Nesil şejeresi

Okuwçy gündeliginde “Nesil şejeresini düzmek. Duşenbä çenli. Format A4” diýen ýazgy bardy. Sekiz ýaşly gyzjagazym surat çekýän albomyndan özüne gerekli ölçegdäki kagyz bölegini goparyp alýar-da, adamym ikimize soragly nazaryny aýlaýar. Men daýzam pahyrdan galan ýazgylary gözlemek üçin kompýutere girýärin. Adamym bolsa özüniň arhiw bukjalaryny agtaryp ugrady. Şu pursata çenli biziň maglumatlarymy- zyň ählisini bir ýere toplamak, birleşdirmek kellämize-de gelmändir. Shemalary, Excel-däki tablisalary, birgiden ýazgylaryň we elde çyzylan çyzgylaryň skanlary, suratlary, arhiwlerden gelen hatlary we jogaplary tapýarys. — Diňe maşgala şejeresiniň tablisasyny çyzmak we atlary ýazaýmak gerek — diýip, gyzym anyklaýar. — Doglan we ýogalan senesi bolmasa-da bolýar. Hatda ata­synyň ady hem hökman däl. — Näme üçin atasynyň ady bolmaly däl? — diýip, birneme üşüksizräk adamym geň galmak bilen soraýar. — Bir kagyza sygar ýaly. Garalama kagyzlary agdaryşdyryp başlaýarys. Daýzam pahyr öz wagtynda Amerikada, Täze Zelandiýada ýaşaýan daşgynrak garyndaşlary bilen hat ýazyşyp, aragatnaşyk saklamaga ençeme ýyllaryny sarp edipdir we biziň gelip çykyşymyzy 1804-nji ýyla çenli yzarlamagy başarypdyr. Hut şol ýylda biziň nesil daragtymyzyň başlangyjy hasaplanýan, könelişen we ýüzi solup ugran kiçijik suratdaky ak selleli, agras, bugdaýreňk keşbi zordan saýgardýan kazanly täjir dünýä inipdir. Nesilbaşymyzyň durmuşy barada az maglumat galypdyr. Diňe bir zat, ýagny onuň Mekgä gidip, haç parzyny berjaý edip gelen hakyky hojadygy bellidi. Maňa gözlegler bilen meşgullanmak zeruram bolmady. Men hemme maglumaty bize miras galan sowgatlardaky ýazgylardan tapdym. Adamym welin, maglumatlary özi tapmaly boldy. Arhiwleri köne gazetleri dörüşdirdi, ýörite saýtlardan gözledi, tutuş Rossiýany aýlanyp çykdy we garyndaşlaryndan sorag-ideg etdi. Gözlegler ýyllara çekdi. Käbirleriniň ykballaryny dolulygyna dikeltdi, käbirlerinden bolsa maşgala rowaýatlarynyň bölek-büçeklerini tapdy (Mysal üçin, adamymyň garry eneleriniň käbirinden ne nesil, ne-de surat, ne-de resminama galypdyr. Diňe “Aý, bu aýalyň häsiýeti gowy däldi, şeýle bir şermendedi, hatda ol adamlaryň üýşen ýerinde-de, köwüş bejerýän äriniň üstüne köwüş galybyny aýlap zyňyp bilýän aýaldy” diýen ýaly gürrüňleri eşitmek bolýardy). Şeýle gürrüňleriň soňy XIX asyryň başlaryna gelip ýetipdir. Ine, biz şeýdip, ölçegli kagyzyň ýüzüne XIX—XX asyr adamlarynyň atlaryny sygdyrjak bolup azara galýardyk. Olar bolsa kagyz ýüzüne ýerleşenokdy. Adamym: — Uly ölçegdäki kagyz gerek. Atalarynyň atlary ýerleşäýse. Suratlar ýerleşäýse, hasam gowy boljak, — diýdi. Gyzym pikire batyp durşuna baş atýar. Garaşylmadyk ýerden garyndaşlaryň bolçulygy ony düýbünden aljyradana meňzeýärdi. Kanselýariýa önümleri satylýan dükana barýarys we iň uly ölçegli watman kagyzyny alýarys. Onuň ýüzünde galam bilen nesil daragtyny belleýäris. Ol birhili ýaýraň, şahalary ýaýrap giden boldy. Gyzjagazymyň şekiljigini, adamym ikimiziň portretlerimizi ýelimledik. Indi nätmeli? Biziň ata-enelerimiziň surat albomlary uludy; ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan galan albomlar ýukarak, ýöne şeýle bir kiçem däl. Haýsy suratlary saýlamaly? Bu meseläni çalt çözýäris. Ýaşajyk, sadaja, mylaýym we gasyn düşüp ýetişmedik ýüzleri almaly diýen netijä geldik. Ine, meniň enelerimiň biri: Kazan uniwersitetiniň ýokary kursunyň talyby, ba­sym ihtiolog bolmaly — saçy şol döwrüň modasyna görä timarlanan, hünji bilen bezelen şlýapaly, tatar we rus dillerinden başga arap dilinem bilýär; operany we buz üstünde typmagy tüýs ýürekden gowy görýär; öz ene-atasy bilen örän uly kommunalkanyň burçunda ýerleşýän otagda ýaşaýar. (Rewolýusiýadan ozal bu jaýyň tutuş bir gaty olaryňky eken, soň maşgalany birneme “gysypdyrlar”, bütinleý göçürip goýbermändiklerine şükür etmeli.) Ine-de, ikinjisi: kulakçylyk döwründe sürgünden gaýdyp gelen pursady, ýaş mugallyma, horja, öň ýat biriniň geýen erkek kişiniň penjeginde, berk gysylan dodaklaryna gelişmedik goýy reňkli pomada çalnan; 16 ýyllap Sibir sürgüninde bolan, öz ene dilini — tatar dilini tas ýatdan çykarypdyr, şonuň üçinem ömri ötýänçä çagalara rus dilini öwretmeli bolupdyr, ömrüniň ahyryna çenli onuň sözleýşinde sibirlileriň gepleýşi ýaly has ýogyn o sesi köp eşidilýärdi. Ine-de, bir garry atam: çekgelek ýüzli, gözlerinde gorky bolan ýetginjek — Powolžede bolan açlykda görgüsini gören, eklenç gözläp, bütin Türküstany aýlanan, ýaňy-ýakynda öýsüz-öwzarsyz bolan ýetginjek. Ynha-da, ikinjisi: iki hepde mundan öň uruşdan gaýdyp gelen leýtenant. Ýakyn wagtda ol harby eşigi çykarar we mekdebe işlemäge gider. Kyrk birinji ýylda alan diplomyna laýyklykda ol “nemes dili mugallymy” bolmaly. Bütin ömründe ol dört ýyl­lyk front durmuşy hakda ömrüniň ahyryna çenli ýekeje söz hem aýdyp bermeýär: berilýän ähli soraglara jogap bermez we dymar. Urşuň ýowuz ýyllarynyň içinden täsin ýagdaýda öz söýgüsini geçirip gelen nemes dilini çagalara öwredipdir. — Suratlarda olaryň hemmesi biziň häzirki bolşumyzdan hem ýaş-la, — diýip, adamym seslenýär. Bu — hakykat. Watmandakylaryň hemmesi ýaşlar, ýaşajyk we çaga ýüzleri diýen ýaly, biziň ene-atalarymyz, olaryň hem ene-atalary deň-duşlar ýaly görünýär. Häzirlikçe-hä bu nesil daragty mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň suratlary ýerleşdirilen mekdep albomynyň bir listini (sahypasyny) ýatladýar. Käbir ikinji derejeli alamatlary boýunça, ýagny esger kiteliniň biçiminden, serpme ýakasyna dakylan komsomol nyşanyndan, saçynyň bejerilişinden suratlaryň dürli wagtlarda alnandygyny, käbir ýagdaýda hatda ýarym asyr aratapawudynyň bardygyny aňmak bolýar. Sekiz ýaşly gyzjagaza bu tapawutlar görnenok. Ol diňe garry hasaplamaga endik edinen adamlaryny üns berip synlap otyr. — Meriline Monro meňzeş, — diýip, ol suratlaryň biri barada aýdýar. Muňa garamazdan, soň şertler üýtgeýär: has irki ýaşuly nesillerden az surat galyp­dyr. Nesil daragty hem ýuwaş-ýuwaşdan dürli reňkli hem dürli ýaşlardaky suratlardan dolýar. Ine, biziň garry mamalarymyz. Yzgytsyz tatar garry aýalynyň maňlaýyndan daňlan ak gar ýaly ýaglygynyň aşagyndan, garrylykdan ýaňa ýarym kör bolan gözleri görünýär (Maşgala rowaýatyna görä, ol özüniň ýalňyz ogluny şeýle gowy görýän eken, emma ol onuň diýenini etmän, obadan şähere göçüp gidipdir, o pahyr ogluny bagyşlap bilmän, köp wagt geçmänkä, dünýäsini täzeläpdir). Haşamlanan stola tirsegini diräp duran, eli bägülli näz-kereşmeli, uly röwşen gözli zabaýkal daýhan aýaly (bir gezek, XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynda Manžuriýada we şoňa ýakyn ýerlerde ýerleşýän Uzak Gündogaryň çäklerinde garakçylyk bilen meşgullanýan hytaý talaňçylaryndan halas bolmak üçin bir ýaşly gyzjagazyny elinde göterip, ýeke özi, ýol görkezijisiz taýganyň içinden hakyt ýüz kilometre golaý ýoly geçen aýal)... Bular bolsa biziň garry ata-babalarymyz. Hüžžük, gaba murtly, buýsanç bilen elini has uzyn gylyjyň sapyna goýan, gaýratly urýadnik. Güne ýanyp garalan, gasyn basan ýüzünde diňe gözleri ýanyp duran Çernigow guberniýasyndan bolan gartaşan kazak. Owadan bejerilen sakgaljygyna ýag çalnan, bobr possunly kazanly buržua... Suratlaryň taýýarlanan ýerleri hasam täsir galdyryjy. Olar Russiýanyň ähli künjeginde: Kazandan Habarowskä, Woronežden Kolsk ýarym adasynda ýerleşen Seweromorska çenli ýerlerde düşürilipdir. Biziň ata-babalarymyz elmydama ýurduň ähli ýerinde göçüp-gonupdyrlar. On ýedinji ýyla çenli öz islegleri boýunça, soň bolsa döwletiň islegine görä göçüpdirler. Burlaklyga-da we urşa-da gidipdirler. Öz çagalary üçin gowy ykbal gözläp uly şäherlere, Angara derýasynyň kenarlaryna kulak sürgünligine-de gidipdirler. Merkeze okamaga, soň bolsa işe iberilen ýerlerine, hatda polýar aýlagyna hem gidipdirler. Bu yzygiderli göçüp-gonma — kartadaky egrem-bugram çyzyklar biri-birine sepleşip, ýurdy bir bitewi giňişlige birleşdirýärler. Peterburgda we Astrahanda, Krasnoýarskide we Barnaulda, Nowosibirskide,Ýaroslawlda, Çitada, Petropawlowskide, Kamçatkada, mahlasy, ähli ýerde haýsydyr bir wagt az wagtlyk hem bolsa, garaz, mähriban bolan öýler, köçeler bar. Bu göçüp-gonup ýörmegiň ugurlaryny biz ýaňy-ýakynda dikeltdik. Ozallar geçmişi öwrenmäge ähmiýet hem berlip durlanokdy, o zatlaryň gadyr-gymmatyna-da düşünilmeýärdi. Haýsydyr bir wagtlarda bolsa köpler üçin artykmaç hasaplandy. Käbir ýagdaýlarda howplam boldy. Mysal üçin, adamymyň atasy-ha öz kakasy (Ak gwardiýa bilen Hytaýa gidip, şol ýerde ýitirim bolan kollež asessory) hakdaky haky­katy bütin ömrüne gizläpdir; diňe “sosial gelip çykyşy” diýen bölümi talabalaýyk doldurmak üçin batrakçylyk edipdir, çopan, hakyna tutulan matros, ÇON-yň (1917—1925-nji ýyllarda ÇON (aýratyn tabşyryklar bölümi) kontrrewolýusiýa bilen göreşmekde sowet hökümetine ýardam bermek üçin önümçilikde partiýa komitetleriniň we partiýa ýaçeýkalarynyň garamagynda döredilen družinalar) söweşijisi bolup­dyr. Bu gizlin syryň üstüni diňe ozalky gimnaziýany bäşlik bahalar bilen tapawutlanyp okanyň nusgalyk hatdatlygy açyp biljekdi. Bagtyna, muňa ünsem bermediler. Ol döwürde hatdatlyk sungatyny ele alan çopan şeýle bir seýrek hem däldi... — Ol hakykatdan hem ozalky çopanmy? — diýip, gyzym ýalpyldap duran kagyzdaky suraty sypap oturyşyna soraýar. Ýaş Riçard Gire meňzeş. — Aýdýan-a, çopan — diýip, adamym nygtaýar. Men saňa soňundan onuň anketasyny — arhiwden alan nusgamy görkezerin. Ol ýerde öz eli bilen ak kagyza gara syýa bilen ýazylypdyr. — Eýsem, sen nädip bilýäň, anketada ýazylanyň hakykatdygyny? Adamym dymýar: hakykatdan hem garşy çykara zat ýok. Geçmişi dikeltmek edil arheologiýa bilen meşgullanýan ýaly: gymmatly taryhy kelleçanaklary we bölek-büçek galyndylary gözläp, giden tonna gumy barmaklaryň arasyndan geçirmeli. Şonuň ýaly-da, ýeriň aşagyndan uly agajy nädip kökjagazlaryny birin-birin elden geçirip, zaýalamajak bolup, çekip çykarmaly. Emma käwagtlar, eger bu kökler eýýäm biriniň aýgytly elleri ozal çapylan bolaýsa, onda azap baryny siňdirip eden işiň hiç hili netije bermeýär. Hemmesinden beter hem, ol el öz ýakyn garyndaşyň eli bolaýsa, has gynandyrýar. Biziň dolanan daýzalarymyzyň biri içine hatlar, otkrytkalar we fotosuratlar salnan gapyrjagy krowatynyň aşagynda ýyllarboýy saklapdyr. Küti-küti edilip, ýyllar boýunça goýlan we daşy berk sapaklar bilen saralyp daňlan petdelerde onuň ähli geçmişi bar ekeni. Ölmeziniň iki hepde öň ýanynda keselden ýaňa halys bolan we düşekde galman ýatan daýzamyz şol gapyrjagy getirip, gözüniň alnynda iň soňky kagyzjygyna çenli ýok etmegi buýrupdyr. Näsagyň garşysyna gitmäge hiç kimiň bogny ysmandyr. Kagyzlaryň ählisi eýesiniň gözüniň alnynda, şol ýerde otagda demir legeniň içine salnyp ýakylypdyr. Şondan soň kän wagt geçmänkä, o pahyr özüniň tüssä öwrülen geçmişini ýok edenine gözi ýetip, arkaýynlaşyp “ýurduny täzeläpdir”. Onuň çagalary bolsa häli-häzire çenli gymmat baha arhiwi saklap bilmändiklerine ökünýärler. — Fotosuraty haçan oýlap tapdylar? — diýip, maşgala daragtymyzyň şahalaryna güljagazlary, ýaprajyklary çekip oturan gyzym gyzyklanýar. — XIX asyryň başynda, takmynan birinji çärýegiň üçünji böleginde. Hemmeler üçin surata düşürilýän ýörite atelýeler bolsa asyryň ahyrlarynda açylyp başlaýar. — Gijräk eken, — diýip, gyzym gynanç bilen başyny ýaýkaýar. Watmandaky gysby, käwagt biri-birine degip duran suratlardaky keşpleriň biri-birinden tapawutlanýandygy şol bada aýdyň bolýar. Ýasy, ýaýbaň çekgeler galmyklaryňka çalymdaş bolsa, dar maňlaýly polýakpisintdi. Pökgeren gabakly gyýçak mongol we giňden açylan, açyk reňkli gözler; gara we bugdaýreňk buýra saçlar; gowy jaýtaryp duran we gruzinleriňki ýaly tüňňüje burun. Aşaklyk bilen gyzyma seredýärin. Biri-birine meňzeş däl alamatlaryň hemmesi gyzymda-da bar. Olar onda ýaşyryn ýagdaýda. Genetiki spiralda burum-burum towlanypdyr, düýrlenipdir we daňlyp gizlenip goýlupdyr. Eger birnäçe ýyldan onuň çala ýokary galyp duran jaýty burny gönelse-de, açyk sarymtyl mele reňkli saçy goňras reňke öwrülse-de, geň görmek bolmaz. Ine, eýýäm saňa hakykat: gan meselesi — dünýäde iň çylşyrymly mesele. Eýsem, häsiýet we şahsyýet özboluşlylygy näme? Eger-de gyzym daşary ýurt dillerini okadýan mugallym bolasy gelse, bu onuň öz kabul eden çözgüdimikä ýa-da geçmişden, mugallym ata-babalaryndan gelen salammyka? Eger-de gyzymyň gany­gyzgynlyk edip, birine ädigini zyňmak islese, bu onuň gylyk-häsiýeti — temperamenti bilen baglanyşyklymyka ýa-da ýöne bir yzgytsyz ene-mamalaryndan geçen mirasmyka?! Eýsem, XXI asyryň öz bähbidini iliň bähbidinden ileri tutýan, özüni ýeriň-gögüň diregi hasaplaýan egosentrikleriň, interneti we kompýuter tehnologiýalaryny goraýjylar bilen ata-babalarymyzyň arasyndaky araçäk niredekä? Aslynda, ol araçäk barmyka? Araçäk goýmak zerurmyka?! Belki-de, esasy zat arkaňda boşlugy duýman ýaşamakdyr? Arkaňda kimiň bolandygyny bilmekdir? Egnaşyr yzyňa seretmäge ýa-da hatda eliňi uzatmaga mümkinçiligiň bolmagydyr?.. Haçanda iň soňky suraty ýelmäp bolanymyzdan we iň soňky ady ýazanymyzdan soň, biz işimiziň miwelerini görmek üçin watmany diwardan asýarys. Ýigrimiden gowrak ýüz. Olaryň arasynda kämillige ýetişenleri-de, garrylary-da bar, ýöne has köp bölegi ýaşlar we hatda has ýaşlar bolup dur. Olar bize garap dur. Biz hem olara seredýäris. Öz döreden zadymyzyň şu ýerde, gyzymyzyň krowatynyň ýanynda uzak wagtlap durjakdygyna düşünýäris. Aý takmynan ýüz ýyldan soň dagy biziň özümizden näme galarka?! Köp bolanda edil şular ýaly bolar: bir portret hem ýeke-täk bir jümle (“atasy pylany, enesi pylany”) Goý bu gün biziň fotosuratlarymyzyň sany müňlerçe bolsa-da, sosial torlar her ädimi resmileşdirse-de — nesil daragtly watmanda biziň diňe bir portretmiz ýelimleniler. Biziň çowlugymyz ony görkezip, nämedir bir esasy zady ýadyna salar. Gyzym ýerine ýetiren işi üçin bäşlik baha alypdyr ( mugallym ýumuşyň ölçeginiň berlen nusga laýyk gelmeýändigine gynanypdyr, ýöne bahany pese düşürmäge eli barmandyr). Ýanýoldaşym biziň zähmetimiziň netijesinden ruhlanany üçinmi, nämemi, ýa-da başga bir sebäpdenmi Zabaýkalýäniň taryhyny özleşdirmek bilen düýpli meşgullanyp başlady. Tiz wagtdan bolsa ony daşgynrak garyndaşlary internet üsti bilen tapdy. Olar adamymyň maşgala taryhy bilen gyzyklanýandygyny bildirler we özleriniň hem bilimlerini birleşdirmäge isleg bildirdiler. Men tatar obasy hakda birnäçe hekaýa ýazdym. Ondan bäri bäş ýyl geçdi. Biziň şejerämiz öňküsi ýaly gyzymyň düşeginiň başujunda asylgy dur. Käwagt käbir suratlaryň burçlary towlanýar, ýokary galýar-da, şejere daragtyndan gopup ýere gaçýar, biz hem olary ýene öz ýerlerine goýmagymyzy yzygiderli dowam etdirýäris. Belki-de, ýakyn wagt­larda käbir suratlary täzelemeli bolar, sebäbi ýagtylykda olaryň reňkleri öçügsilenýär we aý­dyňlygyny ýitirýär (Aslynda, maňa ýalpyldawuk täze suratlar ýarabam baranokdy. Tersine, reňki öçüşen suratlaryň mylaýym öwüşginliligi göwnüme has jaý bolýar). Ýaňy-ýakynda biz ýene-de iki watman satyn aldyk, uzynlygyna goýup ýelmäp, uzyn zolak etdik we oňa wagt görkezýän maşgala şkalasyny (sifrleriň hatary ýerleşer ýaly) çekdik. Ol ýere, taryhy wakalar bilen birlikde, pederlerimiziň ýaşan senelerini, şeýle hem, öz doglan günlerimizi hem girizdik. Ony hem öňkiniň gabat garşy­syndaky diwarda asyp goýduk. Ilkinji günlerde men, gapdalyndan geçip barýarkam, şol ýerde saklanman geçip bilmeýärdim. Her gezek iki minut ýaly saklanyp, tutuş XX asyrda we XXI asyryň asy­ryň başyna göz gezdirýärdim; şkalanyň bir nokadynda ýylyň şol bir wagtynda ikinji Watançylyk urşy tamamlanypdyr hem-de meniň kakam doglupdyr. Beýleki nokatda bolsa Stalin aradan çykypdyr we ejem dünýä inipdir. Üçünji nokatda bolsa Wýetnam urşy gutarypdyr we adamym eneden doglupdyr... Hemme wakalar şol bir flamaster bilen birmeňzeş harplar bilen belli bir ölçegde ýazylypdy. Umuman, bu eýýäm başga bir taryh ýa-da şol bir zatmyka?!