Toprakda sen uzak wagtlap bikär ýatdyň....

* * *

 Toprakda sen uzak wagtlap bikär ýatdyň,
boş, ahyry wagt hem geldi, — oýandyň
ukudan, gaýgyly kelläňi galdyrdyň,
az hereketli oňurgaňy ýazdyň,

 şatyrdap başlady, hütürdäp, oňurga —
dürli ýyldyrymlar, ýerdäkä gorkunç
gümürdedi, birden gedem gök titredi,
ýylmanak daş dek doly seçip iri,

 howadaka uçly süýri damjalara
öwrülýänler, meňzeşdi dänelere
gögermek isleýän, barybir olara
nädip gögermek: gök ot bolupmy ýa

 mele tokaý, bir gür agaç bolup ýene. —
Toprakda sen kän wagtlap bikär ýatdyň,
boş, ahyry wagt hem geldi, emma — ol ine,
seň ak ýürekden garaşanyň, wagtyň, —

 has gowusy uklamak, başagaýlygy
dannap, gaty, gozganman az ömrüňi,
tümlükde azaşandan kiçi ädimläp
büdür-südür ýer üstünde sermenip,

 käte päsgelçilige büdräp, gülüp şat,
edip ündew: “Hemme zat gowy, oňat!” —
şonuň üçin bilmän seň hakyky adyň,
diýýärler saňa derýa — söz akymy.