gaba ýapyşyp sorduk we kelleleri arkan atdyk. Boşan stakanlary bir wagtda öwrüp, ýokaryk zyňdyk, nobatçy aýalyň “waý” diýen howsalaly sesiniň astynda gapdyk we olary onuň aýagynyň ýanynda goýduk.
— Nina daýza, siz üçin, siz üçin... — diýip, Wiktor ony oňküdenem beter gowy görýändigini görkezjek bolup, duýgularyny beýan etmek üçin mümkinçilik gözleýärdi, emma göze hiç zat ilenokdy, aklyna-da hiç zat gelenokdy, şonda ol birden bat alyp, üstündäki ala köýnegini çykardy-da: — Nina daýza, ine bular, pyýada bilen solýara, bagtyýatan mabuta, beräý diýip dilediler — bermedim. Size bolsa sowgat berýärin.
— Waý.
— Nina daýza, — diýip, reanimator Oleg elini uzadyp, onuň şatlygyny kesdi. — Bir sekunt.
Ol aýagy bilen şkafyň gapysyny açdy we sumkasyny özüne garşy çekdi. Onuň gulpuny şakydadyp açyp goýberdi, içini dörjeleşdirdi we şakyrdawuk sumkada “hepdelik” atly aýal türsüleriniň toplumyny çykardy.
— Nina daýza. — Ol wagta çenli men eýýäm tumboçkany süürdim we uzap duran ellerimde şol wagt aňrybaş hasaplanylýan, dužkalary üýtgeşijek bezelen, günden goraýan äýnegi saklap durdum.
Biziň hanymymyz çaga ýaly kiçijik burunjygyny çekip goýberdi, gözýaşlaryny saklajak bolup, kirpiklerini gyrpyp başlady. Ol nämejik — ynha, şeýdip, birden we ýöne ýerden bir adama lezzet berendigimize düşünip, öz-özümize guwanyp tas biziň özümiz aglap başlapdyk. Hakykatdan hem sowgat alanyňdan, sowgat bereniň has ýakymlyrak.
— Oglanlar, — diýip, myhman zenan bozulyp pyşyrdady hem-de bizi özüne çekip, öpüp başlady. Soňra birdenem edil startyň öňünde bolşy ýaly, onuň gözlerinde şeýtan çagajyklar depeleşdiler we doňup galdylar: — Girmek gadagan, — diýip, ol wanna çalt girdi.
Bir-birimize guwanyp, biz biri-birimize seredişdik we ýapylan gapa nazarymyzy dikdik. Kada bolşy ýaly, islendik aýal gözeldir, oňa düşünmek üçin diňe birazajyk içmek gerek. Biziň bolsa örän köp içendigimiz sebäpli, Nina daýza diňe biziň pikirdeşimiz we dostumyz bolman, eýsem, ýanynda bolup, ýanyňda bolany kem däl we agşamyňy bile geçirip boljak aýal ýaly göründi. Şeýle pikirleriň reanimatoryň we desantçynyň kellesinde aýlanýandygyna men hijem şübhelenemokdym. Sebäbi gapy açylan wagty biz agzymyzy açyp doňup galdyk. Nina daýza diňe telnýaşkada çykdy. Onuň reanimatoryň “hepdelik” toplumyny açandygyny ýa-a açmandygyna biljek däl, sebäbi köýnek onuň dyzyna çenli ýetip durdy, ýöne onuň içinde, näme diýseňem, göwüsligä ýokdy: ak-gök çyzyklary hem-de bizi tolgunmaga mejbur edýän göwüsleri matanyň aşagynda erkin galgaýardy. Nina daýza äýnegi dakynyp, model gyzlaryň durşy ýaly, elini suratlardaky ýaly edip ýokary galdyryp, aýajygynam öňe uzadyp biziň öňümizde doňup durdy.
Biz serhoşlykdan açylan açgöz gözlerimizi oňa — ykjam, güýçli, güne ýanan zenana dikdik. Elhençlik: biz bir hepde bäri bu nobatçy aýal bilen ýuwnuksyzlyk edip ýöris, ol bolsa, gör, nähili eken...
— Enikler-benikler warenik iýipdirler— diýip, birden Wiktor aýdyp goýberdi. Megerem, ýöne özüne gelmek üçin aýdandyr. — Meni şindem söýüp bolarmy? — diýip, myhman zenan näz edip saçlaryny silkip goýberdi we ala köýnegi iki çyzyk ýokary galdyryp goýberdi.
Ah, bu, gör, nähili bir ýyl Owganystanda oturyp gelen erkekleriň üstünden gülme! Desantçy ýakyp barýan nazary bilen daş-töweregine seredip goýberdi, emma reanimator ikimizem, aç üşük bilen duýup, dikdüşdi bolansyradyk we ýerimizdenem gozganmadyk: Nina daýzanyň öz-ä belli birini tapawutlandyrmady, diýmek, hemmeleriňem mümkinçiligi deň bolmaly.
— Nina daýza, biz size dört sagat wagt berýäris, — diýip, Wiktor ätiýaçdaky paraşýuty “açdy”. — Edil dört sagatdan siz iki sany joraňyzy alyp, gämi duralgasynyň ýanyndaky restorana gelýärsiňiz.
...Pul barka, ajaýyp görünmek gowy-da.
Ömrümizde bir gezek, olam iki esse berlen owgan aýlygy sebäpli, hatda bizde, uly leýtenantlarda-da artykmaç ýüzlüjekler bardy.
— Ýoldaş serkerdeler, — diýip, Wiktor, bize seredip, menýuny aldy.
— Bu gün agşam men sag eliň kadasyny ulanmaklygy hödürleýärin.
Ne men, ne-de Reanimator onuň nämedigini bilemzokdyk. Fizikadan bir zatlar, haýsydyr bir “burawjygyň kadasy” ýadyma düşdi, ýöne onda-da biz iki bolup bileje baş atyp goýberdik — elbetde, diňe sag eliň kadasy. Birnäçe minut öň restorana baryp, biz nähili gödek we oglanjyk deý ýalňyş goýberendigimize şol bada düşündik. Töwerekde islendik reňkde we tagamda aýlanyşyp ýörenleriň şeýle köpdügini görüp, bokurdagymyz gurady. Bärik bolsa elli ýaşyndaky, kimdigi näbellileri gitirerler...
— Howa-a-a,— diýip, ahmyr bilen Reanimator sözüni sozdurdy. Desantçy ikimiz bolsa ylalaşyp, jogap hökmünde dem alyp goýberdik.
Emma biz eginlerimizde pogonlaryň bardygyny ýatdan çykarmaýardyk, biz olara çyn ýürekden buýsanýardyk we, dişlerimizi gysyp, töweregimize garanjaklamajak bolup, öz takdyrymyza kaýyl bolup otyrdyk. Eger-de birden Nina daýza şahly jynlary getiräýse-de, şolaryň öňünde-de edil tutuş Gara deňziň kenaryndaky naýbaşy gözellerini gören ýaly bolup pagyş-para bolmaga taýyndyk. Bu biziň ýörelgämizdi.
Emma Nina daýza — wah, biziň Nina daýzamyz nähili gowa-ý! Bizi edil kör pişik çagalary ýaly edip ýerimizde oturtdy. Ol iki sany gözüňi gamaşdyryjy agymtyl sary saçly gyzlar bilen geldi. Iň bolmanda, göz öňümize getiren şahly jynlardan soň, bu gyzlar bize şeýle bolup göründiler. Ilki bada biz hatda Nina daýzanyň özüniň biziň haýsymyza ýetjekdigi barada oýlanmandyrys. Nirede indi ol desantyň çakganlygy?
— Bärde, biz bärde, geliň, — diýip, Desantçy stoljugyň başyndan syçrap turdy we nahar iýmek üçin duran enjamlaryň ýanynda ýatan, biziň satyn alan bägüllerimiz goýlan ýerleri görkezdi.
Nina daýza nädendiren diýen manyda boýdaşlaryna gözüniň gytagyny aýlady: ýeri, men size näme söz beripdim? Şeýdip Desantçy ikimiziň aramyzda otyrdy.
— Uly leýtenantlar bilen tanyşdyrýaryn, — diýip, tamadanyň wezipesini üstüne alyp, edepsiz şadyýan Wiktor tanyşdyryp ugrady.
— Oleg, — diýip, ol Reanimatory görkezdi. — Özem, aýdaly, iň ökde sapýor. Bu bolsa Alekseý Zaremba — Watanymyzyň günorta araçäklerindäki biziň aňtawjymyz. Hem-de men, Wiktor, — Hiç bir tanyşdyrylyşa mätäç bolmadyk howa-desant güýçleri.
— Olýa, Lena, — diýip, Nina daýza joralaryny tanyşdyrdy.
Ine, edil şu ýerde, Olýany özüniň beýleki tarapynda oturdyp, maňa-da Nina daýzany beren, Desantçy gaýtalady: — Jenaplar-ýoldaşlar, bu gün agşam men sag eliň kadasyny ulanmagy teklip edýärin.
— O nähili bolýar? — diýip, Olýa oňa tarap egildi.
Olaryň saçlary birikdi we men şonda Olýany elden gidirenime anyk düşündim. Gizlin umyt bilen stoluň beýleki çüňküne seredip goýberdim. Eýýäm ol ýerde-de Reanimator, Lena sumkajygyny oturgyjyň arkasyndan asmaga kömek edip durdy. Diýmek, şowsuz adam bolmak meniň egnime düşüpdir ekeni. Wah, Nina daýza, Nina daýza Sen meniň ýoldaşlarymyň ýüzleri edil mis gazanjyk kimin ýalpyldamaz ýaly, özüňe meňzeşleri getiren bolsaň gowy bolardy.
— Ähli zat aňsatjak, Olýa jan — diýip Desantçy gusar ýaly boldy. Elbetde, öz ýanymda şeýle aýajyklar bolsa, menem edil mele at ýaly çapardym. — Sag eliň kadasy — bu aýaň bilen nyrhlary ýapyp, göwnüň islän zadyny alýaň. Çep eliň kadasy bolsa tersine, biraz çäkliräk, baha görä alýaň.
Gowudygyny, — diýip Lena çapak çaldy. — Menem sag eli goldaýaryn. Men bolsa özümi nähili alyp barmalydygymy saýlamalydym. Ýa men hemmelere, aýratynam nobatçy aýala, kimiň bu ýerde iň bagtsyzdygyny we we kim sebäpli şeýle bolandygyny yzygiderli ýatladyp durmaly, ýa-da tersine — elimden gelenini edip, tersinedigini subut etmelidim.
Sahnanyň ýanynda depler ýaňlandy, men bolsa ýoldaşlarym gaçmanka, ýerimden tursum we Nina daýzanyň elinden tutdum:
— Biz tans etjek. Stoly taýýarlanyňyzdan soň, bizi çagyraýyň, — diýdim.
— Bizem, — diýip, Reanimator alyp göterdi. — Şu ýaş ýigit gerek zatlary buýrar, — diýip, ol ýanymyza gelen ofisianta Wiktory görkezdi. — Ol bu gün bizde sag el bolup işleýär, — diýip, men goldap goýberdim.
Desantçy bu sapar-a biz ony oýnadykmykak ýa hemme zat bolmalysy ýaly bolup durmyka diýip, örän uzak oýlandy. Biz bolsa oňa çenli tans edýänleriň arasyna girip gitdik.
— Men-ä size Wiktor ýolbaşçylyk edýärmikä diýýärdim, — diýip, Nina daýza ýylgyrdy. — Berekella size. — Goý, çabalansyn. — Men oňa ýakynlaşdym, gowy zat, şeýle dar ýerde bu öz-özünden boldy. Onuň biline elimi degirdim:
— Bu günki agşam, seniň üçin, Nina, — diýdim.
Men ýaş arapawudyny döwdüm we zyňyp goýberdim. Men özüme düşen paýymy şeýle bir belende götererin welin, ol ýalpyldap, galanlaryň gözlerini gamaşdyrmaly diýen karara geldim. Ýylgyr, Nina jan, sen ýylgyraňda birbada ähli dişleriň görünýär — şonuň üçinem sen göz gamaşdyryjysyň. Seniň boý-syratyň gelşikli, seniň teniň örän çeýedigini duýýaryn. Aýaklaryň, elbetde, edil joralaryňky ýaly däl welin, emma owadan aýaklar diňe daşdan gyzykly, golaýdan olar bir möhüm zat däl. Tans edeli!
Oleg bilen Lena-da biziň ýanymyza geldiler — keýpleri kök we ýylgyrýarlar.
— Nina daýza hiç neneň däl — diýip, ýa maňa teselli berýän ýa-da edil burnumyň astyndaky zady ogurlandygy üçin ötünç soraýan ýaly äheňde, ýöne meniň pikirimçe, çynyny aýdyp Reanimator meniň gulagyma pyşyrdady.
“Ýeri, gel, onda çalşaýaly”, — diýip, men içimden pikir etdim. Emma daşymdan bolsa tersine:
— Nina jan — ajapdyr, — diýdim.
Oleg “ýaman çalt-aý sen” diýen manyda geň galyjylyk bilen gaşlaryny galdyrdy. Oňa çenli sazandalar haýal sazlara geçdiler. Menem Ninany garşylap gujaklarymy açdym. Ol tutuş bedeni bilen dessine maňa gysyldy. Men onuň göwüslerini, garnyny, aýaklaryny duýdum.
— Oleg saňa owadan diýip aýdýar — diýip, men onuň buýra saçynyň aşagynda ýygşyrylan gulajygyny tapyp pyşyrdadym.
— Sen näme diýýäň? — diýip, Nina kellesini meniň egnimden biraz galdyrdy.
— Hi-i-ç ne-neň dä-äl, — diýip, men süýndürip goýberdim.
— Nä-me ü-çin? — diýip, ol maňa öýkündi.
— Seniň öz-özüňe buýsanyp, hondan bärisi bolmagyňyzy islämok.
Nina maňa synagdan geçirýän ýaly seredip goýberdi, meniň oýun etmeýändigime ynanyp, bagtly ýylgyrdy. Ýene-de meniň döşüme gysyldy.
— Eý, uklaýmaň, — diýip, edil golaýymyzda Reanimatoryň sesi eşidildi. — Wiktor çagyrýar.
— Ynha şeýdip, Nina jan, bagty ýatyrýarlar: kimdir biri bir ýerlere çagyrýar, näme üçindir hökman barmaly, — diýip, men uludan dem alyp goýberdim.
— Gel barmaly, — diýip, ol gözjagazlaryny süzdi.
— Biz baramyzok, — diýip, men sesimi ýaňlandyryp, biziň ýanymyzda pyrlanyp ýören jübüde duýdurdym.
Men edil şol wagt Lenanyň nazaryna sataşdym. Onuň gözügidijilik bilen seredendigine, men ant içip bilerin. Ol özüniň has gelşiklidigini, esasy zat bolsa, has ýaşrakdygyny gaty gowy bilýärdi hem-de belkem, içinden özüniň üns merkezinde boljakdygy barada hyýal edendir. Emma ilkinji minutlardan Ninanyň paýyna düşen şol ajaýyplyk, şol ölçegsiz aşyklyk, hut Lenanyň özüne ýetenok. Agşam ýaňy başlandy, düşnükli zat — bu biderek. Soňy has möhüm. Onsoňam, hakykatdanam, näme diýseňem, ýüz öwürseňeý we gözleriňi ýumsaňam, içlerinde Lena hemmesinden gowy we owandandy. Hatda desantçam bu ýerde utulypdy. Menem Lenaň bir özüne Nina we Olýa çalşardym.
— Ýeri, bolýa, gideliň, bokalymyza burç ataýmasynlar birden, — diýip, meniň ýagdaýymy duýan ýaly, Nina öňürti stola garşy ýöredi. Şol agşam meniň düşen ýagdaýyma düşmek hiç kime nesip etmesin. Özüňi eýle däl-de, beýle alyp bar diýip öz-özüňe buýruk bermek aňsat — bu entek ýeterlik däl. Asla ýeterlik däl. Men öz keýpimiň urunşyna haýran galýardym, birde öz hanymymy ezizleýärdim, birde-de ony gurnan zady üçin ýigrenýärdim. Sözlerimde, yşaratlarymda oglanlara-da ýetýärdi. Howa, onda-da şeýle aýdyň, bolmaga çemeli, sebäbi olar: “Agşamy bozma, soň düşünişeris” diýen aladaly we ýalbaryjy nazarlaryny maňa birnäçe gezek aýladylar.
Näme üçin, näme üçin Nina şeýle owadan gyzlary getirdi! Lena bolsa hasam görmegeý — saldamly, päkize, üzümiň suwy ýaly! Hasaplaşyp: “Gaýtargysy gerek däl!” diýip, daşary çykanymyzda bolsa, eýýäm has ýürek gysgynç boldy. Otagyň açaryny biz tabşyrmandyk. Reanimator onuň metaldan edilen halkasyndan tutup sorady:
— Kim birinji geler?
Hanymlar biri-birine seredişdiler: bu, elbetde, olara baglydy. Şonda Nina ýene-de meniň keýpimiň maýatnigini özüne garşy yralap goýberdi:
— Siz öz araňyzda düşünişiberiň, — diýip, meni aç-açanlyk bilen gije üçin alyp gitdi.
Bu gezek desantçy bilen reanimator birhili bahyllyk bilen bir salymlyk seredişdiler: olaryň ýanyndaky gyzlar belli däl diýen manyda eginlerini gysdylar.
— Biziň şampanymyz ýanymyzdamy? — diýip, Nina jan sumkajygyny barlady we meniň elimden tutdy. — Görüşýänçäk, hoş galyň...
Tomus wagty Gara deňizde gije ýok. Şypahanaly şäherleriň köçeleri, kenarlary, seýilgähleri hat-da ýyldyzlaryň astynda-da dynç alanok. Dynç alýanlaryň aglaba bölegi Uzak Gündogardan gelip, wagt aratapawudyny saýgarmak islemeýäne meňzeýärdiler. Bu täsir gezelenç edýänleriňem biri-birleriniň arasynda ýaş aratapawudynyň ýoklugy bilen hem güýjeýärdi: diňe ýaşlaryň ak köýnekleri we bluzkalary däl, eýsem, gojalaryňam saçlary ýalpyldap görünýärdi. Gije bolsa ümsüm, ýyldyzlar bolsa iri, tolkunlar bolsa ýalta. Töwerekdäki zenanlaryňam hemmesi gowy, ýöne hemmelerden gowusy ýanymda ýöräp barýan zenan, oňa eliňi degirmek bolýar — hiç zat, hiç zat, men ýöne şeýle — ol bolsa saňa jogap hökmünde ýylgyrar-da, seniň eliň aşagyna girer. Zenanlaryň hut şu ynanjaňlygyndan erkekleriň hemme zatdan gowy lezzet alýandygy belli bolýar. Üstesine-de ýanyňda bäsleşýän aýaklar bolmadyk wagtynda. Haçanda çaky bilen içilende, haçanda diňe sen ýakymly bolgusyz sözleri aýdaňok-da, seniň özüňi-de sen ýanynda bolsaň, nähili gowudygy, sen şeýle bir güýçli we ünsli diýip yzygiderli ýatladyp dursalar...
— Adam ýok ýere gideli-le, — diýip, men teklip etdim. — Elbetde, şeýle ýeri bu taýdan tapyp bolsa.
Göwnüme bolmasa, biz şol ýere barýan ýalydyk: Nina diňe has golaý gysyldy we ädimini çala çaltlaşdyrdy. Adam barha seýrek duşýardy we men yzyma öwrülip, ähli çyralary bilen ýalpyldadyp biziň yzymyzdan garap duran şähere seredip goýberdim.
— Gorkýaňmy? — diýip, Nina gižželedi. Köwşüni çykardy, ukuda agras eýlesine-beýlesine öwrülýän deňziň köpükli gyrajygyndan ýöräp gitdi.
“Owganlymy” öz ýurdunda gorkjak? Göwnüme degýäň, başlyk. — Meniň ýeke-täk gorkaýjak zadym — olam sowuklar. Biz bolsa günorta-gündogara barýan ýaly.
— Biz aýallaryň kenaryna barýarys.
Barybir meniň büdremegime Ninanyň aýdany däl-de, bu daş günäkär bolup çykdy. Aýakgabyma giren çägäni silkip durkam, ol meniň ýanyma gelip, meniň gujaklaryma garaşyp durdy: zenan gujaga girenden soň, şol bada ejiz bolýar we Nina hem egildi, ýuwaşady.
— Sen bu gün meniň agşamym diýdiň. Men bolsa suwa düşesim gelýär. Seniň bilen. Kenarda şampan içesim gelýär. Beýle zatlar meniň durmuşymda indi hiç haçýan gaýdyp bolmazmyka diýýärin, şonuň üçin... — Ol sözüni tamamlaman, dymdy.
— Ol ýerde... aýal köpmi? — diýip, men gürrüňi başga ýana sowmaga howlukdym: bu günki bolan zatlaryň hemmesiniň üstesine maňa ýene-de gözýaş, kalbyndakyny diňlemek we isterika ýetenokdy.
— Ýeke men. Näme saňa azmy?
— Sen ýeterlik, — diýip, men biraz ýeserlik etdim. — Ýör.
— Eýýäm geldik diýip hasap edäý.
Deňiz bilen uçutyň arasyndaky çägäniň we daşjagazlaryň inçejik ýodajygy — bu aýallar kenarymy? Men ol barada gürrüň baryny eşidipdim hem-de bir üýtgeşik zat görerin diýip, biygtyýar tama edýärdim. Bu ýerde bolsa ekzotikadan — diňe rahat deňziň ýüzündäki aý ýodajygy.
— Meni gujakla.
Men höwes bilen boýun boldum.
— Bu gün sen meniň bilen özüňi biraz oňaýsyz duýduň, — diýip, Nina meniň bütün agşam pikir eden zadymy aýdyp goýberdi. Haçanda men, hakykatdan hem, garşy çykjak bolan badyma, şol meniň agzymy eliniň aýajygy bilen çalaja ýapdy.
— Men hemme zady gördümem we duýdumam, kiçijik däl ahyryn. Emma, şeýle bolsa-da sen maňa barybir ajaýyp agşamy sowgat berdiň. Saňa taňryýalkasyn. Men, elbetde, deňeşdirilende onunjy synp gyz ýaly bolup görünjek joralarym bilenem gelip bilerdim, ýöne... meniň size nebsim agyrdy. Özüme-de ýok diýip bilmedim. Başarmadym, bagyşla. Meniň oturylyşyga örän gatnaşasym geldi.
— Goýsana, Nina. Çynym bilen, hakykatdanam, maňa seniň bilen gowy.
— Dogrumy? Bilýäňmi, men käwagt muny duýýardym.
Iki günden bolsa men giderin. Senem dostlaryňdan tapawutlylykda erkin bolarsyň. Ýene bir zat — diýip, ol meniň bu saparky garşylyk görkezjek bolup durşumy böldi-de — ýene bir zat aýdaýynmy? — diýdi.
— Aýt.
— Senden tapawutlylykda seniň şepeleriň bu gün şypahanada, öz düşeklerinde ýatarlar.
— Şeýlemi-i? — diýip, men entek bu täzelige nähili garajagymy bilmän, ýeserlik we hile bilen ýylgyran Nina seretdim.
— Hawa. Olaryň ikisem ene-atalary we gyzlary bilen ýaşaýarlar. Ana, olara gerek bolsa, — diýip, ol gaharly bolmasa-da, ar alyjylykly edip aýtdy.
Ýüregimde şeýle çalasynlyk bilen badak atylan oglanlarym üçin öýke duýgusy oýanyp gitdi, olaryň edil boýundan uzap gidýän aýaklary nädip garbap alyşlary ýadyma düşdi. Megerem, özbaşdak öýleri bolmadyk joralaryny saýlan Nina hem bu zatlary göz öňüne tutandyr. Bäh, aýallar!
— Bolýa, gel bu gürrüňleri bes edeli we gowusy ýöne içeli.
— Gel.
Emma çüýşäni açybam ýetişmediler: sesler eşidildi, biz bolsa uçutyň ýanyndaky gyrymsy agaçlaryň aňyrsynda oturdyk. Ine-dä saňa adamsyz ýer. Ýok, günortadaky gijelere asla ynanmaly däl.
Garalyp ýalpyldaýan deňziň fonunda sudurlar görnip başlady, men hem kanagatlanma bilen olaryň kellelerindäki papaklaryny saýgardym — biziňkiler, serkerdeler. Olaryň barysy göçgünlilik bilen birbada gürleýärdi we hamala aý ýodajygy diňe şu ýerden geçýän ýaly, birden edil biziň deňimize ýetip togtadylar. Aýna ýalpyldap gitdi, çüýşaniň bokurdajygyndan çykýan gulkuldy tolkunlaryň ýalta ygşyldysynyň sesini ýapdy.
— Biziň goraýan deňzimiz üçin, — diýip, serkerdeler stakanlaryny ýokary göterip, göni egin-başlary bilen suwa girdiler. Suw billerine ýetýänçä girip, içdiler, aýyň ýylpyldysyna çüýşäni okladylar, kenaryň boýy bilen deňziň içinden, aňryk ýöräp gitdiler.
— Bu gün Serhetçileriň güni ahyryn, — diýip, men senäni ýadyma düşürdim.
— Näme diýseňem, serkerdelerde bir zad-a bar, — diýip, oýlanyp, Nina barmaklaryny şyrkyldatdy. Men bolsa özümi hanymymyň öňünde beýgelden serhetçilere içimden minnetdarlyk bildirdim. — Dogrusyny aýtsak, bize diňe gadym zamanlaryň kitaplaryndan belli bolan, könelerden bir zatlar galypdyr. Eger dogrymy aýtsam, men biziň şypahanamyza-da, saňa nähili düşündirsemkäm... hut size, harbylara, golaýrak boljak bolup gelipdim.
— Ondan öň nirede işlediň?
— Muzeýde. Ekskursiýa geçirýärdim.
— Megerem, erkekler eksponatlary däl-de, seni synlandyrlar. Iň bolmanda, men-ä şeýderdim.
— Olam bolupdy, — diýip Nina uzakdan gelen ýylgyryş bilen ýylgyryp ylalaşdy.
— Jaňsyz geçen agşamlar seýrek bolardy. “Allo, men siziň ýadyňyza düşýärinmi? Men siziň ekskursiýaňyza gatnaşypdym, ak köýnekdedim”. Meniň üçin bolsa ähli ekskursantlar bir ýüzli we bir köýnekde, diňe köp sorag berýänleri ýadyňda galýar.
“Allo, — diýip Nina ondan soňky muşdagynyň sesine öýkünip dowam edýär, — bilýaňizmi, tötänden mende teatra iki sany petek tapyldy”. — “Siz näme ikisinem maňa berýäňizmi?” — “Ýok, biri — size, ikinjisi bolsa — maňa”. Ilki-ilkiler-ä, samsyk gyzjagaz ýaly, belki, ykbalymy tapaýardym-da diýen pikir bilen ylgap giderdim. Soň bolsa ýürege düşdi, eýýäm teatrlary, soň eýýäm spektakllary, ondan soň bolsa oturylýan ýerleri saýlap başladym... Düşündim: näme üçindir diňe hemme zady — maşgalasam, çagalaram, ulagam, daçasam, wezipesem barlar jaň edýärdi. Olar bolsa bu zatlarynyň üstesine, gerk-gäbe bolar ýaly ýene-de bir zatlary isleýärler... Nejislik. Soň bolsa sesim gyrylyp başlady we men höwes bilen size işe geçdim.
Serhetçiler eýýäm uzaga gitdiler we bizem bukudan çykdyk.
— Biz şeýlelikde içmedik hem.
— Mesele däl, — diýip, men dykyny yraladym, ol gümpüldäp tümlüge atylyp gitdi. Nina gülüp, çüýşäniň bokurdagyndan çogup çykýan köpürjigiň aşagyna aýalaryny tutdy.
— Indi bolsa men suwa düşünjek, — diýip, iki goşawuç şerap içen Nina maňa näz ediji-buýruk beriji äheňde aýtdy. — Elbetde, meniň ýanymda suwa düşülýän geýmim ýok. Kenar aýallaryňky, şonuň üçin sen biraz süýş ýa-da aňryňa bak.
Elbetde, birnäçe ädim yza süýşeniň gowy, sebäbi gözlerem gijä öwrenişipdi we tümlik, diňe daşdaky kenaryň suduryny bukup, goýalýardy.
Nina bluzkasynyň iliklerini ýazdyrdy, ony geleňsizlik bilen daşlaryň üstüne zyňdy Ýiti, gözleri agyrdyp göwüslik agaryp göründi, ýöne ilgençeginiň sesi ýaňlanyp gitdi hem-de ol hem howada ganatlaryny galgadyp ýere düşdi. Nina maňa arkasyny öwrüp durdy, haçanda ol aýagynyň aşagyna gaçan ýubkasyndan ätläp öňe çykanda, onuň ýubkasy bilen türsüsinem çykaryp goýberendigine men birbada düşünmedim. Meniň demim tutuldy, ýöne meniň oňa tarap gozgananymy gören Nina okgunlylyk bilen deňze tarap ýöneldi, onuň asuda üstüne özüni oklady we birden lezzet bilen gygyryp goýberdi.
— Gelsene bärik, bu gudrat ahyryn.
Özümi sowuk suwda göz öňüme getirip, men tisginip gitdim. Ýöne edil atylan guş ýaly bolup ganatlaryny ýaýyp, aýaklarymyň aşagynda göwüslik agaryp ýatyrdy, aý ýodajygynda bolsa ýalaňaç zenan lezzet alýardy, menem titreýän barmaklarym bilen köýnegimiň iliklerini ýazdyrdym.
Suw ýakdy, endamyma millionlarça iňňe bolup çümdi. Yza kenara böküp çykmak hem boljakdy, golaýyma ýüzüp gelen Nina maňa suw sepjek bolup ellerini ýokaryk galgadyp goýberdi. Onuň elleri bilen ýokaryk okdurylyp giden akja göwüsjiklerem açylyp gitdi we men sowugyň eýmençligini çalt aýyrmak üçin, olara tarap özümi okladym Tutup bilmedim, aýalarym diňe bedeninden typyp gitdi. Emma, barybir, kelläm bilen suwa çümüp, ýumşak garnyny we butlaryny elläp ýetişdim. Şeýle şertlerde men buz oýugynda-da çümüp çykmaga taýyndym.
Özüme degişli zady almakçy bolup, howlukmaç çümüp çykdym. Emma Nina bat alyp, deňziň tümlügine ýüzüp gitdi. Onuň yzyndan ýetmek üçin birnäçe gulaç ýeterlik boldy we zenan tenine degen her hereketimden keýp alyp, onuň töwereginde pyrlanyp başladym.
— Ýöne asudaja ýatjak we asmana seretjek bol, — diýip, ol maňa teklip etdi we arkan öwrüldi.
Gara suwuň içinden onuň tenindäki ak, güne ýanmadyk ýerleri göründi, emma men öz-özümi gynamajak bolup, onuň yzy bilen öwrüldim. Täsin zat, men şol bada köşeşdim: zenanyň we tebigatyň gözelligi nähili birden sazlaşykly görünýär! Olar olar şeýle bir bitewi we meňzeş! Haýsy tentek, aýal Adam atanyň gapyrgasyndan ýasaldy diýip tapdyka?
Munuň ýanynda bolsa barybir — eger ýanyňda, diňe eliňi uzadaýmaly ýerde zenan ýatyrka, yranýarka, nähili ýyldyzlar, nähili asmany bolup biler diýsene. Tebigata gözüňi ýumup bolar, aýala welin — beýle güýç ýok. Haýsydyr bir şahyr aýdypdyram welin: kim kim hemme zady birden islese, ol garaşyp bilmeýändigi üçin garypdyr...
Nina ýene-de oňa tarap edýän hereketlerimi duýdy we ýene-de salyhatly ýuwaş ses bilen meni saklady:
— Men suwy örän gowy görýärin. Hatda sowuk suwy hasam beter, onda edil täzeden dünýä inen ýaly bolýaň.
— Onda meni ýyladarsyň.
— Wiý bolaýdy, her zady görjek ekeniň — indi erkekleri ýylatmaly. Tötänden, gark bolmakçy dälsiň-ä?
— Diňe seniň gujagyňda.
Men oýun etdim we şol bada aýdanyma ökündim: häzir ähli zat şeýle gödek, şeýle ýasama eşidilýär. Ýeke-täk häzir dogry bolup biljek zat — bu yza, kenara tarap ýüzmek. Nähili bolsa-da, aýal erkegiň gapyrgasyndan ýasalan — biz olarsyz ýaşap bilemizok.
— Yza ýüzýärismi?
Ninany biraz öňe goýberip — jentlmen, al kakmyş, hatda suwuň içinde-de, kän bir şalpyldatman hem-de suwdaky Ninanyň hiç bolmanda bir zadyny saýgarjak bolup, onuň yzyndan ýüzdüm. Suwuň düýbüni aýaklarymyz bilen tapyp, ikimizem durduk. Howa suwdan has sowukdy, emma Nina indi näme etsemkäm diýen pikir bilen togtan bolara çemeli.
Özüm başyny başlap — hakykatda bolsa indi saklanmaga güýjüm galmansoň, garaşmaly diýen şahyryň maslahatyna üns bermän, onuň yzyndan assaja baryp gujakladym. Onuň ýumşajyk ýumrularyny tapyp, olary gysdym. Öl saçlarynyň arasyndan boýnuny öpdüm. Soňam nobatçy aýaly ýeňillik bilen ýerden göterdim we kenara alyp gitdim. Ninadan akyp dökülýän suw ýuwaş-ýuwaşdan onuň tutuş tenini açýardy. Diňe garyn we aýaklaryň arasynda, özüniň kiçijik çuňlugynda garaja üçburçlugy gizläp, kiçijek köljagaz galypdy...
Soň, Owganystanda bu zatlar müňlerçe gezek meniň düýşüme giripdi we göz öňüme gelipdi: men Ninany göterip barýaryn we köljagaz. Içimde bir zat döwüldi. Öz-özüme-de boýun almaga gorkup, men birden şuňa üns berdim: dynç alyşdan soň men biziň Watanymyzyň günorta araçäkleri üçin söweşmegi bes etdim. Ýok, men hiç kime dönüklik etmedim we özüme derek başga birine okuň aşagyna tutmadym, bu ýerde serkerdelik namysym we wyždanym päkdi. Men diňe özüm üçin, özümiň gaýdyp gelmegim üçin söweşmegi bes etdim. “Öz possunyň üçin”, — diýip, bu barada owganda degişýärdiler.
Töweregimde bolsa her bir söweşde birinjileriň hataryna okdurylýan we üýtgeşik bir gynanman ölmäge taýyn leýtenant doslarym gulluk edýärdi. Menem olary gullugyň abraýy üçin deňze giden şol serhetçiler bilen deňeşdirýärdim. Hawa-hawa, söweşýänleriň aglaba böleginiň janlary bilen bile nämäni ýitirjekdiklerinden hatda habarlary hem ýokdy.
Men bolsa eýýäm bilýärdim. Men şol serhoş edýän we başyňy aýlaýan nemden bir gezek owurtlapdym. Men nirä we nämä dolanyp boljakdygyny bilýärdim. Men eýýäm hatda Nina bilen geçiren şol agşamym baradaky ýatlamalary hem ýitirmek islämokdym — wah, howul-hara üstüne atylan geýimlerde titreýän zenany tapmak we ýylatmak nähili lezzetli!
Şondan soň meni öldürmäge synanyşyk edýänlere men edil tilki ýaly seresap, bars baly rehimsiz çemeleşdim. Meniň Gyzyl Ýyldyz ordenim hem şol uruşda görkezen aýratyn edermenligim üçin däl-de, diri galanym üçindir.
Menem diri galdym.
Emma birden bu sebäpli ýürekde diňe bir gizlin şatlygyň aralaşmandygy belli bolýar. Biziň ýerimize baranlary Soýuza äkidýän harby uçara dykylyp, illýuminatordan ugradýan adamlara seredip we olaryň arasyndan meni ugratmaga gelen bir adamyň ýokdugyny görüp, men öz-özüme bolan erbet ýürekbulançlyk duýdum. Şonda men bir wagt düşünen zadymy boýun aldym: nähili bolsa-da men öz derisi barada alada etmän, söweş hakynda pikir eden şol leýtenantlara we kapitanlara dönüklik edipdim. Şonuň üçinem uçaryň ýanyna gelmän olaram dogry edipdirler. Uruşda bir zady gizlemek kyn, ondan beterem ýok zady bar edip görkezmek hasam çylşyrymly. Eger-de şu ömür üçin meni aýallaryň kenaryndaky aý ýodajygy we Nina aýap saklan bolsa, onda hut şolar hem meni öz-özümi ýigrenmegime mejbur etdiler.
— Dolanyp gel, — diýip, edil doga gaýtalan ýaly şol agşam öz öýünde Nina pyşyrdapdy. — Dolanyp gel we meni tap.
— Indi dolanaryn, — diýip, men ynamly jogap beripdim. Şonda men soň her sapar owgan urşuny ýatlanymda, öz-özümi ýigrenjekdigimi bilemokdym. Ýogsa mende hiç hili günä ýokdy.
Men gaýdyp geldim, emma Ninanyň ýanyna gitmedim. Şol şypahana berilýän ýol hatlaryndanam men her gezek berk ýüz öwürýärdim.
Emma takdyry aldamak we geçmişden gizlenmek mümkin däl.
Bir gün Pýatigorskiniň gulluga çagyryş nokadynda men Reanimatora pete-pet gabat geldim. Edil men ýaly, olam ýaş esgerleri almaga gelipdir. Onuň döşünde Gyzyl Ýyldyz ordeniniň iki sany kolodoçkasy dakylgydy, kirlän kiteliniň sürtülip giden pogonlarynda üçünji ýyldyzjyga derek diňe deşikler görünýärdi.
— Batyr leýtenantlara peseldildim, — diýip, meniň düşünmändigimi duýup, Oleg düşündirdi. — Biwagt içäýdim.
Onuň ýagdaýy şol wagtam eýýäm gowudy, emma haçanda ol Desantçy Witkanyň fugasda partlan bronetransportýorda ýanandygyny aýdanynda, biz barybir dagjagazyň üstündäki kafeleriň birine münüpdik. Men ýatlamaly pursady özüm duýman yza çekip, başagaý boldum, stoljyk sargadym, Oleg bolsa — serhoş, wezipesi peseldilen, sölite, — buýsançly we... dogruçyl bolup otyrdy. Desantçy üçin aýdylan üçünji tostdan soň bolsa, birden bir zatlar onuň ýadyna düşdi:
— Garaş hany, ýöne men bir ýere barmalydym öýdýän.
— Nirä? — Men onuň jogapkärçiliklidigini bilýärdim, emma onuň şol häsiýetem meniň şol wagtky ýagdaýyma duz sepýärdi. Onsoňam şu bolgusyz görnüşde ol nirä gitsin! — Otursan-aý.
— Ýok. Men bir ýere barmalydym. Nirädigi ýadyma düşenok, emma barmaly.
Ol zordan ýerinden galdy, papagyny goltuklady we ony tutup ýetişmänkäm, eýýäm eýwanyň tutawaçlaryndan ätläp, aşak togalanyp gitdi. Depejigiň eteginde ýerinden turdy, uzak wagtlap üst-başyny kakdy, soň ondanam köp wagt eglenip kellesine papagyny geýdi we ýöremeli ugruny saýlap daş-töweregine garanjaklap durdy. Kellesini ýokary galdyrmaga onuň güýji ýetmedi, menem näme üçindir gygyryp goýbermedim, özümiň bardygymy bildirmedim. Diňe tä reanimator agaçlaryň arasynda gözden gaýyp bolýança, onuň yzyndan seredip durdum.
Gyzykly ýeri, şol agşam onuň ýa-da Desantçynyň paýyna Nina düşen bolsa bu dünýäde, ykballaryň şu günki ýazgydynda bir zatlar üýtgärdimikä? Elbetde, olarda-da ertesi irdene çenli deňiz, kenar, öý bolardy, ýöne welin olaryňam durmuşy başga bolardymyka? Ýa-da şol maňlaýyňa ýazylan ýoldan barybir gaçyp gutulyp bolmazdymyka?
— Size ýene-de bir zatlar gerekmi, ýoldaş kapitan? — diýip, ofisiant gyz meniň ýanyma geldi.
Bu ýeriň ýeke-täk müşderisi men ekenim we şonuň üçin ol, elbetde, maňa artygrak üns bereýin diýendir-dä.
— Bagyşlaň, hm... sizde aýallaryň kenary barmyka?
Gyz men ondan bir zatlar hantama bolandyryn öýdüp gyzaryp gitdi, menem ötünç soramaly boldum:
— Ýok-ýok, men ýöne bir zatlar ýadyma düşdi.
— Ýöne bizde deňiz ýok ahyryn, nireden plýaž bolsun? — diýip, ofisiant gyz seresaplyk bilen ýylgyrdy. Eger men serhoş bolan bolsadym, soraga geň galdyrmazlygym ahmaldy. Ýöne barysy dogry, plastinka yza aýlanmaýar.
— Onda bir bokal şampan.
Men Nina üçin, üçümiz üçin, entek diridigimiz üçin, özümizi içgä aldyrmandygymyz üçin we hiç kime dönüklik etmändigimiz üçin içdim. Birden şeýle gözel we gargyş siňen ömrümiň bir bölejigi üçin içdim...




