Biz biraz çilim çekmäge 17 ýyllyk çykdyk

(parçalar)

Maşa

Ikimiziň gatnaşygymyzyň arasy kesilipdi, has anygy, sen meni taşlap gitmediň, ýöne gepleşigimiziň arasyny üzdüň, hamala büdräp we tötänlikde eliňden telefony ga­çyran ýaly bolduň. Ol bolsa togalanyp, edil özüne kast edýäniň üçekden gaýdyşy ýaly, aşak uçup gaýtdy. Şeýlelikde, biziň gürrüňimiz soňuna çenli dowam etmedi. Sen elmydam meniň bilen şeýleräk ýagdaýda, edil häzir elden gidirip barýan ýaly gepleşýärdiň ahyryn: biraz sessiz dymyşlyk we aragatnaşygyň kesilmeginiň gysga morzýankasy — “tu-tu”. Ondan soňra telefon bilen gepleşip bolmaýar...

Restoranda otyrkak ýa-da ýoluň ugrunda durkak, hiç bir sebäp bolmasa-da, duýdansyz meniň ýanymdan gitmek sende indi endige öwrülipdi. Onsoň seni iki-üç günläp tapyp-da bolmaýardy.

Sen gitdiň, men welin munuň repetisiýa däldigini, toslama däldigini duýdum. Şeýle bir ýalňyz, gyzgyn, öl, bütin tenim bilen duýulýan maddy gorky meni gaplap aldy. Ol edil dälirän suwda halas edýän adam ýaly, agyr, edil lakga ýaly, demigip başlan döşümi howadan doldurmaga derek, tersine, özi gaty güýçli dem alyp, meniň öýkenlerimi edil kagyz paket ýaly edip myssartdy. Maňa bolsa men doňýan, doňýan, doňýan ýaly bolup göründim...

Şeýle bir düşnüksiz, pytrap barýan ýagdaý. Meniň öňki gezekler hem doňan bolmagym ahmal, ýöne sen gaýdyp gelýärdiň. Men bolsa çaga dogrup, ile birigen bagtly aýal ýaly şatlanyp, şol bada bu bolan zatlaryň ählisini düýbünden ýatdan çykarýardym.

Telefon simlerinden gitdiň, bir günden hem, bir hepdeden hem, jaň etmediň. Şol pursatda, ýagny haýran galdyrýan wagt täsinligi hökmünde bir pursada gaplanan hepdede bolsa, men, hakykatdan-da, hemme zadyň gutarandygyna düşündim.. Geçen ýedi gije-gündiz bolsa, edil jadydan açylan jesetler ýaly, çişdi, ýaryldy we lagşan, ejirli minutlara pytrady.

Bir gezek men, söweş radisti ýaly, seniň telefon belgiňi üç sagatlap yzyny kesmän, yzly-yzyna aldygyna aýladym: ýürege düşgünç gudoklar, gudoklar. Men saň sms-leri ugratdym. Ilki gödek sözleri: “Sen — b...kaýa s..a!”. Soňra-da alaçsyz ýagdaýda mylaýym sözleri: “Söýgülim, maňa düşündiräý, näme boldy?”.

Men saňa eşitdirmäge çalyşdym seniň ŽŽ-ňde — aýallaryň meýdan edýän ýeri, amozonkalaryň hajathanasy, Ž we Ž üçin, — emma sen meniň düşündirişlerimi yhlas bilen otap aýyrýardyň, meni bolsa “hammamyň aňyrsyna ugratdyň (aýak ýalaňaç iç geýimde togalak agaçdan edilen gara hammamyň aňyrsyna çykardyň we ýumşak ýeňsäme urup öldürdiň).

Men seniň podýezdiň ýanynda seni garawullamagy göz öňünde tutdum — jaýyň içine girip bolanok, lifte barýan ýoly göwüslek, aýal jynsly konsýerž goraýardy, — emma bu niýetden pikirlenip boýun gaçyrdym, sen ýeke gelmersiň, başga men ýaly ýazuw sungatynyň tejribesini geçýän erkek jandar bilen gelersiň diýip gorkdum.

Edil çagalaryň özüne çekýän islendik biderek zady agzynlaryna alyşlary ýaly, sen hem meni datmak üçin öz öýüňe äkitdiň — kitap dükanyndan alyp gaýtdyň.Ol ýerde men özüme göwnüm ýetip we gorky bilen özümiň nobatdaky kagyz dölüm bilen tanyşdyrýardym.

Men şonda Moskwa ýaňy gelipdim. Özüm gazanç etmek üçin diýip hasap edýärdim. Ilkinji noýabr sowuklary işi howa hadysasyna öwürdi: agymtyl we aýaklaryň astynda buz bolup hütürdeýän gazançlar ýeňil aýaza öwrüldi.

Öýsüz, men üç gün neşirýatyň ofisinde ýaşadym, soňra bolsa “Týoplyý Stan” diýen metronyň ýanynda garyp burçy kireýine aldym — goşa at basym şekere basylan kakadylan miwelere, orta aziýanyň migrant geografiýasyna ýelmeşýär: özbegistan, gygyzstan, týoplyýstan...

Pes boýly, gyzjagaz ýaly, gödekleşen öý eýesi menden otag üçin sekiz müňi sogrup aldy. Onda gapy ýokdy, oňa derek aýrylyp goýulýan tuty sallanyp durdy, aýna bolsa tozan basan, äpet binte meňzeýän gardina tutulypdyr. Hat ýazylýan stol ýokdy, ilkibaşda men noutbugy aýnanyň öňünde goýýardym, gyşarylyp, gapdallaýyn ýerleşdim. Soňurak mebel stenka geçdim. Diwarlygyň gapylarynyň biri köşk köprüsi ýaly, gorizontal aşak açylýardy. Men ony stola derek ulanylar ýaly etdim. Ol, gapy, inçeräkdi, onda diňe noutbuk ýerleşýärdi, syçan üçin bolsa ýer hem galmady diýen ýalydy, tagaşyksyz hereketde men syçany tirsegim bilen zyňyp goýberýärdim, ol bolsa edil dardan asylan adam ýaly ýüpde urunyp durýardy.

Sary, margarin öwüşginli diwarda diwanyň ýokarsynda üç sany ýalaňaç çüý çy­kyp durdy — ýasy, edil gaşsyz papagyň deňtaraply üçburçlugynyň depesi ýaly, — haçan-da bir wagt kartina ýa-da surat saklan bolmaly. Yşly aýnadan şemal girýärdi. Men ony petiklän hem boldum, emma aýna barybir mentol ysly aýazy syzdyrýardy.

Mende şol bada diýen ýaly ýazuw iş ýüze çykdy, on bäş müň rubla men aýda bir gezek çykýan žurnala kolonka düzýärdim. Men ony birnäçe günüň dowamynda etdim, çaltja muştrirledim we sözleri tertibe saldym, glýans kolonkany topladym we redaktoryň öldürmegine taýýarladym. Galan wagt täze kitabyň üstünde oturýardym. Dynç günlerini bolsa men seniň bilen geçirdim. Ine şeýdip dört aý yzygider.

Sen bizi Sekizinji martyň öň ýanynda gutardyň. Žurnaldan çala tanyşlaryň haýsydyr biri biperwaýlyk bilen degişdi (ökünýärin, men hemme kişä we her bir adama senden arz etdim, büs-bütin aklymdan azaşdym) aýtdy: “Ajaýyp jora. Saňa mart prezentine çykdajy etmek gerek däl”, — şeýle diýdi maňa, men güýçsüz ýyl­gyrdym çala tanyş samsyga, ýürek bolsa, edil agyrýan diş ýaly bolup sançýardy.

Men birhili tapdan düşdüm we boşadym, meniň döşüm mart şemalyna gymyldaýan we polietilen boşluk bilen kakýan ýaly bolup göründi. Ýöreýşime-de bir zat boldy, men dikgermämi goýdum, meniň başym aýlanýardy, edil gopan afişa ýaly, men edil çagany ýitiren eneke ýaly galpyldap, töweregime seredýärdim...

Şeýle bir başagaý, ynjalyksyz boldum. Islendik duýdansyz — hat-da ses hem däl — hereketden tisginýärdim. Bir gezek oturgyçdan meniň balagym ýere gaçdy. Bu sessiz diýen ýaly, emma duýdandyz hereket ýüregimi pitikläp goýberen ýaly boldy.

Meniň üstüme, ýaralanan haýwan, bir pursatda tebigy hadysalar we şäher tokaýynyň sanitarlary ýöriş etdiler. Redaktor, mende döredijilik inwalidini duýup, ilkinji gezek meniň rekrutlarymyň kolonnasyny aňryk kowdy — kolonka gabat gelmedi. Gaýtadap göçürdim nälet siňeni — ýene bolmady — al saňa! al! Aldatdy, göz ýaşa çenli neşirýatçy ynsapsyz ýalan sözledi — al! al! Öý bikesi tuty üçin tölegi on müňe çenli galdyrdy — ýaranokmy? Ine hudaý, hana bolsa bosaga!..

Umumy pasternakyňky ýaly azar bermä meniň başga şäherdäki aýalym hem goşuldy— şol, kimiň hatyrasyna (kim üçin?) men aýaza gaýdypdym. Jaň etdi. Bilemok, nähili duýgy bilen düşünipdir, depelemek we üstüni ýetirmegiň gerekdigini: — Näletkerde! Sen bizi taşladyň! — şeýle äheňde ol meniň bilen heniz gepleşmändi. Onuň ýanynda bolsa, men eşitdim, aglaýardy we meniň ýürekdeş çagamyň göresi gelýärdi, meniň kiçijek oguljygym, hem haýyş edýärdi: — Eje, eje, gygyrma kakama!

Ýadyma düşenok, näme diýenim, garşy çykdym öýdýän: — Men Moskwada keýpi-sapa çekemok, seniň diýşiň ýaly, samsyjak, ýöne işleýärin!

Aýalym agy gatyşykly dat-perýat bilen tamamlady: — Sen bir ölseňdiň, haramzada!..

Men düýbünden gaty görmedim. Sögünç öňki manysyny ýitiripdir. Bolamda näme, haramzada. Şeýle üstünlik bilen meniň ýarym maňa, mysal üçin, derwezeçi diýip hem sögüp bilerdi: — Sen bir ölseňdiň, derwezeçi!

Ikinji hepdäniň ahyrynda seniň ýoklugyň demalyşdamar alada bolmagyny bes etdi. Gaýgy süňklere geçdi. Hamala her biriniň içinden sypjyk sim geçirilen ýaly bolup, gapyrgalar syrkyrap ýürege düşýärdiler. Uklamak üçin men walokordini— garry aýallaryň narpyzly dermany köp içýärdim. Ol iki sagatlyk irkilmäge kömek edýärdi. Her säher gyzgyn galma bilen başlanýar — meni edil ýanýan spirt tokgasy bilen togalaýanlar ýaly bolýardy, men hem özümi ukudan oýanmadyk ýaly duýýardym, ýeke-täk pikir bilen köräp ýanýardym: gitdi meniň agymtyl sary saçlym, meniň Merline meňzeşim...

Ilkibada men seniň garşyňa alkogoly goýjak boldum. Saglyk maňa bu ýuwaş tesellä rugsat bermedi. On iki barmakdaky ýara özüniň apostol sany bilen maňa garşy çakdylar. Ertirlerine sary gaýnama meniň aşgazanymda inkwizitor oduny tutaşdyr­ýardy we men edil ýanyjy kömürleri gaýtarýan ýaly bolýardym.

Seni göresim gelmekden ýaňa bolýan, edil türmäniň diwary ýaly, birmeňzeş gaýgy sebäpli, men işlemek ukybymy ýitirdim.

Birwagtky meniň çalasyn barmaklarym berýoza-karel sözlerini işläp taýýarlamagy, ýonup ýasamagy ýatlaryndan çykardylar — tokar omyn boldy. Meniň kolonkamy konfiskasiýa etdiler.

Bu şeýtan urmada we akyl dargamasynda bir aý geçdi. Söňra bolsa men seni döwük ýaly edip aýyrmaga başladym. Öňki smsleri pozdum, noutbukdan suratlary aýyrdym. Maňa derek biri tapylmadymyka diýip okaýan, her sagatda seniň žurna­lyňa edýän ekskursiýalarymy goýbolsun etdim

Sen meniň bilimi bükdüň, aýaksyz goýduň. Ýöne protez geýmegiň, «Kalinka» tansyny etmegiň, kolonka gözlemegiň pursady geldi.

Ilkibada otagy ýygnaşdyrmakçy boldum, öý bikesiniň tozan sorujysyny aldym. Bir asyrlyk diwanyň aňyrsynda tozan gatlaklarynyň içinde öňki ýaşaýjydan galan ýigrenji artefakt tapyldy — görülmedik syýa reňkli ulanylan prezerwatiw, sekizaýagyň goparylan aýaklaryna meňzeş. Rezin maslygy ýuwudýança tozan sorujy, edil at ýaly, harlaýardy.

Emma ýene-de seniň agymtyl sary saçly pu-pupidediňde dünýä gapyşan ýaly etmek gerekmikä? Men ýene kitabyň başynda oturdym we Mariýa hakynda plan düzüp başladym.

Sen ony görüpdiň. Ýadyňa düşýärmi Maşa? Ýürek awadyjy utanjaň garantgy gugl­dan, meniň poçtamda hat bilen çykdy, haçan-da biz seniň bilen tutaşan wagtymyzdy.

Boýun alýaryn, seniň ynjyklygyň çydar ýaly däl. Teatr sahnasyny — ne dramany, ne operany — kabul etmeýärdiň. Kino soýeňokdyň. Hiç zada şatlanmaýardyň.

Diňe kagyzda dogry goýlan sözlere. Seni nähilidir bir gödek azap berýän sirk gy­zyklandyryp bilýärdi. Arenasynda tagaşyksyz kiçijek adamyň kemsidilýän bolsa. Sen öňünden netije çykardyň, bu Maşa owadan däl. Biz göze görünmeýäniň üstünden hezil edip gülüşdik. Ol, görýäňmi meniň meýlimi tapyp, goşgy ugradypdyr. Şeýle gülkünç ýazypdyr: “Salam, ametistli. Men size hormat goýýan okyjy. Näme diýmegi aňladýar — käwagt okaýaryn we hormat goýýaryn. Meniň ýakymlym, maňa siziň pikiriňiz gerek...”

Sen bu ýarym gymmatly ametistli öwgüleriniň we Maşanyň wirşileriniň üstünden güldüň üstünden güldüň — ýürege düşgünçdiler, edil şamanyň depregi ýaly köp basymlydylar, agyr metaforalardan doludylar.

Maşa tebigat görnüşlerini: asman şamçyraglaryny ýagynlar bilen, gök ösümlikleri keýp bilen kapyýalaşdyrypdyr:

Beton korset ýeriň ýüzün gysýar gujakda.
Asfalt ýoly bezäp ýatyr haýy gaçan ýapraklar,
Gijeki ýagýan ýagyşyň ýagtysy gaçýar ýaşda,
Podýezdler-de sowuk, gorkunç bitirmäge hajatlar.


Gury ildirgiçjikli gabanjaň agaçlar
Ünsli hem gaharly biri-birin ýaralaýar,
Diňe bulutlaryň gujaklan aýy bolsa,
Olara ýalta we sowuk nazaryn atýar...


“...ajaýyp gün, sen häzirem irkildiňmi ajaýyp dostum!” — sen edil garga ýaly, hahaýlap güldüň. Men seniň yzyňdan gaýtaladym. Begendim — düşündim, seni näme bilen güldürip boljagyna. Sen lirikany düýbünden halamaýardyň. Meniň özüm hem seniň gülküň bihaýa tebigatyna ýaranjak bolup goşgy ýazmaga başladym.

Aýnaň aňyrsynda ýagýar garjagaz, garjagaz,
Men seni öldürdim we ýakdym.


Samsyklaç horeý on ikinji şanel bilen Sekizinji marta barýardy — emma sen sowgada çenli galmadyň.

Maşa men şonda jogap beripdim. Gurak görnüşde öwüpdim. Ol ruhlandy. Täze goşgularyny iberdi: “Budilnik jyňňyrdysy bilen sepýär, uky bolsa dumanlary bilen titreýär”.

Men dymdym, Maşa hem salykatly arakesme saldy. Dekabrda, biziň ugrumyzyň ortalygynda diýen ýaly, sen ilkinji taýynlygy geçirdiň — iki gün ýitdiň, söňra bolsa geldiň, belki, meniň entek eldeki bolmandygyma, meniň ýeke özümiň bolmajakdygyma, gan gusmajagyma düşünen bolsaň gerek.

Maşa meni Täze ýyl bilen gutlady. Aýlawly we gülkünç: “Lazuritli! Size hökman saglyk we bagt arzuw ederler. Men Siziň meni gutlaglaryň çemeninde ýatda saklamagyňyzy isleýärin. Şonuň üçinem arzuw edýärin: goý indiki ýylda çypar jojuk potologa ýelmeşsin! Biliň — baýramçylykda men düýbünden ýeke, gyrkylan, edil gany gaçan kiçijek gersog ýaly, hem mors içýärin”.

Men jogap berdim: “Goý çypar ýelmeşsin”, — karamazowyňky ýaly, nejis garrylyk dümtünmesini, zyna lezzetini aşa söýýän barmaklaryň şöwketparaz möý hereketini duýup — ine näme mende kiçijek gersog näme döretdi: ýalňyzlyk, gorag­syzlyk, syrylan gasygynyň ýapyşagan gany gaçanlygy we morsuň gyzyl çalaja sy­rygýan damjasy. Pikirlensene, görünmeýän Maşa bir minutlyk meni azdyrdy. Emma men saňa örän güýçli aşykdym, gugolly muşdak zenan bolsa ýöne meniň hyýaly­myň şowly göwnüni tapdy.

Ol soň hem maňa käwagt habarjyklar iberýärdi. Şeýleleriň biri eýýäm sen meniň ýanymda ýok wagtyň geldi: “Karo mio, Sizi örän alada edýärin. Erbet zat bolan däldirle? Has anygragy hor? Meniň özüm hor, emma horjalary halamok...”

Men Maşa maňa teselli üçin iberilen diýip ynandym.

Basym düýpli syr-süpürden soň (meniň, meniň günäm, syýa gondonda men eýmenç alamat görmedim!) gersoga duşuşyk belledim. Ýazdym: “Maşa, biz siz bilen ýarym ýyla golaý tanyş. Geliň görüşeliň». Kaşaňlyk üçin men bu köplük sandaky “sizi” sakladym, geljek üçin aýadym: “Maşenka, rugsat beriň, Maşenka, çykaryň, Maşenka, süýşüriň...”

Merkezde, Puşkiniň ýadygärliginiň ýanynda duşuşmagy dilleşdik. Öňýanynda gar eräpdi, öl bolan aprel ähli ýerden eňýän toprak sebäpli gara bolup görünýärdi. Otly iýmleriň we çyg sürlen ýeriň ysy gelýärdi — güýçli oba hojalyk yslary. Gün täzeden gyzdyrmagy öwrenýärdi, emma ynamsyz, geň, hamala ol ýerde, bu ýerde ýyly barmaklary bilen elleşdirýän ýalydy.

Men garaşdym. Maşa gijä galýardy. Men bürünç duşuşdyryjynyň daşyndan aýlandym, seni gözläp, meniň ezizim, — berk diýen ýaly ynamym bardy, Maşa hamala seniň gowy görnüşiň bolmaly ýalydy.

On bäşinji minutda jaň etmekçi boldum. Maşa öňünden maňa öz telefon nomerini iberipdi — ýadyma düşýär, ol meni gyýajyklary bilen meni agyrdyp dişläpdi: soňky iki sany dörlükdi. Göz öňüne getirýärmiň, ezizim, Maşanyň nomeri, edil seniňki ýaly, syrtaryp duran ýylan äňlidi.

Maşa jogap berdi: “Men eýýäm geldim, emma häzir sizi tapamok”, — telefonda Maşanyň sesi bilen bilelikde tweriň gykylygy hem geldi. Maşyn signal berýärdi, we men trubkada signal gudogynyň taýyny eşitdim. Maşa edil ýanymdady. Bu ýerde hem men Maşany gördüm...

Beýle däl. Men ony gördüm, ýöne bu Maşadyr diýip, hatda pikir hem etmedim. Men gözüm bilen agtarýardym, emma ol meniň bilen gürleşmäge başlady: — Bu men, lazuritli...

Gyňyr ýylgyrdy, men hem düşündim, Maşa eýýäm meniň aljyraňňylygym üçin, meniň erkek gorkym üçin meni ýigrenýär. Nirede-de bir ýerde şahalarda garga gorkunç hahahaýlap güldi.

Eger Maşanyň dişleri taýms nýu roman kegl on ikide bolsa, iki alyn dişi on sekizlik werdanada ýazypdyr diýip göz öňüne getirmeli. Maşanyň dişleriniň ýanynda küýküniň jynsa dahylsyz ýüzi — meniň birwagtky kagyz fantaziýamdaky jyn. Ol skripka çalýana, prowinsiýaly Başmetiňki ýaly — egnine düşýän seýrek ýagly kare saçly maýyp oglanjyga meňzeýärdi. Ýokarky dodagy. Edil gusar balladasy ýaly: ma-ňa-iý-ýär-ler-murt-suz-ýet-gin-jek, e-sas-syz-diý-ýär-ler! Düwürtükli, edil burç sepilen ýaly burun. Gyzaran, tozgalap duran maňlaý. Uçuklan dodaklary, hakykatdan hem Maşa, gorkak üçlükçi ýaly, tagtada hek iýen ýalydy. Çykan ýokary galyp duran eginleri — ýadyňa düşýärmi, men saňa düzüpdim: “Çykan egni garyp aňtawçynyň...”

Men ýabanynyň reaksiýasyna ýakyndym — ýeňlerimi silkeläp, gygyrmaga:

— Bu nähili samsyk degişmeler? Hany hakyky Maşa?!

— Salam, Maşa, ine görüşdik hem, — samyrdadym men. — Ýörüň kofe içeliň.

Maňa başga näme etmek galýar? Men,elbetde, Maşanyň elinden hem, goltugyndan hem tutmadym, gapdalymdan entirekläp zordan ýöräp barýardy.

— Maşa, ýagdaýlar nähili? — Men gaňrylyp seretdim. Ol edil bilgeşleýin yza galan ýalydy, maňa ony kellesinden aýagyna çenli gowy synlamagym üçin. Howa, elbetde, hemmesi beýle erbet hem däldi. Adaty betnyşan deň-duş zenanyň — biraz ulurak bolmagy ahmal. Sada, garyp geýnen diýen ýaly — kapýuşonly sowuga çydamsyz dyza çenli gök per kurtka, aşakda — jinsi balak we öl geçirmeýän ädik.

— Ýagdaýlar? Ajaýyp, meniň lazutirlim. Men göni ýasdan...

— Ah, Maşa, siz näme üçin aýtmadyňyz, bu gün duşuşyk üçin oňaýsyz gün diýip? Biz başga güne geçirerdik. Betbagtlyk siziň maşgalaňyzda däldir-dä, diýip umyt edýärin?

— Umyt hem etmäň, karo mio! — Maşanyň gözleri ýyldyrady. — Meniň erkek doganym ýogaldy, — ol meniň aljyraňňylygymdan doly lezzet alýardy.

— Maşa, men gynanç bildirýärin...

— Maňa on bäş ýyl mundan ozal gynanç bildirmelidiňiz, haçanda ol meni zorlan wagty, — Maşa ar alýan sarymtyl şriftleri bilen syrtardy. — Emma men ugratman bilmedim, siz düşünýäňizmi? — ýene-de içiňden geçip barýan gytak nazar.

Eý, Hudaý! Gaçmaly, edil Mizger ýaly, ýok bolup gaçmaly...

Men Maşany Kofe-Haosa zordan eltdim — sebäbi şeýle düzgün.

Annanyň ýaş agşamy ähli stoljyklar eýelenipdir. Çilim çekýänleriň tarapynda ýer tapyldy. Biz şadyýan we samsyk, edil ýolka oýnawaçlary ýaly, adamlaryň arasynda oturdyk.

Men menýuny açyp agdarýardym, Maşa ýüz-gözüni oýnatýardy — hamala, söweşiň öňünden maňlaýyny we ýaňaklaryny ýazynýan ýalydy. Men bize Maşanyň gaýgy-hasratyna sazlaşykly kapuçino hödür etdim.

— Iki orta! — men Haosyň hyzmatkär zenanyndan haýyş etdim.

Gürrüň alyşanokdy. Maşa, agzyny dandaýjy towuk türresi ýaly edip çommaldyp, edil guýrugyň bir bölegi ýaly edip, ony ähli tarapa towlaýardy.

Soňra aýtdy:

— Nebsim agyrýar, lazuritli. Biz siz bilen birinji we soňky gezek görüşýäris. Siz indi gelmersiňiz...

Ony şeýle bir ejir bilen aýtdy. Men oňa garşy çykyp biljekmi, ezizim? Onuň aýd­ýany dogrudy. Ýalandan — “Goýsana, siz näme diýýärsiňiz, Maşa, biz siz bilen ýene köp-köp gezek duşuşarys”, — diýmelidim, sargyt halas etdi.

Maşa towuk türresini kapuçino çümdürdi, duýdansyz ýogalan doganyny gaýdyp getirdi: — Siz Alberti ýazgarmaň, karo mio. Geliň, men size ony görkezeýin...

Maşa ýakasyna elini sokdy — açyk kurkasynyň aşagyndan penjejiginiň ýakasynyň epini göründi — ýasy gön portmone görnüşindäki bir zady çykardy, üç-dörtlük fotografiýa bölejigini aldy. Suratdan gözi peträp duran bazedow keselli, çala Maşa meňzeýän başmet seredýärdi.

— Ol menden üç ýaş uludy. Matematika täsin zehini bardy. Emma gullukdan gutaran şizofrenik bolup gaýdyp geldi. Ony ol ýerde zorlapdyrlar, lazuritlim. Ol özüne kast etjek bolup synanyşypdyr, netijede bolsa meni biabraý etdi. Ejem bilende, tas ölüpdi. Biz hiç ýere aýtmadyk — bar hapany içerde goýduk. Ýöne men onuň günäsini geçdim!..

Maşa has gaty sesli gürleýärdi. Onuň gaýratly gürrüňiniň goňşy stoljykda hem eşidilen bolmagy ahmal.

Maşa agzy bilen çaşka, edil girdaba diýen ýaly, okduryldy, dodagynda goýy kofe üpüri bilen çykdy.

— Ol aşgazan asty mäziň düwün keselinden ýogaldy. Ol oňa içirilen erbet dermanlar sebäpli boldy. Ol örän erbet semredi, onuň ähli saçlary düşdi...

Ýakyn stoluň başyndan aýtdylar: — Murtlaryny, edil... tilkiniňki ýaly! — ýaş sesler hahahaýlap gülüşdiler.

Maşa näme üçindir “tilkini” özüne çekdi. Ol murtluja dodagyny süpürdi-de, kapuçinony alyp, duşmana tarap gitdi. Men heniz hiç zada düşünmänkäm, Maşa eýýäm, örän erbet ümlügi gaty gygyryp aýdyp, gödekleriň üstüne sepdi. Men gelşiksiz ýagdaýdan doňup galdym.

Ezizim — hem gülki hem günä. Çemçeler we mejimejikler şakyrdaşdy. Iki oturgyç agdaryldy. Zyýan çeken — ak koftaly gülegen gyz — edil döşüne ok atylan ýaly bolup, gözlerini petredip we ellerini somaldyp otyrdy. Onuň goňşusy diýýärdi:

— Olýa-a! Oli-i-çka-a! — we salfetka bilen kapuçinoly ýaralary aýyrýardy. Maşa, Týutçewiň Gebasyna meňzäp, boş ýyldyrym gaýnagly çaşkasyny silkeleýärdi. Ýaralanan gyzyň dostjagazy balagyny kakyşdyrýardy. Ilki dili tutulan ähli çilim çekýän rezerwasiýa galmagal edin başlady: bu näme, nähili erbetlik? Kofe we Haosyň hyzmat edýän işgärleri eýýäm derbi-dagynlyk tarapa gyssanyp barýardylar. Üsti hapalanan dostjagaz Maşa tarap ýörejek boldy — onuň ýaýdanýan ýüzi “jezalandyrmak bolanok günäsini geçmek” diýmegi aňladýardy. Birden ýeňilýäniň tarapdary togtady: Maşa kellesini, edil sapan ýaly edip, aýlaýardy. Agzyny çala açdy we agdaryldy. Polda titräp başlady, agzyndan goýy däl tüýkülik görnüp başlady, hamala Maşa içilen köpürjekli kapuçinonany erkenlige goýberýän ýalydy. Kimdir biri tiz kömegi çagyrmaly, Maşa dilini dişlemez ýaly dyky ýasamaly diýip gygyrdy.

Men munuň hakyky tutgaýdygyna ýa-da garaguş keselli bolan bolmakdygyna-da düşünmedim. Maşa ähli ýüregi ýukalaryň edenlerini kabul etdi, diýen edijilik bilen ýüp ýaly işilen salfetkadan edilen agyzzyrygy dişledi. Ýene birnäçe minut sandyrap, ol edil it ýaly silkindi, çalt turdy we maňa özüniň tüňňe maňlaýy bilen ýüzlendi: — Lazurritli! Meni öýe äkidiň...

Men ýolda aziýaly çarwadary duruzdym, eýdip-beýdip Maşany maşyna dykdym, eline bäş ýüz publ gysdyrdym. Ol ýapyşýardy, trotuara gaçjak bolup synanyşýardy, ellerini uzadýardy: — Gitmäň! Bagyşlaň!..

— Mähribanym, siz hiç hili günakär däl!.. — Maşany aňyrragyna dykyp, sürüjini gyssadym: — Ýöräň ahyry, gümüňizi çekiň!

Gitdi, äkitdi. Ezizim, şol gije men seni ýatlamadym. Men Maşadan gerk-gäbe bolupdym.

Ol iki sagatdan soň jaň etdi. Men köçäni eşitdim. Maşa aziýaly zorlajak boldy gaty gygyrýardy, bäş ýüz rubly y elinden alypdyr we köçede taşlapdyr — onuň pers-ala bolup ölmegi ahmaldy, emma diri galdy, fiziki taýýarlygy — Pionerler öýündäki figurnaýa kataniýanyň iki ýyly kömek etdi — ýygrylyp ýetişipdir we gapdallaýyn ýere düşüpdir.

Men: — Maşa, hökman milisiýa ýüz tutmaly — diýdim.

— Hiç kim ony gözlemez, — diýip, Maşa jogap berdi. Gamlandy: — Men bu gün sizi gorkuzdym, meniň süýjüjäm, men alada baryny berýän... Ýöne siz maňa jaň etmäge rugsat beriň?

— Elbetde, Maşa...

Hudaýyň beren her güni! Onuň mobilniginde, sagatlap gepleşmäge mümkinçilik berýän, haýsydyr bir jellat tarif goýlupdyr. Ol çägi bilenokdy. Üstüne buky ýerden topulýan ýaly bolup, duşuşyklary belleýärdi: — Soňra lawr ýapragyny, imbir we gyzyl burç goşýardy... Karo mio, myhmançylyga gelsenizläň, men size hezzet-hormat edeýin...

Men ähli güýjümi sarp edip boýun gaçyrmak üçin bahana gözleýärdim: hamyt bagy üzüldi, arabakeş güýçsüz bolup çykdy...

— Ertiriň haýyrly, meniň süýjüjäm! Oýandyňyzmy? Men siziň meni tansa çagyrmagyňyzy isleýärin... — Maşa jakgyldap, gulak perdelerine kakyp, gülýärdi. — Size hiç zat etmek gerek däl, karo mio. Eşitýäňizmi sazy?..

Bum-sa-sa, bum-sa-sa, bum-sa-sa.

— Eşidýärin, Maşa...

— Ştraus! Ol jadyly. Hany, eliňizi beriň — ine şu ýere, bile we aýlaň meni...

Mundan akylyňdan azaşmak mümkindi. Emma men razylaşdym. Biz hepdede üç gezekden az tans etmeýärdik. Mazurka, polka, krakowýak, tango...

Häzir letke-ýenkede “bökmek-çapmak, irden otluk”, men garşy çykýardym:

— Maşa, men ýadadym siziň tanslaryňyzdan. Hudaýyň hatyrasyna, işlemäge goýuň!

Ol gaty gördi we bir hepde diýen ýaly görünmedi. Ezizim, men asuda pikir etdim, onuň öýkelekligine dogry baha bermändirin.

Jaň. Trubka sesli dem alyp başlady we möňňürýärdi: — Lazuritli, betbagtçylyk! Men size gürrüň beripdim, meniň gyzym bar diýip...

— Howa, Maşa...

— Gyzym Eleonora. Ol on bäş ýaşynda. Meniň öňki graždan adamym Ýura, fizik-teoretik, ol sekiz ýyl mundan ozal ylymdan gaýtdy, biznes bilen meşgullanyp başlady, Argentina optowolokno kabel satýardy. Olaryň arkasynda çeçenler durýardy. Indi bolsa belli boldy, Ýura olara köp bergi edipdir, olar hem Eleonorany ogurladylar! Olar maňa jaň etdiler, pul talap etdiler. Ýura bolsa ýitdi!..

Lezginka başlandy. Çeçenler bilen üýtgeşik hereketleri etdi.

— Emma men size näme kömek edip biljek, Maşa?!

— Gürleşiň olar bilen!..

— Kim bilen?

— Meniň Elenoramy ogurlanlar bilen!

— Maşa, men çeçenler bilen gepleşip bilemok. Men olara näme aýdaýyn?!

— Gorkuzyň...

Oňa derek men kyrk minut Maşany köşeşdirmeli boldum. Köşeşmeýäni köşeşdirmek — agyr iş.

Men Maşanyň Argentina we aýna süými baradaky biderek ekzotikasyna üýtgeşik ynanmadym, ýogsada hemme zat bolup biler...

Irden meni möňňürip aglama oýatdy:

— Lazuritli... Bagyşlaň. Men size hemme hakykaty aýtmadym. Eleonora... Ol Ýuranyň gyzy däl. Onuň hakyky kakasy — meniň merhum doganym Albert!..

Biri birinden beter... Halas et we gora...

— Men şonda göwreli boldum... Ýura bu barada güman hem etmedi. Çeçenliler hem bilenoklar, olar Eleonora — Ýuranyň gyzy diýip pikir edýärler. eger çeçenlilere hakykaty aýtsaň, näme bolarka?! Belki olar Eleonorany gaýdyp bererler? Olara özüňiz aýdyň, siz başararsyňyz, men size ynanýaryn! Size jaň etmek gymmat bolmagy ahmal? Men siziň telefonyňyzy bereýin!..

— Maşa, sizden haýyş edýärin, meniň telefonymy hiç hili çeçenlilere bermäň!..

Men diwandan turdum. Uky el bilen aýrylan ýaly boldy. Uzakda strelesiň biderek gürrüňlerindäki dar agaçlara meňzeş, ýük göterýän kranlar görünýärdi.

Maşa günortan jaň etdi.

Tolgunyp dem alyp:

— Lazuritli! Men hemme zady düzetdim. Kwartirany satmakçy bolýaryn. Meniň size bir haýyşym bar — makler tapmaga kömek ediň! Men aldanmakdan gorkýaryn!

— Maşa, mähribanym, ýöne meniň tanyş rieltorlarym ýok! Internetde doly dürli firmalar — serediň...

Men jaňlara jogap bermegimi goýdum. Sms iberdim: Men roumingde» diýip. Maşa telefon hata başlady: «lazuritli, meniň sizi erbet göresim gelýär!”, “Siz haçan gaý­dyp gelýärsiňiz? Maslahatlaşmak gerek”, “Siziň genial barmaklaryňyzyň ýassyjakla­ryny öpýärin”, “Maňa kwartira üçin şweýsar franklary bilen hasaplaşmagy teklip etdiler. Razylaşmalymy?”

Maşa edil derman içilişi ýaly — günde dört gezek regulýar bolýardy.

Her gün Maşadan täzelik getirýärdi. Emma tiz wagtda oýun ederlik däl drama boldy.

“Eleonorany öldürdiler!”, dört sagat geçirip ýene-de: “Çalt jaň ediň, bolmasa ýürek ýarylar!”

Meniň inim titräp gitdi. Maşanyň sustupesligi şeýle uly bolmaly-da, eger ol öz ganjagazyny öldürmäge ýürek eden bolsa — Eleonora Albertownany, Ýalan Ýurýewnany.

Iki sagatdan ýene sms aldym: “Salam. Bu Maşananyň uýasy — Waleriýa. Men Size onuň telefonyndan ýazýaryn. Maşa birinji şäher hassahanasynda, ýagdaýy agyr”. Başga poçerk, ýat intonasiýa. Şadyýan Maşa däl, adaty, edil greçka ýarmasy ýaly, Waleriýa.

Men baş bermedim. Ýumrugymy düwdüm-de, jogap bermedim.

Gündiz: “Bu ýene Waleriýa. Mariýa erbetleşýär. Örän çylşyrymly operasiýa bolmaly”.

Gün ýaşyp barýarka: “Operasiýa şowly bolmady. Ölüm howpunyň bolmagy ahmal. Waleriýa”.

Gije: “Mariýa koma gitdi. Hoşlaşmmaga geliň”.

Käwagt men awtorlyga ikirjeňlendim, meniň gözüme aýylganç doganoglan gyz, Maşanyň ölüm düşeginiň ýanynda wahtada duran, ýene bir başmet... göründe.

Gije sagar ikide meni gynançly habar, barmak bilen dürtüp goýben ýaly edip, oýatdy: “Mariýa ýogaldy”.

Güýçlendirilen dramaturgiýa terjibesiz we hyzuwly Maşany gabra saldy. Göwün awlamagyň estafetasyny kim aldyka? Be Wiktoriýamyka?

Irden geldi: “Maşa bilen hoşlaşyk ertir irden 11-de. Metro Perwomaýskaýa, 7-nji Parkowaýa köçesi, pylanynjy jaý, öý şeýle salga geliň. Geljekdigiňizi tassyklaň. Indi men Sizi bimaza etmerin. Waleriýa”.

Käwagt Maşanyň patasyna baryp, hemmesini uýasy Waleriýany, fizik Ýurany, çeçenlileri, Maşany çagşan tabytda Maşany görüp gaýdaýmalymy diýen pikir hem gelip gitdi...

Ýöne welin, bilýärdim, gitmejegimi: birinji maý salgysynyň bir wýorstyndan birinji apreliň jaýlama farsynyň ysy gelýärdi.

Ezizim, şol çylşyrymly minutlarda men senden özümiň öňki jaňlarym we hatla­rym, gaýdyp gel, gaýdyp gel we indi uruşma diýip külbike barmagymy egreldip uza­dyp utançsyz yzyňdan ylganym üçin ötünç soradym.

Men seni goýberdim, ezizim...

Gündiz laziritli sms geldi: “Meniň ölümim baradaky gepler ulaldylan. Başga Mariýa ýogaldy. Kakabaş gyz doganym Waleriýa, adatça bolşy ýaly, çalşypdyr, bagyşlaň ony. Umuman, ençeme zat bolup geçdi — geliň görüşeliňle! Siziň Maşaňyz”.